ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
18.07.2022 00:31
Uçup ýördük el berişip howada Uly-uly arzuwlara başlaşyp Söýgümizi tapypdyk biz sabada, Öýle wagtam ýetip geldi - hoşlaşyk Ol sabanyň günäsi-de ýok asla, Gaýtam ol, päk söýgümizi duşurdy Birden
ylham_gurbanaly
15.07.2022 01:06
Duýgularym

Içde mesgen tutdy, ýaşady olar
Barlygyny duýdurdylar söz bilen
Ne gije görüldi, ne-de bir gündiz,
Asla-asla görülmedi göz bilen

Juwan ýaşda juwanlygyn bildirtmän
Söz açdylar edil garrylar ýaly
Bagtly günleri-de boldy-la welin,
Muşakgatly hem-de görgüler ýary

Eden-etdilikler ýoluny kesip,
Haýkyrdy adamlaň ýalňyşlaryna
Dogryçyl bolany üçindir, belki
Uçrapdy ýalňyzlyk gargyşlaryna

Ýük etdiler, aladany, gussany
Bir pursadam ýaşamandy keşiksiz
Ýetim olar, söýgä, mähre zar mydam
Hem afrikaly çaga deý eşiksiz


Ylham GURBANALYÝEW
10
66
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
14.07.2022 02:53
Bagtyň öýin gurup ýördüm begençli, Sen bolsa gussadan dinamit goýduň, Partlatdyň-ýaryldym, emma barybir Söýgiňe ýene-de bir umyt goýdum Birje umyt bilen ýaşar ýüregim, Aýralyk yzasyn bir ömür dadyp
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
14.07.2022 02:47
“Aklym” diýdim, jyda düşdüm aklymdan, “Dünýäm” diýdim, ters aýlandy dünýämem. Ýogsa sen aklymam, dünýämem däldiň, Wah, men muny juda anyk bilýänem welin, Nämüçindir, ynjalygym ýok, Gursagymy gyýyp
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
13.07.2022 06:01
Seniň günäň däldir, meniňkem däldir, Söýgiň ýok ýerinde dogulmagymyz. Çary Ýegenmyradow ***** Indi duýgulardan haraý tapmaryn, Telbe kimin söýenimem peýdasyz Bir ýyla meňzedip her geçen güni,
ylham_gurbanaly
12.07.2022 01:07
“Geçmişimi iýdim çörege çalyp,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.”

Mukam Muhamow


******

Äht-kasamym ýokdy kimsäň öňünde,
Andam däldi, bar içýänim meýdi meň.
Düýrläp zyňdym ýazjak bolanlarymy,
Zyňşym ýaly arzuwlarmyň meýdinem.

Deger ýokdy etsem-petsemlerimde,
Kör-köpükdi olaryň bar bahasy.
Gülkülermi ýanap iýdim nahara,
Göwnüm ajyja zat küýsän mahaly.

Doglan günüm püre-pürläp bulgury,
Orslar ýaly matam baglap, ýas tutdum.
Gatnaýanym diskoteka bolsa-da,
Diňläp-diňläp, “Keçpelegi” ýat tutdum.

Goh-jenjelden gaça durdum
(Gursagyň
gowgasyndan tapmasamam çykalga),
Assa-ýuwaş öwrenişip bar zada,
Ömri külterledim ýykma-ýykylma.

Güýze, gyşa höwür bolup soň-soňlar,
Küýsemämi goýdum tomus, bahary.
Gussalarmy garyp içdim çaýyma
Göwnüm süýjüje zat küýsän mahaly.


13.12.2021ý.
Sapa HOMMADOW
5
61
ylham_gurbanaly
11.07.2022 10:33
Söýgim üçin däli bolup,
Ýaş ýüregin ezipdi diý!
Yşk ummanda ýaly bolup,
Titanik deý ýüzüpdi diý!

Wadasynda mäkäm durup,
Hyýalynda durmuş gurup,
Ýalanlarma gözün ýumup,
Dogrylarmy süzüpdi diý!

Kä beýge, kä teýe çykyp,
Her dürli oý-küýe çykyp,
Ýalňyz a:da eýe çykyp,
Robinzon deý gezipdi diý!

Dünýe täsin röwüş deýin,
Gezdi munda derwüş deýin.
Menzil geçen köwüş deýin,
Umytlary tozupdy diý!

Söýlende söýülse - hut bagt
Söýüp söýülmese - betbagt
Baky bolmasa-da şol wagt
Hakydadan pozupdy diý!

Bagtyň barsyn basym ýerne
Ykbal dözme kesimlerňe.
Menden soňky nesillerňe,
Şu goşgyny ýazypdy diý!


Ylham GURBANALYÝEW
11
57
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
11.07.2022 04:41
Ynha ýene barýan "Gussa" köçämden, Ýetim galan arzuwlarma hamsygyp Käte kiçi şatlygyňam deregne, Bilýän eken - dagdan uly gam sygyp Hawa, häzir barýan maşgala suddan Aýrylyşdy arzuwlarmy
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
11.07.2022 01:25
Tapgyn söýdim diýýäni Iki günlik köýýäni Emma jandan söýýäni Taparsyňmy? Bilmedim! Bolsa öňde sen dek gül Başda-başda saýrar dil Emma yşgyňda bilbil Taparsyňmy? Bilmedim! Bolar işin düz etjek
ylham_gurbanaly
ylham_gurbanaly
10.07.2022 14:20
Şükür ykbala, hemme zat ýeterli Ýöne ýalňyzlykdan beter ýadadym Telim gezek berdim şeýle soragy Garamy maňlaýym? Ýa-da sadadym? Bahar gelse gar ereýär, ýylaýar A biz bolsa tebigatyň tersine Gyşda