BaýramBejidow
21.08.2022 00:06
Käte bukýan didelermi,
Gör nämeler edilip ýör,
Atyz ýaly boş añlara,
Pak däneler sepilip ýör.

Kalp ilteşse göz bilen,
Ýara em etmäñ köz bilen,
Asly ýalan, hoş söz bilen,
Ençe dyzlar epilip ýör.

Gün dogar, aýlanar heññam,
Ölüm, herne deñlik hemmä,
,,Ynanmaly" diýýäs, emma,
Ynam top deý depilip ýör.

Makiýajy çalyp tene,
,,Haý" diýenok gyza ene,
Bu gün señki, ertir ýene,
Başga birin tapynyp ýör.

Günäni iltäp egnine,
Hile öwrüldi endige,
Käbirleri men-menligin,
Doga edip dakynyp ýör.

Ynsap, galatly ýollarda,
Päklik daraldy jalbarda,
Bilmen ynsan ne hallarda,
Haýsy ugra akylyp ýör?.

Çüýläp içde müñ hiläni,
Gördüm ,,dost" sözi diýýäni,
Dostluk mukaddes diýýäñmi?!,
O diýýäniñ satylyp ýör...

Awtory:Baýram Bejidow
17
112
Isko
21 Awgust 2022
BaýramBejidow,bolly agam
BaýramBejidow
21 Awgust 2022
Isko, bbejidow@gmail.com ýazaý dost
Isko
21 Awgust 2022
BaýramBejidow,BaýramBejidow, ha agam siz bilen bir ayratyn nirde guresip bolar... soraglam baday??

BaýramBejidow,BaýramBejidow, ha agam siz bilen bir ayratyn nirde guresip bolar... soraglam baday??
BaýramBejidow
21 Awgust 2022
Isko, ýazyjylyk bilen meşgullanardan ejiziräk entek
Isko
21 Awgust 2022
BaýramBejidow,onm siz dine goagy yazyanyzmy yada yazyjylyk bilenem mesgullanyanyzmy
BaýramBejidow
21 Awgust 2022
Häzirlikçe play marketda ýok welin nesip bolsa ýüklemekçi talyplar.com da bolmaly 2 kitap
Isko
21 Awgust 2022
BaýramBejidow,halypa onm solary nirden tapyp bolya
wolf
21 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
BaýramBejidow
21 Awgust 2022
Isko, ikinji ,,Tämiz duýgylar" üçinji ,,Bagt mukamy" nesip bolsa dördünjem ýakynda
Isko
21 Awgust 2022
BaýramBejidow,aaa ikinji name???

BaýramBejidow,???
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.