Her bir gören düýşim gowlyga ýordym,
Emma welin gaýtalanyp dur ahwal,
Başga bir älemiñ barlygyn gördim,
Bu meniñ hyýalym bolmagam ahmal.
Ol älemde bar hakyky ýaşaýyş,
Bärdäkiden has ýakymly howasy,
Hakykata her kim başyn egip dur,
Ýañlananok ýalan sözleñ owazy.
Kem gözlänok hiç kim biri-birinden,
Berk tutulýar düzgin bilen kadalar,
Iki ýüzli, üç ýüzli hem görmedim,
Ol älemde döwran sürýär sadalar.
Agzybirlik suwy dynman akyp dur,
Oñ suwyny susup içýär çem gelen,
Çaýlary hem gara ýa-da gök çaý däl,
Bagtyñ süýji şemmesinden demlenen.
Düýşümde ähli zat oñatlyk örän,
Oýansam ýene-de daralýar zemin,
Huşymda ýalanlar ýadadyp barýar,
Şol älemde alyp galsanañ meni!...
Awtory: Baýram Bejidow