ylham_gurbanaly
14.07.2022 02:47
“Aklym” diýdim, jyda düşdüm aklymdan,
“Dünýäm” diýdim, ters aýlandy dünýämem.
Ýogsa sen aklymam, dünýämem däldiň,
Wah, men muny juda anyk bilýänem
welin,
Nämüçindir, ynjalygym ýok,
Gursagymy gyýyp barýar bir ynjy.
Hawa, sen akylam, dünýä hem däldiň,
Ýöne gyzlaň arasynda birinji –
Ähli gyzdan zyýadadyň.
Melekdiň,
Owadandyň.
Ajaýypdyň.
Näzikdiň.
Hut dälilik hetde ýetirdiň meni,
Dillen, serwim, dillen, maňa näm etdiň?

Nätdiň ýaňy gunça açan ýüregi?!
Gül ömrümi tagmaladyň dert bilen.
Ýer ýumruklap özelendim gideňde,
Dermanyňy bermän gitdiň, dert beren!

Derdim bilen ýatyp galýan gijeler,
Daňym atýar derdim bilen ýatyrkam.
Gel!
Dön!
Dolan!
Bu aýylganç dert bilen
Galan ömri men nähili ötirkäm?!


Sapa HOMMADOW
10
125
ylham_gurbanaly
14 Iýul 2022
Zümerret🌺, ýok, mende däl, başgalarda
ylham_gurbanaly
14 Iýul 2022
Zümerret🌺, sendede görnenokmy))
ylham_gurbanaly
14 Iýul 2022
Zümerret🌺, göze ýakymlysy şol:)
ylham_gurbanaly
14 Iýul 2022
Zümerret🌺, sorap göräýmeseň ulanýanlardan;) Näme surat?)
ylham_gurbanaly
14 Iýul 2022
Zümerret🌺, okuwçy döwrümiň aýdymy). Ýeke gramam islegim ýokdy şo tüssä)
ylham_gurbanaly
14 Iýul 2022
CrAzY Girl, tüsseden doldurdyň-aý. Ýigrenýän zadymy aýtma)
ay_kiz_
14 Iýul 2022
👍👍👍👍👍👍
ylham_gurbanaly
14 Iýul 2022
Kyýas2017, öň alyp goýanym, "arhiwimi" dörjeläp ýörkäm çykdy)
kyyas2017
14 Iýul 2022
👍❤👍👍👍👍👍 saýtdan aldyňmy
ylham_gurbanaly
14 Iýul 2022
Leýlashka_05, 👏👏👏 gowy goşgyň parhyny bilseňizem bir gowy)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.