BaýramBejidow
17.09.2022 07:01
Ýaralarma em tapyndym señ bilen,
Dertleşsem derdim ýele uçup dur,
Maña hergiz mähir beren şol mähriñ,
Duýgylarmy ejap bilen guçup dur.
Sen üýtgeşik, melek ýaly päkize,
Ruhym bilen ruhdaş sen hemişe,
Bilseñ barlygyñda juda bagtly men,
Şowlulyk sen başlanymda her işe.
Ejiz halyñ bukjak bolýañ käteler,
Gam-gussañy gizleýärsiñ ýylgyryp,
Bil bu dünýä köpbilmişleñ dünýesi,
Iñ soñunda zyýan berýär ýygralyk.
Şu dünýämde has mähirli ynsan sen,
Öwýär diýme, tarypyña söz ýetmez,
Sen juda üýtgeşik ýaradylypsyñ,
Umman ýaly añyrsyna göz ýetmez.
Awtory: Baýram Bejidow
33
604
21
BaýramBejidow
16.09.2022 00:00
Aramyz daş, ýakynlaşdyk günsaýy,
Goý ol daşlyk ynamlary iýmesin,
Täleýimde barlygyña umyt bar,
,,Ah! Aralar juda uzak!" diýme sen.
Güýmemese bolar ýalan duýgular,
Sen bilýäñ-ä, mende ýeke ýürek bar,
Ykbal bir gün bizi bagta dogrular,
Ýöräbersek yşk gämisin kürekläp.
Gözleriñde üýtgeşik bir dünýä bar,
Şol dünýäñde galaýsadym bakylyk,
Gala ýaly gabaklañdan aşaýyn,
Öz dünýäñe eýle ahyr çakylyk.
Endik boldy suratyña seretmek,
Dodaklañ suratda dymýanam bolsa,
Seni herne gepletmäge çalyşýan,
Onuñ suratdygyn bilýänem ýogsa.
Aramyz daş, şükir ýakyn ynsan biz,
,,Ah aralar juda uzak!" Diýme sen,
Täleýimde barlygyña umyt bar,
Goý, ol daşlyk ynamlary iýmesin...
Awtory: Baýram Bejidow
16
103
8
BaýramBejidow
15.09.2022 07:09
Ejizlik erkege gelşenok welin,
Owaldan täleýi ýazylan hemmäñ,
Nämedir bir zatlar gysyp dur demim,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!
Ajy geçenlerim, duzsyz geljegim,
Sowatdy gursagmyñ ähli künjegin,
Ýalanlar göwnümi dildi, diljegin,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!.
,,Bagtym" diýenlerim, dertmi hile?,
Ýalñyşsam, mañlaýym diräp dur nile,
Gözimde ýaşlarym öwürip sile,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!
Haýyrsyz umydym öwürdi düñlä,
Ýadatdy şelaýyn ýalandan gülmäm,
Içimi içime sygdyryp bilmän,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!.
Ýüñ ýaly egirdim, durmuşum sütük,
Igledim geçmişiñ sütügin ütüp,
Gussaly gezmäne bahanam ýetik,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!.
Derdimi gatlaýan gasynlar üçin,
Ýaş gursak kineden basylýar neçün?,
Gülenme gynanan bahyllam üçin,
Men şu gün aglajak teselli bermäñ!...
Awtory: Baýram Bejidow
14
65
3
BaýramBejidow
14.09.2022 00:54
Kä düýş bolup gelýär, huşumda ýoklar, Bir gyradan kine bilen bakyp dur, Içimiñ ýangyny tüssesiz o:tda, Bu gün ýene diriligme ýakyp dur. Özümi synlaýan aýnañ öñünde, Näme üçin-kä?, ýylgyryş ýok
12
97
3
BaýramBejidow
12.09.2022 22:02
Ýene-de gam-gussa büräp başymy,
Mejbur edýär gözýaşymy seçere,
Aýtsañyzlañ, durmuş näme, oýunmy?,
Küşdiñki deý iki ýana göçere.
Men günäkär, hawa, boýny ýogyn men,
Ýöräp-ýöräp, dogry ýolum tapmadym,
Her görenme mähir berdim gysylman,
Güýmenene ,,bagtym" diýip çakladym.
Terki dünýä, gyzygy ýok hiç zadyñ,
Kä çalajan, ýylgyranma seretmäñ!,
,,Söý" diýýäñiz, olam ýene hileli,
Ikilenji ýakjak bolsa gerek däl.
Kyn ekeni duýulmasa duýgylañ,
Emmasy ýok, ýönesi kän jahanyñ,
Ýaş ömrümiñ sebäbini ýitirip,
Gözläp ýörün ýaşamana bahana.
Gursagymda otly halta göterýän,
Için dörseñ kömür bolan kine kän,
Meni diñe bagta sary iterýän,
Belki geler, ah! Ýöne nesibedä!...
Awtory: Baýram Bejidow
23
137
10
BaýramBejidow
11.09.2022 00:06
Örtenip-örtenip ýalanlar içre,
Gara pikir ak añlary iýse-de,
Köz ýaly alawlap, käteler syçrap,
Ýanýanlygym kime derkar diýsene!.
Kä halatda ejizlämde ykbaldan,
Içim dökýän aýpdygny bilsemem,
Durmuşumda bagtlysyrap sensizem,
Oñýanlygym kime derkar diýsene!.
Hol beýlämden ýat adamlar janygýar,
,,Hany ýigit şatlansana, gülsene...",
Şol pursatda bir geñsije ýylgyryp,
Doñýanlygym kime derkar diýsene!.
Awtory:Baýram Bejidow
14
67
3
BaýramBejidow
10.09.2022 00:45
Yssy mähir o:t ýalydyr,
Eneñ başyñ sypalasa,
Gaýgy-gussañ ýok ýalydyr,
Eneñ başyñ sypalasa.
Ykbal seni öwdigidir,
Kötel ýollañ egsigikäñ,
Çünki, bagtyñ çüwdigidir,
Eneñ başyñ sypalasa.
Baýlyk, puluñ parhy ýokdur,
Enäñ belli nyrhy ýokdur,
Ýersiz-ýere keýpi çohsuñ,
Eneñ başyñ sypalasa.
Ýüzinde mähir jemlener,
Arzuw, umyda nem berer,
Ýaraly kalbyñ emlener,
Eneñ başyñ sypalasa.
Gözýaşlary dökseñ käte,
Ýalñyş ýere ädim ädip,
Ähli ýazyk bolar gädik,
Eneñ başyñ sypalasa.
Durmuşdyr, aýrylyp birden,
Gussalaryñ syhamasyn,
Uzak bolsun En:äñ ömri,
Öweý başyñ sypamasyn...
Awtory:Baýram Bejidow
11
52
2
BaýramBejidow
09.09.2022 00:30
Ulydan dem alyp syn etdim dünýä,
Herkim bir-biregi basyşyp barýar.
,,Oýunyñ oýunda çyn bar..." Diýilýär,
Dogry ýalan bilen gatyşyp barýar.
Durmuşyñ oýnuny utaýjak ýaly,
Şu dünýäni özi tutaýjak ýaly,
Ýüregi ýerinden çykaýjak ýaly,
Ynsan nebsi bilen çapyşyp barýar.
Añlary boş, dana ýaly geplärler,
Birje çyny ýüz ýalana seplärler,
Günäsin bigünä ýöñkän betpäller,
Şükür! Öz pälinden tapyşyp barýar.
Durmuş nirelere ederkä dowam?,
Düşünjeler ösen, pikirler ýuwan,
Namysy äpberip, iki ýaş juwan,
Toba! Ýol ugrunda öpüşip barýar...
Awtory: Baýram Bejidow
14
89
7
BaýramBejidow
08.09.2022 01:41
Gitdiñ, güneşi gizläp,
Gitdiñ, tümi gujaklap,
Şol gün gözde ýaşymy,
Ynan, bilmedim saklap.
Gussa dolan ýüregim,
Parçalansa nädeýin,
Unutmagyn!, ýüregmiñ
Bir ujyndan gädeniñ.
Ýok-ýok, gitmeli däldiñ,
Bu hallara dözüp sen,
,,Ýa söýgime göz degdi,
Ýa men öte gözikdim"...
Awtory: Baýram Bejidow
14
81
3
BaýramBejidow
07.09.2022 00:04
Karary tapmady teşne ýüregim,
Bilmedim ne halda düşüpdirin yşga,
Üýtgeşik sen ähli adatylykdan,
Saña meñzejek ýok bir senden başga.
Sen sebäpsiñ şatlygyma, gülkime,
Arzuwlarmy wysal etjek perişdäm,
Adyñ bilen umyt tapyp ertire,
Seniñ mähriñ hyjuw berýär her işde.
Gam-gussamy zyñyp alys, owarra,
Gözleriñden em tapyndym ýüregme,
Gursagyma howa ýaly gerek sen,
Onsañ nädip özge dursyn dergñe.
Duşmagyñ geñ, şunça gyzlañ içinde,
Jadylandym, elimde öz erkim däl,
Meni bütin ömür ezizläp biljek,
Bir señ özüñ herkim däl.
Bagtyñ damjalary öwrülse köle,
Söýgüniñ ölçegi dälmişin ýaşda,
Adyña meñzeşi taparyn ýöne,
Saña meñzejek ýok bir senden başga.
Awtory: Baýram Bejidow
14
122
10
Yene yükle