Ýene-de gam-gussa büräp başymy,
Mejbur edýär gözýaşymy seçere,
Aýtsañyzlañ, durmuş näme, oýunmy?,
Küşdiñki deý iki ýana göçere.
Men günäkär, hawa, boýny ýogyn men,
Ýöräp-ýöräp, dogry ýolum tapmadym,
Her görenme mähir berdim gysylman,
Güýmenene ,,bagtym" diýip çakladym.
Terki dünýä, gyzygy ýok hiç zadyñ,
Kä çalajan, ýylgyranma seretmäñ!,
,,Söý" diýýäñiz, olam ýene hileli,
Ikilenji ýakjak bolsa gerek däl.
Kyn ekeni duýulmasa duýgylañ,
Emmasy ýok, ýönesi kän jahanyñ,
Ýaş ömrümiñ sebäbini ýitirip,
Gözläp ýörün ýaşamana bahana.
Gursagymda otly halta göterýän,
Için dörseñ kömür bolan kine kän,
Meni diñe bagta sary iterýän,
Belki geler, ah! Ýöne nesibedä!...
Awtory: Baýram Bejidow