BaýramBejidow
06.09.2022 07:41
Ynjan kalbym döwün-düwün,
Ynam etdim, syndy göwün,
Içde umyt düwünçegim,
Ýaryldy, ýaryldy käbäm!.

Salynsa-da köñle talañ,
Senbir eşdeweri nalam,
Aýap saklan körpe balañ,
Awundy, awundy käbäm!.

Uzadyp uzyn dillerin,
Çyrşadylar öz kirlerin,
Durmuş hakda pikirlerim,
Garyldy, garyldy käbäm!.

Täleý bereninde baham,
Giñ öýderdim älem-jahan,
Miwelejek gülli şahañ,
Ýapragy saraldy käbäm!.

Men günäkär boýun ýogyn,
Baş egmedim boýun bolup,
Neçün durmuş oýunlaryñ,
Awusy agyrly käbäm?!.

Saýlap içinde ezberin,
Şowsuzlyk dökdi leşgerin,
Bilmen haýsy etmişlerim,
Ar aldy, ar aldy käbäm!...

Awtory: Baýram Bejidow
17
74
BaýramBejidow
05.09.2022 07:16
Göwinler ýognapdyr, inçelip hoş söz,
Salamy berlenok öñküler ýaly,
Ynansañ satýalar, barysy boş söz,
Geñem görülenok öñkiler ýaly.

Gürletseñ namazly, täretli kişi,
Emma sabyrynyñ käsesi deşik,
Şeýtana uýallar, ýalan sözleşip,
Alla el serlenok öñküler ýaly.

Tagamyn datsañam, datmasañam bir,
Hak sözi aýtsañam, aýtmasañam bir,
Gümany öýtseñem, öýtmeseñem bir,
Namyssyz dymanok öñküler ýaly.

Gum ýaly seçýäler, zer ýaly wagty,
Puldan gözlenilýär, ömirlik bagty,
,,Şükir şu günime, geljegim ýagty!",-
-Neçün diýilenok öñküler ýaly.

Minnetli edilýän sogabyñ soñy,
Birahat edenok o dünýäñ gamy,
Gaýta, şygar edip hileli heñi,
Duýgyñ duýulanok öñküler ýaly.

Gije-gündiz diläp, iliñ saglygyn,
Indi bildim d:aş diýenmiñ daglygyn,
Tobam bagt, sabrym uly baýlygym,
Men gowsy dymaýyn öñküler ýaly...

Awtory: Baýram Bejidow
18
104
BaýramBejidow
04.09.2022 00:21
Tersine deý hazan urmuş durmuşam,
Diñe ýok ýerimden tutýar şu günler,
Derdim diñläp, syrlarymy syrlaşan,
Diñe o:t ýerimden tutýar şu günler.

Mährine çoýunsañ ýakyp, gowuran,
Arasynda gowysy az gowylañ,
Gursagym ýok ýerden düşüp dowula,
Täleýim erkimi utýar şu günler.

Hak sözleñ ornuna ornaşdy teññe,
Ykbalam tutup dur şol öñki heñne,
Ýylgyrsam ýüregme çümüp dur iññe,
Gussalam şatlygmy bukýar şu günler.

Añlary ýalañaç, pikiri çyplañ,
Diýseñ-ä bahyllyk, diýmeseñ, akmak,
Gör! Kada öwrüldi dostlugy satmak,
Ynanan ynsanlañ ýakýar şu günler.

Halallyk azaldy, azaply hinde,
Ertire umyt az, haýyr ýok düýn-de,
Owal sadalygy goldan bu dünýe,
Bilmen, nirelere akýar şu günler?!...

Awtory: Baýram Bejidow
16
45
BaýramBejidow
03.09.2022 00:10
Ýigit çykdym, umyt berdiñ ogluña,
Meni uzak ýola ýolladyñ eje!,
Şükir Hudaý barlygyña, dünýäde,
Meni her demimde golladyñ eje!.

Gyssama sen, tapyn diýip taýyñy,
Meni kiçi dilden söýjek kän eje!
Ykbal nesip etse berer paýymy,
Törime gelýänçä söýjek däl eje!.

Öñde-soñda täleýimden razy men,
Goýup bilsem öz yzymy möhürläp,
Maña bagtdan bir parçajyk ýeterlik,
Tükeniksiz baý bolmagym möhim däl.

Hötjetdim men, kejirligmi ýañzydyp,
,,Boýnyýogyn" diýip käýeme eje!,
Öñkiñ ýaly maña ýene goldaw ber,
Ýazlany görmeli täleýe eje!.

Goýberemok sähel sowuk-salalyk,
Ujyn tapsam işip ýörin kelebiñ,
Dost kim, duşman kim bilinýär şükir,
Eläp dur-la ,,wagt" atly elegim.

,,Bor-la" diýip ýüziñ salýañ ýene-de,
Näme umyt etdiñ körpäñden eje!?,
Bu bolşuma gyýylma sen mähremim,
Habar ýok gümanly ertämden eje!.

Awtory: Baýram Bejidow
14
71
BaýramBejidow
02.09.2022 07:53
Sen bir uly barlyk, sen uly mähir,
Sen beýle mähiri nireden alýañ!,
Aglasam diñdirýäñ, şatlansam gülüp,
Meni hyýallaryñ toryna salýañ.

Käte ejizlese, gyýylan göwnüm,
Hyjuw berýär, ýaşamana ýene-de,
Täk sen, meniñ üçin ýaradylan sen,
Göwnüm ýaly göwün bilen deñ edip.

Bir ýerlere howlugardy ýüregim,
Göýä meniñ üçin d:ardy giñ älem,
Ömrümi mähre zar ötmezim ýaly,
Ykbal seni maña duşyrdy hälem.

Ejiz sen, ,,ejiz men" diýmediñ,
Ýöne,
Señ mähriñi berip bilmez mertler,
Eşdenimde mahmal ýaly sesiñi,
Iki ýa:na dargap gidýär dertlem.

Sen juda üýtgeşik, üýgeşiklerden,
Meni hyýallaryñ toryna salýañ,
Aglasam diñdirýäñ, şatlansam gülüp,
Sen beýle mähiri nireden alýañ?!...

Awtory: Baýram Bejidow

12
60
BaýramBejidow
01.09.2022 20:40
Men senden aýrylyp nirä gideýin?,
Sensiz dem gutarar, durar bu wagt,
Bile arzuw etdik gowy günleri,
Sensiz nirelerden gözläýin bagt?!.

Men senden aýrylyp nirä gideýin?,
Señ mähriñi berip bilmez başgalar,
Bir çetimde golum tutup durmasañ,
Men nädip guraryn bagtly maşgala?!.

Men senden aýrylyp nirä gideýin?,
Ädimlem ädilmez, dönerin hassa,
Çeşmäm ýaly suwarmasañ göwnümi,
Kim ýasar sadaja ussadan ussat?!.

Söýgä beýle jadylydyr öýtmändim,
Bir sen bar pikirim, hyýalym, küýüm,
Gursagyma hyjuw beren melegim,
Men senden aýrylyp nirä gideýin?!.

Awtory: Baýram Bejidow
16
118
BaýramBejidow
31.08.2022 00:21
Ynam, umydy ýitirip,
Sensiz oñmaly bolmasyn,
Bagty elimden gidirip,
Aglap, dymmaly bolmasyn.

Janymy eýlesem pida,
Aýralyk etmesin jyda,
Ýetişmerin çekip-çydap,
Gussañ ýynnamy bolmasyn.

Günäm köp bolsa, ýüleýin,
Kimiñ kimdigni bileýin,
Çykalga ýokmy öleýin,
Haram ýygmaly bolmasyn.

Ömri hoş ötüren barmy?,
Geljegiñ özüñe bagly!,
Wyždanyn ýitiren ýaly,
Tüme yñmaly bolmasyn.

Arzuwym köpeldi känden,
Sanadym ýekän-ýekänden,
Dyrmyşyp münen depäñden,
Aşak zyñmaly bolmasyn...

Awtory: Baýram Bejidow
16
101
BaýramBejidow
29.08.2022 07:11
Şükür! Nebsim idip eñjek bolamok,
Herne hak ýoluna uýjagym bolsun!,
Hemişe ýaz ýaly bolup bolanok,
Kinäni gülkimden duýjagym bolsun!.

Emelsiz pikirlem ýüregmi gyssap,
Amalsyz arzuwlam umydym bassa,
Mümkin däl ýalñyşman ýaşamak asla,
Gursagma hak sözi guýjagym bolsun!.

Gowuşsyn ruhyma ruhdaş delil,
Bagtyñ perlerine uzanda elim,
Enäniñ ornuny tutjak ýok welin,
Güneş deý mährine çoýjagym bolsun!.

Bu durmuşda biraz gözüm eglendi
Aran göwün söýgi bilen terlendi,
Nesip edip ak bäbebigi, perzendi,
Ömrüme nuryny çaýjagym bolsun!.

Ykbalym derýa däl, bilmerin ýüzüp,
Täleýim elek däl, bilmerin süzüp,
Şonda-da uç tapyp, janyma dözüp,
Ölünçäm ýadaman söýjegim bolsun!...

Awtory: Baýram Bejidow
16
63
BaýramBejidow
28.08.2022 00:03
Ýene garañkylyk, ine dört diwar,
Sen hakynda pikirlerim gyssaýar,
Takatyn ýitiren teşne ýüregim,
Aram tapar elim eliñ gyssa ýar.

Sähelçejik umyt tapsam dessine,
Saña tarap atygsaýar ädimlem,
Ynan gülim, ömrim ömriñe baglap,
Saña bolan ynamlarym gädilmez.

Gözleriñde söýgi gördim alow deý,
Arzuwlarma ganat bolan perim sen,
Bu dünýäden arman edip gezmerin,
Seniñ ýyly gujagyñda gerinsem.

Awtory: Baýram Bejidow
13
85
BaýramBejidow
27.08.2022 00:17
Her bir gören düýşim gowlyga ýordym,
Emma welin gaýtalanyp dur ahwal,
Başga bir älemiñ barlygyn gördim,
Bu meniñ hyýalym bolmagam ahmal.

Ol älemde bar hakyky ýaşaýyş,
Bärdäkiden has ýakymly howasy,
Hakykata her kim başyn egip dur,
Ýañlananok ýalan sözleñ owazy.

Kem gözlänok hiç kim biri-birinden,
Berk tutulýar düzgin bilen kadalar,
Iki ýüzli, üç ýüzli hem görmedim,
Ol älemde döwran sürýär sadalar.

Agzybirlik suwy dynman akyp dur,
Oñ suwyny susup içýär çem gelen,
Çaýlary hem gara ýa-da gök çaý däl,
Bagtyñ süýji şemmesinden demlenen.

Düýşümde ähli zat oñatlyk örän,
Oýansam ýene-de daralýar zemin,
Huşymda ýalanlar ýadadyp barýar,
Şol älemde alyp galsanañ meni!...

Awtory: Baýram Bejidow
16
113