BaýramBejidow
26.08.2022 00:22
Hany nirde wepadarlyk?,
,,Söýgi" diýip öljekdiñiz,
Gara başy orta goýup,
Ony ikä böljekdiñiz.

Kasam içip yşk hakynda,
Kiçi dilden bäri gepläp,
Illäp-günläp toý etdiñiz,
Gazanjy, eklenji sepläp.

Oñuşmady gelin-gaýyn,
Ýa-da ýene bir bahana,
Meslik sizi sygdyrmady,
Hemme sygan, giñ jahana.

Gelin diýdi ,, meñki dogry",
Ýigit diýdi ,,señki ýalñyş",
Diñlemese kowmakçymyş,
Sebäp bir gezýäni barmyş.

Çaýkanyp dur bir maşgala,
Dowam nirde öñki söýgä,
Iñ bolmanda sylagam ýok,
Saz dañylan sary öýmäñ.

Ýalñyşmakdan gorkmadylar,
Pikirleniñ ömir bir-ä,
Durmuşy arka ýykdylar,
Isleg kän islege görä.

Hany nirde adamkärlik,
Käte bagty çiljekdiñiz,
Gara başy orta goýup,
,,Söýgi" diýip öljekdiñiz?!...

Awtory: Baýram Bejidow
23
129
wolf
26 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
gulshatayewa97
26 Awgust 2022
Söýgiň ömri azajyk...
BaýramBejidow
26 Awgust 2022
CrAzY Girl, minnetdar başardygymdan nesip bolsa
BaýramBejidow
26 Awgust 2022
CrAzY Girl, bolýa ýöne meniñ samramalarymy karwalol içip okaýmasañ, okap şatlanjak ýeriñ ýokdurla☺️
SerdarMyradov
26 Awgust 2022
durdane setirler altyn gaplamaly sozler!😍😍😍
RuníA
26 Awgust 2022
Ajaýyp setirler👍🏻
zolushka
26 Awgust 2022
Döwrüň wajyp meselesi berekella Baýram Bejidow👏👏
BaýramBejidow
26 Awgust 2022
Başardygymdan azajyk
bismark
26 Awgust 2022
Soygi😍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.