ylham_gurbanaly
15.07.2022 01:06
Duýgularym

Içde mesgen tutdy, ýaşady olar
Barlygyny duýdurdylar söz bilen
Ne gije görüldi, ne-de bir gündiz,
Asla-asla görülmedi göz bilen

Juwan ýaşda juwanlygyn bildirtmän
Söz açdylar edil garrylar ýaly
Bagtly günleri-de boldy-la welin,
Muşakgatly hem-de görgüler ýary

Eden-etdilikler ýoluny kesip,
Haýkyrdy adamlaň ýalňyşlaryna
Dogryçyl bolany üçindir, belki
Uçrapdy ýalňyzlyk gargyşlaryna

Ýük etdiler, aladany, gussany
Bir pursadam ýaşamandy keşiksiz
Ýetim olar, söýgä, mähre zar mydam
Hem afrikaly çaga deý eşiksiz


Ylham GURBANALYÝEW
10
66
Ovezova_
15 Iýul 2022
YGurbanaly23,düşündüm sağja bol
ylham_gurbanaly
15 Iýul 2022
Ovezova_,keşik I, at. Biri ýa-da özüň üçin edilýän aladalaryň, hysyrdylaryň tutuşlygyna hemmesi. Ene agyr keşikden basylmady. Keşigini çekmek ahli hyzmatyny etmek, bar ýüküni öz gerdeniňde götermek. Maşgalanyň keşigini çekmek.

Alfons, bolýa)
Relax
15 Iýul 2022
YGurbanaly23, suratyñ infark bolupdyr oýdýän täzeden goýup goräý prfildaki ýalnyş düşünme ýöne)
Ovezova_
15 Iýul 2022
👏👏👏👏👏

Kesiz näme bolýa
ylham_gurbanaly
15 Iýul 2022
Biziňkä şeýle...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.