ylham_gurbanaly
04.12.2023 22:50
Aureliýa agydan ýaňa çişen gözlerini Migelden gizlejegem bolup durmady.
– 300 000 dollar az zat däl, ezizim.
Migel ýogyn ses bilenem bolsa, gaty ysgynsyz dillendi.
– Hawa, az-a däl. Gaty köp.
– Üstesine, ol pul biziň beýlä süýşürip goýan pulumyzam-a däl.
– Ol düşnikli-le. Ýöne indi näme etmelidigi meni oýlandyrýar, ezizim.
– Näme etmelidigin-ä bilmedim welin, näme etmeli däldigin-ä bilýän, meselem, gaýdyp, şular ýaly, humar oýunmy näme, futbola pul dikmek işiniň gyrasynda görünmeli däl.
Migel ajy üsgürindi, ýerinden turup diwardaky kartaň ýanyna bardy, çep elini göweginiň üstünden geçirip, sag bykynyny elledi. Eli galamly sag eliniň tirsegini çep golunyň üstüne goýup, galamly eliniň başam barmagy bilen dişine bir-iki ýola urdy-da, harbylara mahsus üns bilen kartany synlamaga durdy. Bu boluş ýene Aureliýaň gaharyny getirdi.
– Özi şu ömrüňde şo zada pul goýup, 300 000 dollar utup gördüňmi?
Migel kartadan ünsüni sowup, kellesini çepe öwürdi.
– Aý, ýok, 40 000 dagy utandyryn. Ýöne şol 40 000-i utmak üçin meniň 3000 dollaram sarp etmänligimem unutmaly däl, ezizim.
– Oň ähmiýeti ýog-a, ezizim, bu gün sen 260 000 minusda bolsaň...
– Ýöne men düýn beýle däldim, Aureliýa. Bir işi bulaşan adamy ýerden alyp, ýere sokmak dogry däl. Galyberse-de, bärde bir ullakan taryhy şowsuzlyk boldy, ezizim. Men hatda «Barselonaň» diňe utarynam däl, deňlik bilen utuşyny alypdym. Deň oýnanam bolsa, meň çegim işlärdi, emma... tüýs bolmajagy-da. Ýöne sen meni humara pul dikip, öýüni dargadýanlaryň hataryna goşma, Aureliýa, men asla beýle adam däl.
– Wah, men ony bilýän, seni kemsitmegem islämok. Saňa bolan söýgime-de birjik-de şübhe etme. Men şu gürrüňleri owal-ahyram, utýan wagtlaryňam aýdýardym-a. Umuman, şu gowy zat däl. Kimdir biriniň zeýrenmesi, bergä batmagy esasynda gazanylýan utuşam gerek däl-le. Aýtsaň ynanmazlar welin, käbir musulman ýurtlarda şu zatlar gadaganmyşyn. Jenaýat edýän ýaly garaýarmyşlar. Dogram edýärler.
Migel kartany gözi bilen yzarlap, uzaklara bir ýere gözüni dikdi, elindäki galamy deger-degmez edip bir ýurduň töwereginde sandyratdy.
– Men saňa bir zatlar gürleýän welin, sen Owganystanyň töwereginde gezip ýörsüň...
Migel yzyna öwrüldi.
– Munça puluň köýenligi, onuňam karzlygy, galyberse-de seniň kakaňdan karz alnanlygy gow-a bolmady, ezizim.
– Ýok, entägem meň kakamdan alynanlygyna şükür et, ýöne biz ony üzmek üçin arassa 2 ýyl işlemeli bolarys.
– Kakaňam kemi ýok-la, kömek edip bilýär, beýleki giýewlerine elinden gelen kömegi etdi welin, olar, näme-de bolsa, öz bizneslerini ýola goýdular, ýagşy-ýaman menden gowy. Aslynda meň özümde mesele bar bolaýmasa, pul tapmak babatynda ukypsyz bolaýmasam. Ýa aradaky Madridden gelen teklibe giden bolsam gowy bolarmydy... aý, bilmedim, garaz, meňk-ä çüwenok..
– Ezizim, Migel, bu pul tapmaga ukypsyzlykdan däl, puly ýele sowmaga aşa ezberlikden bolýan zat. Kakamyň goldawy hemme gyzlaryna deň. Emma günüň nury deň düşeni bilen her kimiň kölegesi öz göwresine görä bolýar-da. Kakama näme diýdiň pul soranyňda?
– Garbanyşhanamy ulaltjak diýdim.
– Bolaýypdyr. Asylam biz şol garbanyşhanadan diňe bir adamyň adaty aýlygyndan sähel köpräk gazanç edýäs. Hamon, ahoblanko, paelýa ýaly her ýerden tapyp bolýan tagamlaryň bolmanam üýtgeşik gazanç beresi ýokla.
– Aslynda çegim işlän bolandady, Mursiýa gidip, paparahotes mursianosyň taýýarlanyşyny gowy öwrenmekçidim. Menem täzelik etmelidim. Ýöne şeýleräk boldy-da. Içigar galmyş, iň bolmanda deň oýnanam bolsa bolardy welin. Bu betbagtlyk diňe maňa däl, katalonlaryň köpüsine degişli bolaýmasa. Görýäň-ä, tutuş Barselona egnini gysyp otyr.
– Aý, hawa, şeýledir, belli toparmy ol? “Barselonany” utup bizi şu hala salan futbolçylar, hakykam, güýçli oýnaýan ekenlermi?
– Tälimçisi güýçli ekeni. Aznawur ýaly.
– Nireli tälimçi ol?
Migel ýerinden turup, ýene elindäki galam bilen kartaň ýanyna bardy. Deňzi süsüp duran öküze çalym edýän ýurduň daşyny çyzdy...
– Türkmenistanly.

29.06.2023

© Merdan BAÝAT

Çeşme: edebiyat.clan.su
24
73
okayjy
5 Dekabr 2023
Kurbanowmyka trenniri 🤔👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.