ylham_gurbanaly
04.12.2023 12:59
Gökde gazlar berip gitdi - bir buşlyk,
Emma bahar görmedi meň gözlerim.
Gulagymy deşip barýar dymyşlyk,
Bogýar meni aýdylmadyk sözlerim.

Ýasama bolansoň uzak durmadyk,
Gülkiler hem ýylgyryşlar - samsyklaç.
Çaga wagtym asla gadry bolmadyk,
Eý, meň ukym!
Nirä gaçsaň aýdyp gaç!

Flamingonyň aýagyna kybapdaş,
göwräm bar,
Uly dünýäýe sygmaýan.
Meni aldap bolaýjak bir sebäp goş,
Wulkan boljak, on müň asyr çogmaýan.

Ýitigimi hiç aňymdan ýitirmän,
Şoň ugrunda agtarýaryn tedbiri.
Men - durmuşda hiç bir peýda getirmän,
Arzuwlarda ýaşap ýören keç biri...


Ylham GURBANALYÝEW
04.12
35
112
ylham_gurbanaly
7 Dekabr 2023
@myhman, Bilýän. Menem dawalaşamok.
ylham_gurbanaly
5 Dekabr 2023
@myhman, Bagyşlaň welin bir giden sözlerimiz durka gelip gelip asmandan men türk sözüni alyp goýmaryn.
ylham_gurbanaly
5 Dekabr 2023
@myhman, tedbir [tetbi:r], at, k.d. Alaç, çäre. Sabyr eýlemek bile bitmez bu işiň, Tedbirin edere ýokdur hiç kimiň (Şasenem – Garyp). Häzir siziň öýüňizge baryp, bu işleriň tedbirini kylmagymyz gerek (Kasym oglan).
nabat_
4 Dekabr 2023
Adaptasiya..👍👍
ylham_gurbanaly
4 Dekabr 2023
ylham_gurbanaly
4 Dekabr 2023
@myhman, meselem, haýsy?
okan
4 Dekabr 2023
👏👏👏👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.