ylham_gurbanaly
24.11.2023 06:08
Geçdigiçe geň göremok,
Adamlaryň haýrany kän.
Tagam dadyp ýalanlardan,
Sakgyç edip çeýnäni kän.

Gury ýerden iş bitenok,
Hantamadyr kömek eden.
Bir gün meni taşlar diýip,
Gorkup ýörün kölegeden.

Kelleleriň poslany hiç,
Batgalykda düşünjeler.
Iki juwan gürrüňinde,
Üç müň sözde müň ejeler.

Gülkinç görnen haýranlarma,
Durmuş meni iterip ýör.
G:aljak bolup, çöp göwrede,
Daýawlary göterip ýör.

"Söýdüm" diýlen "nobatçy söz",
Bu günki gün afişada.
Mollasypat, "akyl öýi" -
Içi heňlän hapysa-da.

Kiçi dilden "tüweleme" bar,
Görüplik bar ençe kalpda.
Ynam indi gözlenip ýör,
"Ynam" atly dörtje harpdan.

Bolmajaklaram bolup dur,
Tapawut ýok ertekiden.
Garny doklaň, gözleri aç
Kanagat ýok bir, ikiden.

Aýdylana geň görmäňem,
Aýdylmadyk zatlar köpdür...
Hakykaty aýtmasaň bor,
Senden gowy adam ýokdur...


Ylham GURBANALYÝEW
2022
31
95
alma___
24 Noýabr 2023
Garny doklañ gòzleri aç 👍👍
ylham_gurbanaly
24 Noýabr 2023
@okan, @geldiyevna, @awgust, 👏👏👏
ylham_gurbanaly
24 Noýabr 2023
@gulshatayewa97, Salam. Minnetdar)
ylham_gurbanaly
24 Noýabr 2023
@gul⁠✿, hakykaty aýtsaňam gödek bolaýýaň))
okan
24 Noýabr 2023
Aýdylmadyk zatlar köpdür ...👍👍👍👏👏👏
gulshatayewa97
24 Noýabr 2023
Tüweleme 👏 kiçi dilden däl ýöne 😜
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.