Berdi s ý
09.03.2020 12:22
Kösençlik we nygmat.

Agyry-ynjy, görgi çekmek elmydama ýazgarylýan, ýigrenilýän zat däldir, gaýta käteler bendäniň görgi görmeginde, kösenmeginde önuň üçin örän kän peýda bardyr. Kösençlik çekýän wagtyňyzda Hudaýa edýän gyzgyn dileg-dogalaryňyz
halys ýürekden çykýandyr. Dert-agyry bilen gurşalan wagtyňyz sydky-köňülden tesbihler aýdýansyňyz. Ylym gazanylýan möwsüminde talybyň gören kösençlikleri we gerdeninde göteren ýüki ugurtapyjy, başarjaň bir alymy hasyl edýär. Ilkibaşda kynçylyklar bilen ýanyp-bişen talyp, ahyrynda Gün deýin ýalbyrap dogýar, ýagtyylyk saçýar. Şahyryň durmuş ýolundaky örtenmeleri we başdan geçirmeleri täsirli hem-de maýyl ediji eserleri döretmegine esas bolýar. Çünki ol külpetleri kalby, süňňi bilen duýýar. Öz setirleri bilen ony özgeleriň ýüregine haşamlap, nagyş salýar – duýgular gozganýar, ýürekler gobsunýar. Ýazyjynyň başdan geçirmeleri, kösençlikleri nakyllaryň, şekilleriň, ýatlamalaryň arasyna siňip, ölmez-ýitmez we özüne çekiji eseriň döremegine getirýär.
Süýji, bol-telki, aladasyz durmuşda ýaşan, hiç hili kösençlik çekmedik, kynçylyklaryň neşterine awunmadyk, külpetler bilen ýygrylyp-ýazylmadyk talyp ýalta, ysgynsyz, ugursyz bolup galar. Agyry-ýezetiň nämedigini bilmeýän, durmuşyň ajysyny-turşusyny datmadyk şahyryň goşgulary bimany gürrüňleriň topbagy we köpürjik deýin sözleriň üýşmegidir. Sebäbi bu sözler, setirler olaryň wyždanyndan dömmedik, düşünjesinden syrygmadyk, kalbyna, süňňüne ornamadyk duýgulardyr. Ol diňe dil ujundan çykan şygyrlardyr.
11
284
Berdi s ý
9 Mart 2020
Minnetdar. ??? Myhmanlaram dbir wagt düşünerlerdä...
Ангел
9 Mart 2020
hemişe bolşy ýaly täsirli
Myhman Myhman
9 Mart 2020
Sahyr kop dp azaltjak bolyandrr???
Myhman Myhman
9 Mart 2020
Hawa şeýle şahyrlaram gabat gelŷâ ŷöne azam dallaii

Şahyrlara degýäñmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.