BaýramBejidow
01.09.2022 20:40
Men senden aýrylyp nirä gideýin?,
Sensiz dem gutarar, durar bu wagt,
Bile arzuw etdik gowy günleri,
Sensiz nirelerden gözläýin bagt?!.

Men senden aýrylyp nirä gideýin?,
Señ mähriñi berip bilmez başgalar,
Bir çetimde golum tutup durmasañ,
Men nädip guraryn bagtly maşgala?!.

Men senden aýrylyp nirä gideýin?,
Ädimlem ädilmez, dönerin hassa,
Çeşmäm ýaly suwarmasañ göwnümi,
Kim ýasar sadaja ussadan ussat?!.

Söýgä beýle jadylydyr öýtmändim,
Bir sen bar pikirim, hyýalym, küýüm,
Gursagyma hyjuw beren melegim,
Men senden aýrylyp nirä gideýin?!.

Awtory: Baýram Bejidow
16
118
Rosee
8 Sentýabr 2022
Gowy goshgy👍👍👍
wolf
3 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Myhman Myhman
1 Sentýabr 2022
Ayralyk erwet zat gosgyñ her bir ýurege yakyn bolup biler sebabi kimse soygulsinden kise doganda ejeden kakadan herkisden ayra bolup bilya 👍
gulshatayewa97
1 Sentýabr 2022
Sädi Sädiýewiň goşgysy ýatlatdy...
alisherxon
1 Sentýabr 2022
Gowy hemiseki yaly 👍👍👍👍
Myhman Myhman
1 Sentýabr 2022
😘😘😘😘😘
Mukam.
1 Sentýabr 2022
Gaty gowy dos👍
jemal_seyitniyazowa
1 Sentýabr 2022
B e r e k e l l a
AMANGELDİYEW
1 Sentýabr 2022
Mlds👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.