Şükür ykbala, hemme zat ýeterli
Ýöne ýalňyzlykdan beter ýadadym
Telim gezek berdim şeýle soragy
Garamy maňlaýym?
Ýa-da sadadym?
Bahar gelse gar ereýär, ýylaýar
A biz bolsa tebigatyň tersine
Gyşda gyrawlan söýgüni eretmän,
Ýazda atdyk Gimalaýyň gerşine
Irizýär ynsany ýylgyrmaklygam
Ýasa bogulýarka içde pikirler
Ýöne, nätjek durmuş dowam edýärkä,
Medetkär Allahym,
Saňa şükürler!
Özüm bilen gürleşibem imrikdim
Ejizligem üstün çykýar güýç ýerne
Sesiň eşitmeg-ä beýle-de dursyn
Arasynda gelip gidäý düýşlerme
Ylham GURBANALYÝEW