Güýz gijesi.
Adaty gün.
Noýabr.
Ümsümlik gurşapdyr töwerek-daşy.
Şemalyňam ýadandygy bildirýär,
Agaçlaram häzir yranok başyn.
*****
Çaga kalbyň bilen gelip dünýäme,
Gussalarmy oýun bilen ýapansyň.
Joşgun berip, röwşen berip her ýana,
Güýzde gelen müdümilik baharsyň.
****
Iller ekin, men arzuwym ekemde,
Umyt bilen zähmetini çekemde,
Bahar gülläp, güýz ýapragyn dökende
Gör, nämeler geçip gider meň bilen,
Nämeler sensiz...
*****
Her gijede ýygnak boldy beýnimde,
Haýra ýordum bolanlaryň baryny
Güýze döndi geçip giden baharym,
Tomus aldym gyşyň berjek garyny
*****
Ýyllar hoşlaşygy gezer ýatladyp,
Synlanymda perwazyny durnalaň.
Şonda hiç kim bilmez meni şat edip,
Peýdasyz - geçmişe gatnap durmalam.
*****
Daşymdan saralan güýze meňzeýän,
Buzluklaram gurşap barýar gursagym
Menem nalaç özgesine duşaryn,
Özge üçin urar seňem gursagyň
*****
Güýzmi?
Agaçmy?
Ýaprak?
Ýel?
Ykbalmy?
Ömürmi?
Menmi?
Sen?
*****
Günäkär däldir arş, ýa-da tebigat
Oň üçin gözýaşyn guýmazam asman.
...güýzde aňzak gyşy garşylan kalbym
Geljek gyşyň sowgyn duýmazam asla...
*****
Güýzde gülälekler bolýanam eken...
Güýzde gülälekler solýanam eken...
*****
Topraga aşykmyň, ýa ýele aşyk?!
Söýgi daragtyňdan gaçaryň ýaly...
*****
Ýalňyzlykdan ýaralanan ýüregim,
Yşkyň patasyny güýzüňde sowduň.
Ölenler gaýtadan direlse eger,
Diýerin: "ýüregim täzeden dogduň"
*****
Haýsymyz agaçdyk, haýsymyz ýaprak
Bilip yetişmänkäk güýz ýetip geldi
*****
Adat bolan endigine baş goşup,
Ýaprak bilen hoşlaşyp dur agaçlar.
Ýaşap ýörseň, ýene birje ýaş goşup,
Öňkisi deý geçip gider bu gyşlar.
*****
Bolanlary bir men bilýän, güýz bilýär.
Şükür diýip, awlap ýörün göwnümi.
San-sajaksyz sowallaram irizýär,
Edýänlerim nädogrymy?
Dogrymy?
*****
Her ýapragyň meňzeşini tapmadyk,
gözlem saňa meňzedermi her gyzy?!
Kemçilikler ýoldaş boldy biz bilen,
Aýralyga ýorar ýaly her güýzi...
Ýaprakdan gözleme güýzüň lezzetin...
Ýaprakdan gözleme güýzüň ezýetin...
Ylham GURBANALYÝEW