wise
27.01.2024 12:17
RAZY MEN
Erkana,parahat ýurtda ýaşaýan,
Şu günüme, şu dünýäme razy men.
Enem-atam bir jan, bir ten meniň bilen,
Şu günüme, şu dünýäme razy men.

Mukaddes ülkäm bar, enem-atam bar,
Ýardam söýerlikde jebis halkym bar,
Hiç öçmejek geçmişim bar, düýnüm bar,
Şu günüme,şu dünýäme razy men.

Tebigatyň miwesi bar, suwy bar,
Guşjagazyň owazy bar, heňi bar,
Şeýle sebäpler bar josmagym üçin,
Şu günüme, şu dünýäme razy men.

Şükür Allah sabrym bar, söýgim bar,
Garaşsyz diýarda Arkadagym bar,
Kalbyma nur çoýan Serdarymyz bar,
Şu günüme, şu dünýäme razy men.

Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
20
25
garik
27 Yanwar 2024
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.