Kä düýş bolup gelýär, huşumda ýoklar,
Bir gyradan kine bilen bakyp dur,
Içimiñ ýangyny tüssesiz o:tda,
Bu gün ýene diriligme ýakyp dur.
Özümi synlaýan aýnañ öñünde,
Näme üçin-kä?, ýylgyryş ýok ýüzümde,
Daşymdan seretseñ ruhy hassa,
Akmak ýaly çen gözleýän çözümden.
Näme üçin ýok zatlañ zaryn çekmeli?,
Bar zatlañ gadryny bilmäne derek,
Ýalançy dünýede dogruçyl bolup,
Asla ýeñilen ýok bilmegim gerek.
Köpleñ ýüzi turşy işiñ düşende,
Kömegi degenok haýyr tapmasa,
Ýykylsañ hossaram gerekdir welin,
Mätäç ýaşamakdan Hudaý saklasyn.
Hormatyny tutdym mynasyp dälleñ,
Däldigini giç bilipdim, wah arman,
Ýene-de kinämi içime saldym,
Gursagymy ýyrtanynda gaharlam.
Päklik nä herkime ýetdirip durmy?,
Kinäm bilen ötsün içde pynhanlam,
Iñ uly gargyşym, saglygñyz bolsun,
Ýüregmi ýaralan ýakyn ynsanlam!...
Awtory: Baýram Bejidow