BaýramBejidow
18.08.2022 00:40
Köplik bir etmesin, şu bolşum ýeter,
Neýlärin tanapyñ ujyn ýitirsem,
Ýaşasa ýeterlik, özümden beter,
Gözümiñ köküni gyran setirlem.

Gowy bolmakdanam ýadadym indi,
Ömri az bolýarmyş, munda gowylañ,
Indi ähli zatlar irizip barýar,
Binjalyk ýüregim düşýär dowula.

Soñky döwür sabyr bilen dostlaşdym,
Howlugamok, gyssanomok wagtyna,
Şol köne umytdan ýapyşyp ýörün,
,,Birwagtlar duşaryn" diýip bagtyma.

Iñ esasy ynam gerek ynasana,
Dynman aksa suw deşip dur daşy-da,
Sähelçejik sebäp tapsam müzzermän,
Erbet bolup, gowy görnüp ýaşajak.

Awtory: Baýram Bejidow
21
121
sazsoft
28 Yanwar 2024
«Şol köne umytdan ýapyşyp ýörün,
"Bir wagtlar duşaryn" diýip bagtyma» 🙂💜
perizadym
18 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
alisherxon
18 Awgust 2022
Hemişeki ýaly 👍👍👍👍🔥

Gülşat Ataýewa, şu setirlerem gowy 🔥

Belliklaerime gosup goydum
gulshatayewa97
18 Awgust 2022
Gowy bolmakdanam ýadadym inni...
wolf
18 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Ashyrova♥️
18 Awgust 2022
👌👌👏👏👍👍
Papatya
18 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.