Durmuş misli merdiwandyr,
Yzyn üzme dyrmyşyber,
Syryñ ile ýaýjak kändir,
Öz içiñde syrlaşyber.
Hasap çykmaz, hesip etseñ,
Özge rysky nesip etmez,
Kämil bolsañ adyñ ýitmez,
Ýata suwkañ, durlaşyber.
Many alsañ şeýle söz bar,
,,Öz hanasyn gazar derýa",
Çykalgasyz däldir her zat,
Jedelleşmän ugurlaşyber.
Bilýäs ahyr güman zat däl,
Bätpälleriñ göwni şat däl,
Ýuwanlygam gowy zat däl,
Azda-kände duzlaşyber.
Haramlyga başyñ urma,
Wagty geler, göçer durna,
Kyn günlerem geçer durman,
Durmuş bilen sazlaşyber.
Göwün duýgy, döwerlik däl,
Öwýänlerñem öwerlik däl,
Hiç bir ynsan ömürlik däl,
Gaýgylanma ýazlaşyber.
Hic kim bakmaz heý-heýiñe
Aklyk çyrşa päk küýüñe,
Myhman bolup dost öýüne,
Aram-aram çaýlaşyber.
Ykbal görädir niýete,
Arzuwlaryñ bolsa depe,
Üns berme gybat-gepe,
Ýüzler sowuk, maýlaşyber.
Alaýlasa iliñ-güniñ,
Duşmanyñdyr uzyn diliñ,
Bu pany hem ajap welin,
O dünýäñem oýlaşyber...
Awtory: Baýram Bejidow