ylham_gurbanaly
09.12.2023 13:11
Munkyň çeken suratyndan elhenç men,
Niliň joşan akymy deý bulanyk.
Bir ýagşynyň dünýäsinde ýigrenç men,
Ýigrenç gözler synlar meni guwanyp.

Açyş men - ýigrim ikinji asyrdan,
Pazyrygyň halysyndan köne men.
Gözlemeli bor - bäşinji pasyldan,
Ker eşider, görünerin köre men.

Çaplini-de hereketsiz güldürip,
Wang:a palçy boljakdygny aýdan - men.
"Öli deňzi" bir ýumrukda öldirip,
"Ortaýeriň" ortasyndan gaýdan - men.

Syrlydyryn. (Piramidaň nusgasy)
Öňde-soňda diňlenmedik heňiňden.
Gepiň tümmek ýeri, gepiň gysgasy,
Ne seniň meňzeşiň, ne-de deňiň däl.

Meni mydam duýgulardan tapyň siz!
Ýaşan döwrüm iň gymmatly ömürjik.
Ynan diýmen, özüňize bakyň siz!
Men bir welin, öwüneýin şugünjik.


Ylham GURBANALYÝEW
09.12

*****
Kimiň nähili öwünesi gelipbatyyy)
Üýtgeşik öwgileri teswirde belle))
28
110
ylham_gurbanaly
09.12.2023 11:13
Дневник памятьи (Ýatlama gündeligi)

Görenler barmy?
(Men 5 ýyl ozal görüpdim). Görmedikler bolsa göriň, gyzykly we gynançly...

Kim nähili gyzykly kino bilýär?
37
159
ylham_gurbanaly
04.12.2023 22:50
Aureliýa agydan ýaňa çişen gözlerini Migelden gizlejegem bolup durmady.
– 300 000 dollar az zat däl, ezizim.
Migel ýogyn ses bilenem bolsa, gaty ysgynsyz dillendi.
– Hawa, az-a däl. Gaty köp.
– Üstesine, ol pul biziň beýlä süýşürip goýan pulumyzam-a däl.
– Ol düşnikli-le. Ýöne indi näme etmelidigi meni oýlandyrýar, ezizim.
– Näme etmelidigin-ä bilmedim welin, näme etmeli däldigin-ä bilýän, meselem, gaýdyp, şular ýaly, humar oýunmy näme, futbola pul dikmek işiniň gyrasynda görünmeli däl.
Migel ajy üsgürindi, ýerinden turup diwardaky kartaň ýanyna bardy, çep elini göweginiň üstünden geçirip, sag bykynyny elledi. Eli galamly sag eliniň tirsegini çep golunyň üstüne goýup, galamly eliniň başam barmagy bilen dişine bir-iki ýola urdy-da, harbylara mahsus üns bilen kartany synlamaga durdy. Bu boluş ýene Aureliýaň gaharyny getirdi.
– Özi şu ömrüňde şo zada pul goýup, 300 000 dollar utup gördüňmi?
Migel kartadan ünsüni sowup, kellesini çepe öwürdi.
– Aý, ýok, 40 000 dagy utandyryn. Ýöne şol 40 000-i utmak üçin meniň 3000 dollaram sarp etmänligimem unutmaly däl, ezizim.
– Oň ähmiýeti ýog-a, ezizim, bu gün sen 260 000 minusda bolsaň...
– Ýöne men düýn beýle däldim, Aureliýa. Bir işi bulaşan adamy ýerden alyp, ýere sokmak dogry däl. Galyberse-de, bärde bir ullakan taryhy şowsuzlyk boldy, ezizim. Men hatda «Barselonaň» diňe utarynam däl, deňlik bilen utuşyny alypdym. Deň oýnanam bolsa, meň çegim işlärdi, emma... tüýs bolmajagy-da. Ýöne sen meni humara pul dikip, öýüni dargadýanlaryň hataryna goşma, Aureliýa, men asla beýle adam däl.
– Wah, men ony bilýän, seni kemsitmegem islämok. Saňa bolan söýgime-de birjik-de şübhe etme. Men şu gürrüňleri owal-ahyram, utýan wagtlaryňam aýdýardym-a. Umuman, şu gowy zat däl. Kimdir biriniň zeýrenmesi, bergä batmagy esasynda gazanylýan utuşam gerek däl-le. Aýtsaň ynanmazlar welin, käbir musulman ýurtlarda şu zatlar gadaganmyşyn. Jenaýat edýän ýaly garaýarmyşlar. Dogram edýärler.
Migel kartany gözi bilen yzarlap, uzaklara bir ýere gözüni dikdi, elindäki galamy deger-degmez edip bir ýurduň töwereginde sandyratdy.
– Men saňa bir zatlar gürleýän welin, sen Owganystanyň töwereginde gezip ýörsüň...
Migel yzyna öwrüldi.
– Munça puluň köýenligi, onuňam karzlygy, galyberse-de seniň kakaňdan karz alnanlygy gow-a bolmady, ezizim.
– Ýok, entägem meň kakamdan alynanlygyna şükür et, ýöne biz ony üzmek üçin arassa 2 ýyl işlemeli bolarys.
– Kakaňam kemi ýok-la, kömek edip bilýär, beýleki giýewlerine elinden gelen kömegi etdi welin, olar, näme-de bolsa, öz bizneslerini ýola goýdular, ýagşy-ýaman menden gowy. Aslynda meň özümde mesele bar bolaýmasa, pul tapmak babatynda ukypsyz bolaýmasam. Ýa aradaky Madridden gelen teklibe giden bolsam gowy bolarmydy... aý, bilmedim, garaz, meňk-ä çüwenok..
– Ezizim, Migel, bu pul tapmaga ukypsyzlykdan däl, puly ýele sowmaga aşa ezberlikden bolýan zat. Kakamyň goldawy hemme gyzlaryna deň. Emma günüň nury deň düşeni bilen her kimiň kölegesi öz göwresine görä bolýar-da. Kakama näme diýdiň pul soranyňda?
– Garbanyşhanamy ulaltjak diýdim.
– Bolaýypdyr. Asylam biz şol garbanyşhanadan diňe bir adamyň adaty aýlygyndan sähel köpräk gazanç edýäs. Hamon, ahoblanko, paelýa ýaly her ýerden tapyp bolýan tagamlaryň bolmanam üýtgeşik gazanç beresi ýokla.
– Aslynda çegim işlän bolandady, Mursiýa gidip, paparahotes mursianosyň taýýarlanyşyny gowy öwrenmekçidim. Menem täzelik etmelidim. Ýöne şeýleräk boldy-da. Içigar galmyş, iň bolmanda deň oýnanam bolsa bolardy welin. Bu betbagtlyk diňe maňa däl, katalonlaryň köpüsine degişli bolaýmasa. Görýäň-ä, tutuş Barselona egnini gysyp otyr.
– Aý, hawa, şeýledir, belli toparmy ol? “Barselonany” utup bizi şu hala salan futbolçylar, hakykam, güýçli oýnaýan ekenlermi?
– Tälimçisi güýçli ekeni. Aznawur ýaly.
– Nireli tälimçi ol?
Migel ýerinden turup, ýene elindäki galam bilen kartaň ýanyna bardy. Deňzi süsüp duran öküze çalym edýän ýurduň daşyny çyzdy...
– Türkmenistanly.

29.06.2023

© Merdan BAÝAT

Çeşme: edebiyat.clan.su
24
73
ylham_gurbanaly
04.12.2023 12:59
Gökde gazlar berip gitdi - bir buşlyk,
Emma bahar görmedi meň gözlerim.
Gulagymy deşip barýar dymyşlyk,
Bogýar meni aýdylmadyk sözlerim.

Ýasama bolansoň uzak durmadyk,
Gülkiler hem ýylgyryşlar - samsyklaç.
Çaga wagtym asla gadry bolmadyk,
Eý, meň ukym!
Nirä gaçsaň aýdyp gaç!

Flamingonyň aýagyna kybapdaş,
göwräm bar,
Uly dünýäýe sygmaýan.
Meni aldap bolaýjak bir sebäp goş,
Wulkan boljak, on müň asyr çogmaýan.

Ýitigimi hiç aňymdan ýitirmän,
Şoň ugrunda agtarýaryn tedbiri.
Men - durmuşda hiç bir peýda getirmän,
Arzuwlarda ýaşap ýören keç biri...


Ylham GURBANALYÝEW
04.12
35
112
ylham_gurbanaly
01.12.2023 23:00
Gyşam bosagadan jyklaýar ýene...
Onuň gelmegi-de adaty ahwal.
Emma, aýralykdan sowan ýüregme
Wagtyndan öň gelen bolmagy ahmal.

Eýeläpdir bütin bedeni aňzak,
Söýgiň şuwwuldysam ýüregmi gyýýar.
Azajyk nur bolsa boljagam welin,
Tümlükde sowuklar has beter bolýar.

Dolan,
güneş nurun saç Mähribanym!
Gyş bilen birlikde ulaltma tüni.
Bu sowuklar asla kär ede bilmez,
Söýgiň, mähriň bilen ýylatsaň meni...


Ylham GURBANALYÝEW
2021
23
34
ylham_gurbanaly
29.11.2023 06:36
Güýz gijesi.
Adaty gün.
Noýabr.
Ümsümlik gurşapdyr töwerek-daşy.
Şemalyňam ýadandygy bildirýär,
Agaçlaram häzir yranok başyn.

*****

Çaga kalbyň bilen gelip dünýäme,
Gussalarmy oýun bilen ýapansyň.
Joşgun berip, röwşen berip her ýana,
Güýzde gelen müdümilik baharsyň.

****

Iller ekin, men arzuwym ekemde,
Umyt bilen zähmetini çekemde,
Bahar gülläp, güýz ýapragyn dökende
Gör, nämeler geçip gider meň bilen,
Nämeler sensiz...

*****

Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Haýra ýordum bolanlaryň baryny
Güýze döndi geçip giden baharym,
Tomus aldym gyşyň berjek garyny

*****

Ýyllar hoşlaşygy gezer ýatladyp,
Synlanymda perwazyny durnalaň.
Şonda hiç kim bilmez meni şat edip,
Peýdasyz - geçmişe gatnap durmalam.

*****

Daşymdan saralan güýze meňzeýän,
Buzluklaram gurşap barýar gursagym
Menem nalaç özgesine duşaryn,
Özge üçin urar seňem gursagyň

*****
Güýzmi?
Agaçmy?
Ýaprak?
Ýel?

Ykbalmy?
Ömürmi?
Menmi?
Sen?

*****

Günäkär däldir arş, ýa-da tebigat
Oň üçin gözýaşyn guýmazam asman.
...güýzde aňzak gyşy garşylan kalbym
Geljek gyşyň sowgyn duýmazam asla...

*****

Güýzde gülälekler bolýanam eken...
Güýzde gülälekler solýanam eken...

*****

Topraga aşykmyň, ýa ýele aşyk?!
Söýgi daragtyňdan gaçaryň ýaly...

*****

Ýalňyzlykdan ýaralanan ýüregim,
Yşkyň patasyny güýzüňde sowduň.
Ölenler gaýtadan direlse eger,
Diýerin: "ýüregim täzeden dogduň"

*****

Haýsymyz agaçdyk, haýsymyz ýaprak
Bilip yetişmänkäk güýz ýetip geldi

*****

Adat bolan endigine baş goşup,
Ýaprak bilen hoşlaşyp dur agaçlar.
Ýaşap ýörseň, ýene birje ýaş goşup,
Öňkisi deý geçip gider bu gyşlar.

*****

Bolanlary bir men bilýän, güýz bilýär.
Şükür diýip, awlap ýörün göwnümi.
San-sajaksyz sowallaram irizýär,
Edýänlerim nädogrymy?
Dogrymy?

*****

Her ýapragyň meňzeşini tapmadyk,
gözlem saňa meňzedermi her gyzy?!
Kemçilikler ýoldaş boldy biz bilen,
Aýralyga ýorar ýaly her güýzi...


Ýaprakdan gözleme güýzüň lezzetin...
Ýaprakdan gözleme güýzüň ezýetin...



Ylham GURBANALYÝEW
36
112
ylham_gurbanaly
25.11.2023 07:18
Neçün gussa şat günlerden tiz gelýär?
Nirä elter ykballaryň öwrümi?
San-sajaksyz sowallaram irizýär,
Edýänlerim nädogrymy?
Dogrymy?

Adat bolan endigine baş goşup,
Ýaprak bilen hoşlaşyp dur agaçlar.
Ýaşap ýörseň, ýene birje ýaş goşup,
Öňkisi deý geçip gider bu gyşlar.

Sany azalýarmy munda ýagşynyň,
Il dilinde "adamçylyk" ölüpdir.
Tygşytlylyk diýip öljek goňşumyň
Daşarky çyrasy ýene sönüpdir.

Bütin dünýä bilen habarly ýaly,
Bilmän durkam obamyzyň çetlerin.
Gije örän ümsüm - onkiniň ýary,
Sesleri ýok "hat alyşýan" itleriň.

Kalpdaky gohlary diňlejek bolýan,
Şondan uly, aýylganç bir ses bamy?
Ulydan dem alyp, ýeňlejek bolýan,
Içimden çykaryp gyzgyn tüssäni.

Bolanlary bir men bilýän, güýz bilýär.
Şükür diýip, awlap ýörün göwnümi.
San-sajaksyz sowallaram irizýär,
Edýänlerim nädogrymy?
Dogrymy?

Ylham GURBANALYÝEW
24.11.2023


******
1000-NJI ÝUBILEÝ POST.
35
150
ylham_gurbanaly
24.11.2023 12:19
Gelerin, gõrerin diýseňiz!

(Men-ä arman baryp bilemok).
Gidenler soň gürrüň berersiňizde)
31
116
ylham_gurbanaly
24.11.2023 06:08
Geçdigiçe geň göremok,
Adamlaryň haýrany kän.
Tagam dadyp ýalanlardan,
Sakgyç edip çeýnäni kän.

Gury ýerden iş bitenok,
Hantamadyr kömek eden.
Bir gün meni taşlar diýip,
Gorkup ýörün kölegeden.

Kelleleriň poslany hiç,
Batgalykda düşünjeler.
Iki juwan gürrüňinde,
Üç müň sözde müň ejeler.

Gülkinç görnen haýranlarma,
Durmuş meni iterip ýör.
G:aljak bolup, çöp göwrede,
Daýawlary göterip ýör.

"Söýdüm" diýlen "nobatçy söz",
Bu günki gün afişada.
Mollasypat, "akyl öýi" -
Içi heňlän hapysa-da.

Kiçi dilden "tüweleme" bar,
Görüplik bar ençe kalpda.
Ynam indi gözlenip ýör,
"Ynam" atly dörtje harpdan.

Bolmajaklaram bolup dur,
Tapawut ýok ertekiden.
Garny doklaň, gözleri aç
Kanagat ýok bir, ikiden.

Aýdylana geň görmäňem,
Aýdylmadyk zatlar köpdür...
Hakykaty aýtmasaň bor,
Senden gowy adam ýokdur...


Ylham GURBANALYÝEW
2022
31
95
ylham_gurbanaly
23.11.2023 11:22

Emgek bolup geçip gitmez kesel deý

Basdaş söýgim aslyşyp dur, näz edip.

Gijelerne ýüregim kän kösendi

Daňdana çen tapyp bilmän täzelik.


Ýyndam ýeller abaý edip şuwlanda,

Ýan bermejek dälidenem düňle sen.

Ak bulutlar gara ýeri suwlanda,

Ýagyş sesin goşgy kimin diňleseň.


Ömür ahyrsoňy hasrat-gaýgydyr,

Sowan aşy getirerler gyzdyryp.

Şahyr goşgy ýazmaz, ýazar ýazgydyn

Ýüreginden, üşüginden syzdyryp.


Derýa bar baýlygyn gizledi menden,

Haýp boldy poslap giden çeňňege.

Ýüküni ýetirip dürli-dümenden,

Meň ýüregim — dälilere eňňere!


Aýlar-günler ötüp durka utgaşyp,

Sessizligne gark bolmuşam daňlaryň.

Ýeri, haýsy ýerik gitjek sen gaçyp

Ýüzüň üste bakyp durka maňlaýyň?


Goşgy güýçli bolsa, tamdyrda otla!

Hawa, diňe şeýtseň berer ol çörek.

Şahyr bolmak hakda gürrüňem ýok-la,

Şahyr bolmak — ýazyp ýörmek biderek.


Senem iller ýaly çig süýt emensiň,

Saňa dogry çommalanda şol barmak.

Boýna salmak islär ýagly kemendin

Ýigitlerden gul ýasaýan ýalbarmak.


Hoş gal!

Ähli her dem hyýallar, hoş gal!

Şahyr göwün küýseginde gezende.

Alajy ýokdur oň çümmese goşga

Hemme oklar gözlerine gezelse.


Çyn goşgular möjeklerem mäleder,

Munda dogry çykmaz hiç bir deňleme.

Bu goşgular sag adamy däli eder,

Meň ýüregim — dälilere eňňere!



Sungat GURBANGELDIÝEW

22
59