wise
26.01.2024 05:54
SOŇLANAN SÖÝGI
Saňa ýazdyran goşgulary,
Seni çeken suratlary,
Saňa beren göz ýaşlary,
Tutar seni onuň ahy.

Diňe ýatlamalar galdy,
Olaram gerekmez indi,
Gynanýar ol ýeke zada,
Boş wagtyny gidirenne.

Ene-atasyn ýaňy yrypdy,
Söýýär diýip pikir etdi,
Düýşlerinde seni gördi,
Ony gynap agladanyň.

Allaň ýazan ýazgydydyr,
Uzak ilden tanamaklyk,
Tananyna ökünenok,
Belki onuň synagydyr.

Aýgül diýer iki dünýe,
Harlamaň siz söýgüňizi,
Söýülmeklik aňsat däldir,
Her kimede ýetdirmez bu.

Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
25
39
wise
26 Yanwar 2024
@okan, salam sagboluň
okan
26 Yanwar 2024
👍👍👍👏👏👏gowy goşgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.