Jigime ýatlama
Gyzylgülüm,gyrmyzy gülüm diýerdik,
Ne günlere goýup gitdiň jigimjan.
Ýoklugyňy ýüregmizde sakladyk,
Ýüregmizde hasrat goýduň jigimjan.
Bile oýnan ýerlermizi synlamda,
Gözlerimden akýar ajy ýaşlarym,
Bile okan mekdebimize baramda,
Sensizlikden,agyrýandyr başlarym.
Öwrenerdik ähli zady bileje,
Kä gaty ÿörediñ,käte çalaja,
Sensiz geçýär günler,gözüm ýaşlyja,
Ýatlaman bolarmy geçen günlermi.
Ine bu gün gyşyň ilkinji aýy,
Seniň doglan günüň yetibem geldi,
Bilýän aýat- dogalarmyzyň bary,
Seniň üçin okaýarys gadyrlym.
Bilýän jaýyň jennet, hem ýagtylygny,
Asmanda perişde dek, uçýanlygyňy,
Ejeme jennetde ýer soranlygyňy,
Küýseýäs gadyrlym, küýseýäs seni.
Sensizlikde eýýäm alty ýyl geçdi,
Aýymyz ýylymyz bir güne döndi,
Ýalançy dünýäde wagt çalt geçdi,
Gadryňy bildirdiň sensizligiňde.
Arzuw etdiň çagalyk ýyllaryňda,
Şeýle maksatlar bar,talyplygymda,
Mugallym bolmakdy seň arzuwyňda,
Arzuwlaryň meniňki bolsun jigimjan.
Awtor:Aygul Seýliýewa Çarymyradowna
sekiz ýaşynda bu dünýäni terk eden jigimjanyň ýagty ýadygärligne bagyşlap düzdüm 😔