BaýramBejidow
07.09.2022 00:04
Karary tapmady teşne ýüregim,
Bilmedim ne halda düşüpdirin yşga,
Üýtgeşik sen ähli adatylykdan,
Saña meñzejek ýok bir senden başga.

Sen sebäpsiñ şatlygyma, gülkime,
Arzuwlarmy wysal etjek perişdäm,
Adyñ bilen umyt tapyp ertire,
Seniñ mähriñ hyjuw berýär her işde.

Gam-gussamy zyñyp alys, owarra,
Gözleriñden em tapyndym ýüregme,
Gursagyma howa ýaly gerek sen,
Onsañ nädip özge dursyn dergñe.

Duşmagyñ geñ, şunça gyzlañ içinde,
Jadylandym, elimde öz erkim däl,
Meni bütin ömür ezizläp biljek,
Bir señ özüñ herkim däl.

Bagtyñ damjalary öwrülse köle,
Söýgüniñ ölçegi dälmişin ýaşda,
Adyña meñzeşi taparyn ýöne,
Saña meñzejek ýok bir senden başga.

Awtory: Baýram Bejidow
14
122
Selwi
7 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍
gulshatayewa97
7 Sentýabr 2022
Gowy gordüm bu gosgyňy☺️🥰😍 kime ýazanam bolsaň😜
Euronewstkm
7 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍👍👍👍👍👍🇹🇲
qwerty
7 Sentýabr 2022
BaýramBejidow, minnetdar
BaýramBejidow
7 Sentýabr 2022
Qwerty, herhili... Iki ýagdaýam bolup bilýär.
qwerty
7 Sentýabr 2022
BaýramBejidow, goşgy ýazanyñyzda bir gyzy göz öñüne getirip şondan ylham alyp ýazýañyzmy ýa-da özüñiz hyýalyñyzda janlandyryp ýazýañyzmy
BaýramBejidow
7 Sentýabr 2022
Qwerty, salam sorañ!
wolf
7 Sentýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
zolushka
7 Sentýabr 2022
Adyňa meňzejek taparyn ýöne,
Saňa meňzejek ýok bir senden başga...
👍👍👍👍👍👍
qwerty
7 Sentýabr 2022
Salam, bir zat sorasam bolýarmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.