BaýramBejidow
26.08.2022 00:22
Hany nirde wepadarlyk?,
,,Söýgi" diýip öljekdiñiz,
Gara başy orta goýup,
Ony ikä böljekdiñiz.

Kasam içip yşk hakynda,
Kiçi dilden bäri gepläp,
Illäp-günläp toý etdiñiz,
Gazanjy, eklenji sepläp.

Oñuşmady gelin-gaýyn,
Ýa-da ýene bir bahana,
Meslik sizi sygdyrmady,
Hemme sygan, giñ jahana.

Gelin diýdi ,, meñki dogry",
Ýigit diýdi ,,señki ýalñyş",
Diñlemese kowmakçymyş,
Sebäp bir gezýäni barmyş.

Çaýkanyp dur bir maşgala,
Dowam nirde öñki söýgä,
Iñ bolmanda sylagam ýok,
Saz dañylan sary öýmäñ.

Ýalñyşmakdan gorkmadylar,
Pikirleniñ ömir bir-ä,
Durmuşy arka ýykdylar,
Isleg kän islege görä.

Hany nirde adamkärlik,
Käte bagty çiljekdiñiz,
Gara başy orta goýup,
,,Söýgi" diýip öljekdiñiz?!...

Awtory: Baýram Bejidow
23
129
BaýramBejidow
25.08.2022 01:12
Asman birigýänçä ol deñiz bilen,
Boş gepler köp bolar boş agyz bilen,
Käteler uçguram gök kagyz bilen,
Çözülýär diýmeseñ, hemme zat gowy.

Terje güller ýaly gunçasyn açyp,
Kä ondan birugsat özge leb guçup,
Arzuwlam wysalsyz gidende gaçyp,
Kemilýän diýmeseñ, hemme zat gowy.

Aýaklañ ardyndan ses gelýär assa,
Birisi gaýgyly, birisi gussa,
Birahat ýüregi döwür deý gyssap,
Eñilýär diýmeseñ, hemme zat gowy.

Geljegim ne halda ony bilmerin,
Her ýana uzaýar uzyn dillerem,
Ýatlamda geçmişiñ syrly günlerin,
Demigýän diýmeseñ, hemme zat gowy.

Agramly günäni atyp egnime,
Geldim bu ýollarda çapraz öwrüme,
Öñem köp külpetden ýadan göwnüme,
Degilýär diýmeseñ, hemme zat gowy.


Awtory: Baýram Bejidow
21
60
BaýramBejidow
24.08.2022 00:00
Aşypdyr añymdan añsyz,
Umytlarma uýmandyryn,
Artypdyr günälem sansyz,
Duýmandyryn, duýmandyryn.

Şatlygym gussa girewmi?,
Noşy azaldy iýenmiñ,
Tilkidigni gurt diýenmiñ,
Duýmandyryn, duýmandyryn.

Sahawata bolup şärik,
Gepi ýeñsäm, ýüzi bärik,
Edilipdir hilegärlik,
Duýmandyryn, duýmandyryn.

Jan-saglygyñ tagtdygyn,
Gymmat zadyñ wagtdygyn,
Sabryñ soñun bagtdygyn,
Duýmandyryn, duýmandyryn.

Janyksañ janyñ ýakýalar,
Sadamy? Gyýa bakýalar,
Täleýiñ terse çapýanyn,
Duýmandyryn, duýmandyryn.

Ýalanlardan doýandygym,
Bildi ykbal boýundygym,
Ýaşamagyñ oýundygyn,
Duýmandyryn, duýmandyryn...

Awtory: Baýram Bejidow

19
76
BaýramBejidow
23.08.2022 00:01
Bu nä beýle täsin düýş-kä,
Köçäñ ugry doly adam,
Birisi akyl satyp ýör,
Ýene biri bulgar-badam.

Alyjydan satyjy köp,
Eden söwdañ nagt ýaly,
Sorag etdim söwdagärden,
Agam satlyk bagt barmy.

Ýylgyrdy ol, maña garap,
Her dürli bar haýsy gerek?,
Ysaplysy, wepalysy,
Beýlekisi batyr ýürek.

Baha näçe, oñşuklymy,
Onsañ näden ynsaplysy?,
Açygy bar ýapygy bar,
Maña geregi gaplysy.

Gözden gaýyp boldy birden,
Düýşe erk edip bolýamy,
Gyzyklydy maña ýene,
Bärde nämeleñ bolýany.

Köçäñ ugry doly adam,
Bazar göçüp gelen ýaly,
Alñasaýar satyjylar,
Käşgä gaçyp gelen ýaly.

Men-menligi satýar biri,
Satylyp dur adamkärlik,
Alyjy az iki ýeke,
Satyjylar edýär känlik.

Geñ däl eken utanmasañ,
Gorkaklyk satyp dur şir-em
Menem satsam boljak eken,
Artyk umytlarmyñ birin...

Awtory: Baýram Bejidow
25
68
BaýramBejidow
22.08.2022 00:02
Algym ýok, bergim köp ýalançy dünýä,
Alanma bergili gitmesem razy,
Owalam ähli zat ýalan görünýär,
Ynama ikilik etmesem razy.

Diýmesem, dymanma düşünse dostum,
Ýalñyşym aýtsalar sözlesem rastym,
Şatlygym gussamdan gelende asgyn,
Umydym ýitirmän geplesem razy.

Bahyl däl, begendim galynsa biri,
Göwünim ýukarak, ynsabym iri,
Atygsan nebisim çagyrsa nirik,
Gol berip, yzyndan itmesem razy.

Örüklän örkümiñ tanapyn kertiñ-,
-Düzgünsiz ýerlerden gözlesem tertip,
Şunça azabymy ş:or ýere serpip,
Tanalman, bihuda ýitmesem razy.

Awtory: Baýram Bejidow
17
83
BaýramBejidow
21.08.2022 00:06
Käte bukýan didelermi,
Gör nämeler edilip ýör,
Atyz ýaly boş añlara,
Pak däneler sepilip ýör.

Kalp ilteşse göz bilen,
Ýara em etmäñ köz bilen,
Asly ýalan, hoş söz bilen,
Ençe dyzlar epilip ýör.

Gün dogar, aýlanar heññam,
Ölüm, herne deñlik hemmä,
,,Ynanmaly" diýýäs, emma,
Ynam top deý depilip ýör.

Makiýajy çalyp tene,
,,Haý" diýenok gyza ene,
Bu gün señki, ertir ýene,
Başga birin tapynyp ýör.

Günäni iltäp egnine,
Hile öwrüldi endige,
Käbirleri men-menligin,
Doga edip dakynyp ýör.

Ynsap, galatly ýollarda,
Päklik daraldy jalbarda,
Bilmen ynsan ne hallarda,
Haýsy ugra akylyp ýör?.

Çüýläp içde müñ hiläni,
Gördüm ,,dost" sözi diýýäni,
Dostluk mukaddes diýýäñmi?!,
O diýýäniñ satylyp ýör...

Awtory:Baýram Bejidow
17
112
BaýramBejidow
20.08.2022 00:04
Ömür geçýär, sekuntlara seplenip,
Ýaralarma em gözledim gijeden,
Kagyz ýaly ikä bölüp, eplenip,
Çeker ýaly täleý bize bije däl.

Ýo düşünýän, başyñ salsañ ejizlik,
Ýalan dünýäñ gurluşyna düşme ýok,
Gaýta senden kem agtarýar kemterler,
Öz aýbyny açýanyna düşnenok.

Gol gowşuryp synlaýarsyñ durmuşy,
Añy ýeten añsadyna garaýar,
Kysmatyna kaýyl ýüpek gurçugy,
P:ilesini diñe özi saraýar.

A biz bolsa dalda gözläp her ýandan,
Ynanýarys añyrsy boş kasama,
Sadadanmy, kadadanmy?, Bilemok,
Hakykatdan üstün gelýär ýasama.

Ynanmarsyñ, käte käbir dertlerde,
Girelge bar çykalgasy ýok ýaly,
Sabyr edýäñ umydyña ýapyşyp,
Gussalaryñ owurdyñda ö:t ýaly.

Onsañ şeýdip boş hyýala berilýäñ,
Süýji geljek hakda edýärsiñ pikir,
Muzdyn agtap ýa-da tanyş görülmän,
Arzuw etmekligiñ mugtlygna şükür...

Awtory: Baýram Bejidow
33
197
BaýramBejidow
19.08.2022 00:20
Siñip dur topraga säheriñ çygy,
Gijede gizlenen güneş nur seçýär,
Hemme zat ýerbe-ýer, öñki-öñkülik,
Şonda-da käteler umydym öçýär.

Oýun edip diýýär herkim diýjegin,
Çynyñ bilen gepleseñem haýry ýok,
Manysyz dünýäde ruhym hassa,
Derman-däri gussalarmy aýranok.

Peýdasy ýok, zyýany bir degmesin,
Ýakynsyrap ýüregime girenleñ,
Kä gulagma mukam bolup eşdilýär,
Çañ sesleri ýaşamakdan irenleñ.

Jebiri çekýän az amanat üçin,
Her gowlygña iki esse minnet bar,
Kimiñ kimligini tanamak üçin,
Sebäp bolan ýalñyşlarma minnetdar!!!...

Awtory: Baýram Bejidow
21
164
BaýramBejidow
18.08.2022 00:40
Köplik bir etmesin, şu bolşum ýeter,
Neýlärin tanapyñ ujyn ýitirsem,
Ýaşasa ýeterlik, özümden beter,
Gözümiñ köküni gyran setirlem.

Gowy bolmakdanam ýadadym indi,
Ömri az bolýarmyş, munda gowylañ,
Indi ähli zatlar irizip barýar,
Binjalyk ýüregim düşýär dowula.

Soñky döwür sabyr bilen dostlaşdym,
Howlugamok, gyssanomok wagtyna,
Şol köne umytdan ýapyşyp ýörün,
,,Birwagtlar duşaryn" diýip bagtyma.

Iñ esasy ynam gerek ynasana,
Dynman aksa suw deşip dur daşy-da,
Sähelçejik sebäp tapsam müzzermän,
Erbet bolup, gowy görnüp ýaşajak.

Awtory: Baýram Bejidow
21
121
BaýramBejidow
17.08.2022 00:01
Durmuş misli merdiwandyr,
Yzyn üzme dyrmyşyber,
Syryñ ile ýaýjak kändir,
Öz içiñde syrlaşyber.

Hasap çykmaz, hesip etseñ,
Özge rysky nesip etmez,
Kämil bolsañ adyñ ýitmez,
Ýata suwkañ, durlaşyber.

Many alsañ şeýle söz bar,
,,Öz hanasyn gazar derýa",
Çykalgasyz däldir her zat,
Jedelleşmän ugurlaşyber.

Bilýäs ahyr güman zat däl,
Bätpälleriñ göwni şat däl,
Ýuwanlygam gowy zat däl,
Azda-kände duzlaşyber.

Haramlyga başyñ urma,
Wagty geler, göçer durna,
Kyn günlerem geçer durman,
Durmuş bilen sazlaşyber.

Göwün duýgy, döwerlik däl,
Öwýänlerñem öwerlik däl,
Hiç bir ynsan ömürlik däl,
Gaýgylanma ýazlaşyber.

Hic kim bakmaz heý-heýiñe
Aklyk çyrşa päk küýüñe,
Myhman bolup dost öýüne,
Aram-aram çaýlaşyber.

Ykbal görädir niýete,
Arzuwlaryñ bolsa depe,
Üns berme gybat-gepe,
Ýüzler sowuk, maýlaşyber.

Alaýlasa iliñ-güniñ,
Duşmanyñdyr uzyn diliñ,
Bu pany hem ajap welin,
O dünýäñem oýlaşyber...

Awtory: Baýram Bejidow
18
74