wise
12.02.2024 19:54
DERMAN BERDIŇ
Dertler berdiň çeksin diýp,
Synagymdan geçsin diýip,
Gowy ýollara ýetsin diýip,
Ýany bilen derman berdiň.

Gije berdiň säheri bilen,
Derdi berdiň şypasy bilen,
Zähmet berdiň bereket bilen,
Haýyrlardan derman berdiň.

Kynlykdan soň, ýeňillik berdiň,
Azap edip ýeter diýdiň,
Isleglerni şeýdip alsa,
Şonda hormat goýar diýdiň.

Musulmanlyk parzyn berdiň,
Günäler ýok bolsun diýip,
Peygamberler,Pirler berdiň,
Jennedime ertsin diýip.

Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
Link: Seyliyewa Aygul 🖋️📚🇹🇲
22
26
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.