wise
25.01.2024 11:09
ÇEKEN BOLSAMDA
Birden gam gussalar gurşap alypdy,
Ýekelik duýgusyn dadan wagtymda,
Tümlük gijelerem şaýadym boldy,
Ýürek sensizlikde, ajy çekende.

Güldüm köpçülikde, gaýgym bildirmän,
Gamdan içim doly, syrym bildirmän,
Gepim edenlere, garşylyk bermän,
Ýaşadym, ajylary çeken bolsamda.


Men olardan umydymy üzmedim,
Her kimde ýalňyşlyk boloram diýdim,
Geçirimli bolup wagta garaşdym,
Geçiremlikdenem,ajy çekemde.

Eden ýagşylygmy dilime alman,
Daş bilen urany, aş bilen urdum,
Ynsan ogluna edip, ýaranyp bilmän,
Sahy bolup,ajy çeken bolsamda.

Bilenimden ak-garany saýgardym,
Ýöne garalary hiç ýazgarmadym,
Adamzatdyr olam düzeler diýdim,
Geçirimlik edip ýene-de çekdim.

Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
20
56
wise
26 Yanwar 2024
@mawy, salam sagboluň minnetdar
manolya
26 Yanwar 2024
Üstünlik awtora !
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.