BaýramBejidow
19.08.2022 00:20
Siñip dur topraga säheriñ çygy,
Gijede gizlenen güneş nur seçýär,
Hemme zat ýerbe-ýer, öñki-öñkülik,
Şonda-da käteler umydym öçýär.

Oýun edip diýýär herkim diýjegin,
Çynyñ bilen gepleseñem haýry ýok,
Manysyz dünýäde ruhym hassa,
Derman-däri gussalarmy aýranok.

Peýdasy ýok, zyýany bir degmesin,
Ýakynsyrap ýüregime girenleñ,
Kä gulagma mukam bolup eşdilýär,
Çañ sesleri ýaşamakdan irenleñ.

Jebiri çekýän az amanat üçin,
Her gowlygña iki esse minnet bar,
Kimiñ kimligini tanamak üçin,
Sebäp bolan ýalñyşlarma minnetdar!!!...

Awtory: Baýram Bejidow
21
164
ylham_gurbanaly
19 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa, hak aýtýaňyz)
gulshatayewa97
19 Awgust 2022
Şahyrlyk ýangyndan başlanýar eken dýärä K.Gurbannepesow şadyýan şahyr bamy näme adam gamgyn wagty goşgy okap, şadyýan wagty aýdym diňleýän ýaly🙂
ylham_gurbanaly
19 Awgust 2022
garlawaç, nesip bolsa, şo toýda-da sizem boluň:)
ylham_gurbanaly
19 Awgust 2022
Bitter, Salam. minnetdar:)
ylham_gurbanaly
19 Awgust 2022
garlawaç, hawa, hany şatlykly menzilede ýeterisde, nesip etse)
BaýramBejidow
19 Awgust 2022
garlawaç, Bir gezek maña Suraý Babanyýazowa şeýle diýipdi ,,Jigim şu şahyrlañ ýazýan zady ykbalynyñ ýazgydy ýaly bolup dur birhili, ine men öz durmuşymdan mysal tutsamam şeýle, entek ýaş başyñ bar gam-gussa üns berme diñe şatlykly okyjyny ruhlandyrjak täzeçil goşgylary döret şonda hemme zat gowy bolar, bolmasa bu dertlerden dynjak zadyñ ýok" elbetde dogram aýtýar ýöne köplenç ýazasyñ gelýän zat gamgyn zatlar hakda bolýar özümem düşinmeýän käteler ...
ylham_gurbanaly
19 Awgust 2022
garlawaç, hawa , men-ä gamgyn görnüşdäkileri, okyjy üçin agyr hasaplaýan. Sebäbi duýga berlip okamaly bolýar. 100% aňsat hemme okyjy alyp bilmeýär
ylham_gurbanaly
19 Awgust 2022
garlawaç, Salam aý beýlekiler-ä bilemok welin, mendehä soňky döwür diňe şeýle. Ylham aga diňe şol ugurdan export edýär. Şatlykly goşgy ýazyp bilemok)

CrAzY Girl, başgalara aýdaýma:)
ylham_gurbanaly
19 Awgust 2022
CrAzY Girl, türkmenski otyryber uýam))
Papatya
19 Awgust 2022
🌟🌟🌟🌟🌟
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.