Emgek bolup geçip gitmez kesel deý
Basdaş söýgim aslyşyp dur, näz edip.
Gijelerne ýüregim kän kösendi
Daňdana çen tapyp bilmän täzelik.
Ýyndam ýeller abaý edip şuwlanda,
Ýan bermejek dälidenem düňle sen.
Ak bulutlar gara ýeri suwlanda,
Ýagyş sesin goşgy kimin diňleseň.
Ömür ahyrsoňy hasrat-gaýgydyr,
Sowan aşy getirerler gyzdyryp.
Şahyr goşgy ýazmaz, ýazar ýazgydyn
Ýüreginden, üşüginden syzdyryp.
Derýa bar baýlygyn gizledi menden,
Haýp boldy poslap giden çeňňege.
Ýüküni ýetirip dürli-dümenden,
Meň ýüregim — dälilere eňňere!
Aýlar-günler ötüp durka utgaşyp,
Sessizligne gark bolmuşam daňlaryň.
Ýeri, haýsy ýerik gitjek sen gaçyp
Ýüzüň üste bakyp durka maňlaýyň?
Goşgy güýçli bolsa, tamdyrda otla!
Hawa, diňe şeýtseň berer ol çörek.
Şahyr bolmak hakda gürrüňem ýok-la,
Şahyr bolmak — ýazyp ýörmek biderek.
Senem iller ýaly çig süýt emensiň,
Saňa dogry çommalanda şol barmak.
Boýna salmak islär ýagly kemendin
Ýigitlerden gul ýasaýan ýalbarmak.
Hoş gal!
Ähli her dem hyýallar, hoş gal!
Şahyr göwün küýseginde gezende.
Alajy ýokdur oň çümmese goşga
Hemme oklar gözlerine gezelse.
Çyn goşgular möjeklerem mäleder,
Munda dogry çykmaz hiç bir deňleme.
Bu goşgular sag adamy däli eder,
Meň ýüregim — dälilere eňňere!
Sungat GURBANGELDIÝEW