Ulydan dem alyp syn etdim dünýä,
Herkim bir-biregi basyşyp barýar.
,,Oýunyñ oýunda çyn bar..." Diýilýär,
Dogry ýalan bilen gatyşyp barýar.
Durmuşyñ oýnuny utaýjak ýaly,
Şu dünýäni özi tutaýjak ýaly,
Ýüregi ýerinden çykaýjak ýaly,
Ynsan nebsi bilen çapyşyp barýar.
Añlary boş, dana ýaly geplärler,
Birje çyny ýüz ýalana seplärler,
Günäsin bigünä ýöñkän betpäller,
Şükür! Öz pälinden tapyşyp barýar.
Durmuş nirelere ederkä dowam?,
Düşünjeler ösen, pikirler ýuwan,
Namysy äpberip, iki ýaş juwan,
Toba! Ýol ugrunda öpüşip barýar...
Awtory: Baýram Bejidow