BaýramBejidow
17.09.2022 07:01
Ýaralarma em tapyndym señ bilen,
Dertleşsem derdim ýele uçup dur,
Maña hergiz mähir beren şol mähriñ,
Duýgylarmy ejap bilen guçup dur.

Sen üýtgeşik, melek ýaly päkize,
Ruhym bilen ruhdaş sen hemişe,
Bilseñ barlygyñda juda bagtly men,
Şowlulyk sen başlanymda her işe.

Ejiz halyñ bukjak bolýañ käteler,
Gam-gussañy gizleýärsiñ ýylgyryp,
Bil bu dünýä köpbilmişleñ dünýesi,
Iñ soñunda zyýan berýär ýygralyk.

Şu dünýämde has mähirli ynsan sen,
Öwýär diýme, tarypyña söz ýetmez,
Sen juda üýtgeşik ýaradylypsyñ,
Umman ýaly añyrsyna göz ýetmez.

Awtory: Baýram Bejidow
33
604
Myhman Myhman
18 Sentýabr 2022
👏👏👍👍👍
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Maladys göwnüme ýarady
mgm
17 Sentýabr 2022
Öwrenmeli.App, salam programmanyn sohbetdeslik bolumi hacan acylyarka
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Durşuna super
lalahan
17 Sentýabr 2022
Malades üstünlik höwri köp bolsun
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
gowy düzupsin haladm.
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Haldym
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Gaty gowy

Gaty gowy

Gaty gowy

Gaty gowy
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Tüweleme Baýramyň goşgularyny hemmesini halaýan we imoda paýlaşýan 64 85 25 10
Myhman Myhman
17 Sentýabr 2022
Ustunlik arzuw etyan
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.