Ýigit çykdym, umyt berdiñ ogluña,
Meni uzak ýola ýolladyñ eje!,
Şükir Hudaý barlygyña, dünýäde,
Meni her demimde golladyñ eje!.
Gyssama sen, tapyn diýip taýyñy,
Meni kiçi dilden söýjek kän eje!
Ykbal nesip etse berer paýymy,
Törime gelýänçä söýjek däl eje!.
Öñde-soñda täleýimden razy men,
Goýup bilsem öz yzymy möhürläp,
Maña bagtdan bir parçajyk ýeterlik,
Tükeniksiz baý bolmagym möhim däl.
Hötjetdim men, kejirligmi ýañzydyp,
,,Boýnyýogyn" diýip käýeme eje!,
Öñkiñ ýaly maña ýene goldaw ber,
Ýazlany görmeli täleýe eje!.
Goýberemok sähel sowuk-salalyk,
Ujyn tapsam işip ýörin kelebiñ,
Dost kim, duşman kim bilinýär şükir,
Eläp dur-la ,,wagt" atly elegim.
,,Bor-la" diýip ýüziñ salýañ ýene-de,
Näme umyt etdiñ körpäñden eje!?,
Bu bolşuma gyýylma sen mähremim,
Habar ýok gümanly ertämden eje!.
Awtory: Baýram Bejidow