BaýramBejidow
16.09.2022 00:00
Aramyz daş, ýakynlaşdyk günsaýy,
Goý ol daşlyk ynamlary iýmesin,
Täleýimde barlygyña umyt bar,
,,Ah! Aralar juda uzak!" diýme sen.

Güýmemese bolar ýalan duýgular,
Sen bilýäñ-ä, mende ýeke ýürek bar,
Ykbal bir gün bizi bagta dogrular,
Ýöräbersek yşk gämisin kürekläp.

Gözleriñde üýtgeşik bir dünýä bar,
Şol dünýäñde galaýsadym bakylyk,
Gala ýaly gabaklañdan aşaýyn,
Öz dünýäñe eýle ahyr çakylyk.

Endik boldy suratyña seretmek,
Dodaklañ suratda dymýanam bolsa,
Seni herne gepletmäge çalyşýan,
Onuñ suratdygyn bilýänem ýogsa.

Aramyz daş, şükir ýakyn ynsan biz,
,,Ah aralar juda uzak!" Diýme sen,
Täleýimde barlygyña umyt bar,
Goý, ol daşlyk ynamlary iýmesin...

Awtory: Baýram Bejidow

16
103
mgm
16 Sentýabr 2022
Gülşat Ataýewa,ara das diyen aydymynda bar
gulshatayewa97
16 Sentýabr 2022
M.G.M.,şo aýdaý özüň aýdymyň sojagaz ýerine kän gabat gelipdim😇
mgm
16 Sentýabr 2022
Gülşat Ataýewa,Aydayozin setirlerimi yada basga yerdede barmy bu setirler
gulshatayewa97
16 Sentýabr 2022
Aramyz daş, juda uzak. Bu daşlygyda biz inni jydamyzok😜
Myhman Myhman
16 Sentýabr 2022
Kim o bagtly gyz
kyyas2017
16 Sentýabr 2022
Ýüregiñdakini beýan edipsiñ, berekella
Rosee
16 Sentýabr 2022
👍👍👍😢😢😢
Myhman Myhman
16 Sentýabr 2022
♥️♥️♥️♥️♥️♥️♥️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.