wise
16.02.2024 20:52

SARALMASYN

Güýz paslyny sende görýän,

Saralan ol gül ýüzüňde,

Seň ýüregiň ýaralaryn,

Duýup bilmez hiç bir bende.


Aşyk güýzüň sarylygyna,

Hak söýgüniň barlygyna,

Ýalan söýgüň pidasyna,

Ýere düşer ýaprak ýaly.


Saralmasyn çyndan söýen,

Güler ýüzün soldurmaýan,

Her kimiň öz ýary bolsun,

Saraltmaýan,soldurmaýan.


Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna

18
25
wise
13.02.2024 23:01
Söýgiň manysy
Söýgi beýik düşündirip bolmayan,
Adamlarda täsin duýgy döreden,
Mukaddeslik çyn söýgüde görülen,
Söýgi. Söýgi. Ajaýyp duýgy.

Aslynda, Söýgi köp many berer,
Allany, Watany, Halkyny söýer,
Ene-ata,dogan-gardaş hemmämiz,
Söýgi gudratyndan dörän bendeler.

Awtor:Aygül Seýliýewa Çarymyradowna
16
15
wise
12.02.2024 19:54
DERMAN BERDIŇ
Dertler berdiň çeksin diýp,
Synagymdan geçsin diýip,
Gowy ýollara ýetsin diýip,
Ýany bilen derman berdiň.

Gije berdiň säheri bilen,
Derdi berdiň şypasy bilen,
Zähmet berdiň bereket bilen,
Haýyrlardan derman berdiň.

Kynlykdan soň, ýeňillik berdiň,
Azap edip ýeter diýdiň,
Isleglerni şeýdip alsa,
Şonda hormat goýar diýdiň.

Musulmanlyk parzyn berdiň,
Günäler ýok bolsun diýip,
Peygamberler,Pirler berdiň,
Jennedime ertsin diýip.

Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
Link: Seyliyewa Aygul 🖋️📚🇹🇲
22
26
wise
09.02.2024 01:03
OJAGYM MENIŇ
Baýlygyň esasy merkezi bizde,
Ýylgyryşdan doly ýüzlerem bizde,
Öýimiziň çaga gülküsem bizde,
Agzybir maşgalam ,ojagym meniň.

Irden turup Allaha şükür kylyp,
Myhman gelse giňden gujagmyz açyp,
Mähir-muhabbeti öýmize salyp,
Agzybir maşgalam, ojagym meniň.

Ejem-kakamyň barlygynda buýsanýan,
Dogan-jiglermiň şatlygyna begenýän,
Ýüzlerinde mydam ýylgyrşy görýän,
Agzybir maşgalam,ojagym meniň.

Özümi şeýlebir bagtly duýýan,
Mukaddes topragyň ysyny alyan,
Şu ojakda bagt paýymy alýan,
Agzybir maşgalam, ojagym meniň.

Awtor:Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
22
44
wise
08.02.2024 00:01
ÝARALY ÝÜREK
Umudyň üzülsün ondan,
Jaňlarňa jogap bermez ol.
"Salam gowmy" diyen hatyňdan,
"Salam gowy" diyip yazmaz ol.

Sebäpdir yüregni ikä böleniň,
Gözünüň öňünde ony aldanyň,
Yüreginde bitmez yara salanyň,
Ömür soňlansada ýüzüň görmez ol.

Näçe ýyllar boldy, saňa garaşdy,
Bir bagyşla sözüň ýetirdi oňa,
Giç boldy ýüregi daşa öwrüldi,
Bagyşla sözüňem inni almaz ol.

Ýykylanda galdyrjagy bolmady,
Ene-ata söýgüsin sende isledi,
Ne söygüni berdiň ne bagt berdiň,
Şeýle wakalary unudyp bilmez ol.

Geçer ajy ýyllar,edil düýş ýaly,
Bagt gapysy onuňam gapysyn açar.
Ajysyz süýji ýok diýilşi ýaly,
Edil erteki dek ýatlama geçer.

Awtor : Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
Link: Seyliyewa Aygul 🖋️📚🇹🇲
22
30
wise
07.02.2024 00:51
Jigime ýatlama
Gyzylgülüm,gyrmyzy gülüm diýerdik,
Ne günlere goýup gitdiň jigimjan.
Ýoklugyňy ýüregmizde sakladyk,
Ýüregmizde hasrat goýduň jigimjan.

Bile oýnan ýerlermizi synlamda,
Gözlerimden akýar ajy ýaşlarym,
Bile okan mekdebimize baramda,
Sensizlikden,agyrýandyr başlarym.

Öwrenerdik ähli zady bileje,
Kä gaty ÿörediñ,käte çalaja,
Sensiz geçýär günler,gözüm ýaşlyja,
Ýatlaman bolarmy geçen günlermi.

Ine bu gün gyşyň ilkinji aýy,
Seniň doglan günüň yetibem geldi,
Bilýän aýat- dogalarmyzyň bary,
Seniň üçin okaýarys gadyrlym.

Bilýän jaýyň jennet, hem ýagtylygny,
Asmanda perişde dek, uçýanlygyňy,
Ejeme jennetde ýer soranlygyňy,
Küýseýäs gadyrlym, küýseýäs seni.

Sensizlikde eýýäm alty ýyl geçdi,
Aýymyz ýylymyz bir güne döndi,
Ýalançy dünýäde wagt çalt geçdi,
Gadryňy bildirdiň sensizligiňde.

Arzuw etdiň çagalyk ýyllaryňda,
Şeýle maksatlar bar,talyplygymda,
Mugallym bolmakdy seň arzuwyňda,
Arzuwlaryň meniňki bolsun jigimjan.

Awtor:Aygul Seýliýewa Çarymyradowna


sekiz ýaşynda bu dünýäni terk eden jigimjanyň ýagty ýadygärligne bagyşlap düzdüm 😔
30
117
wise
06.02.2024 11:51
YNANDYM
Seniň üçin göz ýaşlara boguldum,
Günäleri diňe özümde gözledim,
Ýekeje günämi özümde gördüm,
Gözümi kör edip saňa ynandym.

Owadan sözleri başynda eştdim,
Hyýaly islege bürenip gitdim,
Ýalançynyň aldawundan saýlandym,
Söýýän diýen ýalanlaryňa ynandym.

Senden başga özgä göwnüm bermedim,
Ýüregime seniň adyňy ýazdym,
Ökünemok ýazgydymdyr bu meniň,
Ömrüme pent bolar saňa ynandym.

Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
12
27
wise
27.01.2024 12:17
RAZY MEN
Erkana,parahat ýurtda ýaşaýan,
Şu günüme, şu dünýäme razy men.
Enem-atam bir jan, bir ten meniň bilen,
Şu günüme, şu dünýäme razy men.

Mukaddes ülkäm bar, enem-atam bar,
Ýardam söýerlikde jebis halkym bar,
Hiç öçmejek geçmişim bar, düýnüm bar,
Şu günüme,şu dünýäme razy men.

Tebigatyň miwesi bar, suwy bar,
Guşjagazyň owazy bar, heňi bar,
Şeýle sebäpler bar josmagym üçin,
Şu günüme, şu dünýäme razy men.

Şükür Allah sabrym bar, söýgim bar,
Garaşsyz diýarda Arkadagym bar,
Kalbyma nur çoýan Serdarymyz bar,
Şu günüme, şu dünýäme razy men.

Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
20
25
wise
26.01.2024 05:54
SOŇLANAN SÖÝGI
Saňa ýazdyran goşgulary,
Seni çeken suratlary,
Saňa beren göz ýaşlary,
Tutar seni onuň ahy.

Diňe ýatlamalar galdy,
Olaram gerekmez indi,
Gynanýar ol ýeke zada,
Boş wagtyny gidirenne.

Ene-atasyn ýaňy yrypdy,
Söýýär diýip pikir etdi,
Düýşlerinde seni gördi,
Ony gynap agladanyň.

Allaň ýazan ýazgydydyr,
Uzak ilden tanamaklyk,
Tananyna ökünenok,
Belki onuň synagydyr.

Aýgül diýer iki dünýe,
Harlamaň siz söýgüňizi,
Söýülmeklik aňsat däldir,
Her kimede ýetdirmez bu.

Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
25
41
wise
25.01.2024 11:09
ÇEKEN BOLSAMDA
Birden gam gussalar gurşap alypdy,
Ýekelik duýgusyn dadan wagtymda,
Tümlük gijelerem şaýadym boldy,
Ýürek sensizlikde, ajy çekende.

Güldüm köpçülikde, gaýgym bildirmän,
Gamdan içim doly, syrym bildirmän,
Gepim edenlere, garşylyk bermän,
Ýaşadym, ajylary çeken bolsamda.


Men olardan umydymy üzmedim,
Her kimde ýalňyşlyk boloram diýdim,
Geçirimli bolup wagta garaşdym,
Geçiremlikdenem,ajy çekemde.

Eden ýagşylygmy dilime alman,
Daş bilen urany, aş bilen urdum,
Ynsan ogluna edip, ýaranyp bilmän,
Sahy bolup,ajy çeken bolsamda.

Bilenimden ak-garany saýgardym,
Ýöne garalary hiç ýazgarmadym,
Adamzatdyr olam düzeler diýdim,
Geçirimlik edip ýene-de çekdim.

Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
20
58