BaýramBejidow
25.08.2022 01:12
Asman birigýänçä ol deñiz bilen,
Boş gepler köp bolar boş agyz bilen,
Käteler uçguram gök kagyz bilen,
Çözülýär diýmeseñ, hemme zat gowy.

Terje güller ýaly gunçasyn açyp,
Kä ondan birugsat özge leb guçup,
Arzuwlam wysalsyz gidende gaçyp,
Kemilýän diýmeseñ, hemme zat gowy.

Aýaklañ ardyndan ses gelýär assa,
Birisi gaýgyly, birisi gussa,
Birahat ýüregi döwür deý gyssap,
Eñilýär diýmeseñ, hemme zat gowy.

Geljegim ne halda ony bilmerin,
Her ýana uzaýar uzyn dillerem,
Ýatlamda geçmişiñ syrly günlerin,
Demigýän diýmeseñ, hemme zat gowy.

Agramly günäni atyp egnime,
Geldim bu ýollarda çapraz öwrüme,
Öñem köp külpetden ýadan göwnüme,
Degilýär diýmeseñ, hemme zat gowy.


Awtory: Baýram Bejidow
21
60
wolf
25 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
perizadym
25 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
kyyas2017
25 Awgust 2022
❤❤👍❤❤👍
HoJoM
25 Awgust 2022
....👍
kakajannazarow
25 Awgust 2022
Dost.Tuweleme bu şygyr yazmaklyk yolynda uly uly ustunlikler."Galamyn yiti bolsun"diyerdim welim ol sozi diymek bolmayan eken hakyna seretseñ.Şahyr adama diymek bolmayan eken.Manysy çuñ...Şonun ucin Uly ustunlik mundan beylak.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.