vekil_city
18.11.2023 21:10
Häzir Ýaşlar Epdepsiz diýip olardan gaty görmäň (öýkelemäň), olar şu multiklerden Görelde alýalar..

1.Tarzan - Hemişe ýarym ýalaňaç gezýär
2.Pinokýo - Maşeýnik,Ýalançy
3.Red kit - Hemişe çilim çekýä
4.Alladin - Ogry
5.Rapunzel - Saçyny pese göýberip öýe erkek salýa
6.Garpamyk - 7 erkek bn ýatyp turýa
7.Zoluşka - Gije 00:00'dan soň öýüne gelýär
8.Maşajyk - Tokaýda ýeke özi gezýä.
27
257
vekil_city
17.11.2023 07:55

Ýene 10 ýyldan şeýle boljakmyş:

Gyz tarap oglana sawçy barjakmyş,

Hindileň şol däbi bize geljekmiş.

Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.


Gyzlaryň yzyndan barmaly dälmiş,

Näzlerini çekip ýörmeli dälmiş,

Galyň diýlen zadam bermeli dälmiş,

Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.


Bolmasa gyzlaryň okuwam işem,

Aljak dälmiş ony oglanlaň hijem.

Ýaman boldy gyzlar çykmasa bijäň,

Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.


Ýogsa oglanlary bildiňiz kösäp,

Ugryňyzda ylgap çekdiler azap,

Indi şol zatlara bermeli hasap,

Begeniň oglanlar, gynanyň gyzlar.


Öýlenmedik oglanlaň zamany gelse,

Ýollary açylyp ykbaly gülse,

Ýigitler ýaýnardy şeýleräk bolsa,

Begeniň oglanlar gynanyň gyzlar!


Awtory - Bilemok :)

Goşgyny gowy görüp paýlaşaýdym ))


Hormatlamak bilen, @Vekil_City

21
221
vekil_city
17.11.2023 00:02
1)Birlikden güýç-kuwwat dörär.

2)Wagt uly bir dermandyr.

3)Ýaşa we ýaşar

4)Pul gazanmak dyrnak bilen çukur gazmaga, puly ýitirmek gumlara suw dökmäge meňzär.

5)Ussat sungatçydyr diýip bilmek üçin halypaňy geçmek we özüňi özüňden geşjek bir şägirt ýetişdirmekdir.

6)Bu gün üçin ýaşa,ertir üçin arzuw et, düýniňden öwren.

7)Birlik bolmasa dirilik bolmaz.

8)Bir kaka dokuz çagany eklär emma dokuz çaga bir kakany eklemez.

9)A:jyň garny doýar gözi doýmaz.

10)Pyçak ýarasy biter, emma dil ýarasy bitmez.

11)Ýigit meýdana çykanda bellidir.

12)Eliňden gelýärkä erbetlige böwet bolmaýan ony tassyklaýan(goldaýan) diýmekdir.

13)Her gün öz elleriň bilen guran ýollaryňdan ýöreseň barmaly ýeriňe bararsyň.

14)Zenanlary erkekler olar terk edende özüne guwanma we naýynsaplyga eýe bolýarlar. Kalby dogry bolmaýan hiçbir iş etmelidäl.

15) Düýe gurulykda ýörär, ýöne birem ony batgalykda gör.

16)Geçiniň baş aýagy boljagyňa, goýnuň guýrygy bol.

17) Howlykmaýan towşana ýetişer.

18)Kör towyga her ýer dardyr.

19) Ýylan kowalasa ýola, düýe kowalasa beýiklige gaç.

20) Okaman molla bolan, gagyldamaýan garga bolar.

Terjime eden: Annagurban Annagurbanow.
20
29
vekil_city
16.11.2023 23:54
Bir adam, bir gije düýş görüpdir, düýşünde uzyn deňiz kenaryndaky çägede dosty bilen ýöreýän eken. Olar ýöreýän wagty hem asmanda şol adamyň durmuşy bir film sahnasy ýaly görünýärdi. Deňiz kenary adamyň durmuş ýoly ýalydy. Adam gumda 2 jübüt aýak yzyň bardygyny görýärdi. Bir jübüt özüniňki, bir jübüt dostunyňky.
Durmuş filminiň soňky sahnasy hem geçenden sonra adam gumdaky aýak yzlary ýene bir gezek seredip çykypdyr we bir zada haýran galypdyr:
Durmuş ýolunyň köp böleginde aýak yzlary bir jübüt bolyar eken we bu wagtlarda hem durmuşynyň iň agyr, iň kyn günleri eken.
Bu gören zady adamy gaty birahat edipdir we dostuna soramagy ýüregine düwüpdir.
Dostdum! Eger bir terslik etmedik bolsam, hemme wagt ýanymda boljagyňy, hemme wagt meniň bilen ýörejegiňi aýdypdyň... durmuş ýoluma seretýän welin iň agyr, iň erbet, iň ajyly günlerimde diňe bir jübüt aýak yzy görýän gumda...
Durmuşynyň aňsat günlerinde ýanymda ýöreýäň ekeniň, saňa iň mätaç wagtym meni terk edýäň.
Dosty ýylgyryp jogap berýär:
Söýgüli, mähriban, gadyrly dostum!
Men seni gaty gowy görýädim we hiç haçan seni terk etmedim. Gumdaky durmuş ýoluňda iň agyr günleriňde, iň kyn günleriňde, erbet wagtlaryňda diňe bir jübüt aýak yz gördüň.
Dykgatlyja seret!
Aýak yzlaryň çuňlaşýar.
Çünki o wagtlar men seni gujagyma alyp ýöreýardim...
16
47
vekil_city
16.11.2023 07:57

Salam hormatly we gadyrly agzalar! Aslynda durmuşda düşünip bolmaýan ýapyk we syrly ylym çeşmeleriniñ öte känligini elbetde biziñ ählimizem bilýäris. Köp soraglary jogapsyz goýýan syrly dünýäniñ gör, näçe milliardlap çözülmän galan meseleleri bar. Belki ol syrlar geljekki müñýyllyklaryñ dowamynda aýan bolar, belki-de olar indi hiç haçanam adamzat nesline äşgär bolmaz. Indi şu ýerde aýtjak bolýan zadym biziñ türkmen halkymyzyñ arasynda giñden ýaýran, ynanylmasy kyn bolan, eger ynanylan ýagdaýynda hem hiç kim tarapyndan doly we dogry düşündirilmezden, "diñe aýdylan zatlary etmeli" diýen düşünje bilen ýerine ýetirilýän ÇILE meselesiniñ üstünde durup geçesim gelýär. Mysal üçin, iki ýaş çatynja durmuş toýuny tutýar, ana şol ýerde iki juwan hem çileli bolýarmyşyn. Kyrk günläp toýa, ýasa barmaly dälmişin. Toýa barjak bolsa toý edýäniñ eýesi duz çalyşmalymyşyn. Bäbekleri bolansoñ ýene-de kyrk günläp äri, gelni we bäbejigi çilelimişin we ýene-de ýokardaky düzgünler. Bir zat bolsa, mysal üçin çagajyk dümewlese, ejesi ýa-da kakasy syrkawlasa dagyn boldugydyr. "Çile düşendir" diýişýäler. Nähili düşýä, nädip düşýä, näme üçin ala-böle diñe türkmen halkynda şeýle bolýar? Sorag berseñem kanagatlandyjy jogap ýok. Ýa-da "Çile" diýilýän zat aýylganç bir wirusmyka, ýa bakteriýamyka, ýa-da ol diñe türkmene Beýik Alla tarapyndan iberilen serpaý ýa jezamyka? Magtymgulynyñ, Kerim şahyryñ, Seýdiniñ, Mollanepesiñ we beýleki öwreniji, ýazyjy alym şahyrlaryñ kitaplarynda şeýle ýazgylar ýok. Bu zatlar kimiñ işikä? Kim bu zatlary açyş edip subut etdikä? Umuman "çile" meselesinde gaty kän soraglar ýüze çykýar we doly düşündiriş berip bilýän adam ýok. Diñe bir zat: "öñden gelýän zat" gadyrly agzalar, dostlar, şu mesele boýunça öz pikirleriñiz, garaýyşlaryñyz bar bolsa belläp bilersiñiz! Menä belli jogap tapmadym şu meselede...


Köneler, Adgjmptw tarapyndan 9 years ago.


Geliň şu mowzuk barada pikir alyşalyň...


Hormat bilen, @Vekil_City


16.11.2023, 06:46.

18
181
vekil_city
15.11.2023 10:49

Iň uly we iň kiçi ölçegleri aňlatmak üçin täze metrik goşulmalar tassyklandy – ronna, “quetta” (kwetta), ronto we “quecto” (kwekto).


Häzirki wagtda maglumatlar we ölçegler yzygiderli üýtgeýär we olary aňlatmak üçin täze sözlere zerurlyk duýulýar. Käbir ölçegleri ozalky birlikler bilen aňlatmakda kynçylyk döreýär. Mälim bolşy ýaly metrik ölçeg birlikleri soň­ky bir ýa­rym asyr­dan bä­ri dün­ýä­dä­ki Pa­riž­dä­ki Hal­ka­ra ag­ram­lar we öl­çeg­ler býu­ro­sy (BIPM) ta­ra­pyn­dan kes­git­le­nýär. Bu eda­ra wagt, uzyn­lyk, mas­sa, elekt­rik aky­my, tem­pe­ra­tu­ra, ýag­ty­ly­gyň dy­kyz­ly­gy we mad­da­nyň muk­da­ry ýa­ly je­mi ýe­di esa­sy öl­çeg bir­li­gi­ni ül­ňü­leş­dir­ýär. Bu bir­lik­ler teh­no­lo­gi­ýa we söw­da üçin hök­ma­ny ha­sap­lan­ýar. Alym­lar hem öz yl­my iş­le­rin­de he­mi­şe şol bir­lik­ler­den peý­da­lan­ýar­lar. Metrik ulgam üçin ylalaşylan global ülňi bolan Halkara Birlikler Ulgamyna (SI) soňky otuz ýyldan bäri täze goşulmalar girizildi. Sözüň öňünden goşulýan bu goşulmalar (prefiks) has uly sanlar üçin ronna we kwetta hem-de has kiçi sanlar üçin ronto we kwekto goşulmalary ulanylar. Şeýlelikde “kilo” we “milli” ýaly ozaldan mälim bolan goşulmalaryň sany artar.


Täze üýtgeşme Halkara Birlikler Ulgamyny dolandyrýan 27-nji Ag­ram­lar we öl­çeg­ler Baş Maslahatyna gatnaşan dünýäniň dürli ýerlerinden gatnaşan alymlar we hökümet wekilleri tarapyndan kabul edildi. Şeýle ýygnak adatça dört ýyldan bir gezek Parižiň günbataryndaky Wersal köşgünde geçirilýär. Täze öň goşulmalar örän kiçi käbir jisimleri aňlatmagy aňsatlaşdyrar. Birleşen Patyşalygyň Milli Fizika Laboratoriýasynyň ylmy işgäri Riçard Broun uzaklyk däl-de massa bilen düşündirmeli bolan bolanda Ýer planetasynyň agramynyň 6 ronnagramadygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä bu söz 6 belgisinden soňra 27 nol (6.000.000.000.000.000.000.000.000.000) diýmegi aňladýar. Ýupiteriň agramy bolsa, 2 kwettagram töwerigi.


Täze prefiksleriň ölçeg ulgamynyň geljege taýýarlanmagy we planetanyň azyndan geljek 20-25 ýyllap has uly sanlary aňlatmagy üçin ýeterlik boljakdygy bellenilýär.


Ýeri gelende bellesek, Pa­riž­dä­ki Hal­ka­ra ag­ram­lar we öl­çeg­ler býu­ro­sy tarapyndan 2018-nji ýyl­da mas­sa öl­çeg bir­li­gi bo­lan ki­log­ram, elekt­rik aky­my bo­lan am­per, ýy­ly­lyk bir­li­gi bo­lan kel­win we mad­da muk­da­ry bo­lan mo­luň kes­git­le­me­si üýt­ge­dil­ipdi. Hä­zir­ki wagt­da mol­dan baş­ga äh­li öl­çeg bir­lik­le­ri ýe­ke-täk öl­çe­ge, ýag­ny wag­ta gö­rä saz­la­nan. My­sal üçin, met­riň kes­git­le­me­si şöh­lä­niň se­kun­dyň 299 mil­li­on 792 müň 458-den bir bö­le­gi ýa­ly wagt­da ge­çen ýo­ly diý­lip ha­sap­lan­ýar. Ki­log­ram hem bi­raz çyl­şy­rym­ly usul ar­ka­ly se­kun­da gö­rä saz­lan­ýar.


Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.


Hormat bilen, @Vekil_City.

15
23
vekil_city
15.11.2023 08:05

Dur­muş­da hem­me zat ha­sap­ly, öl­çeg­li. Daý­han ýe­re ha­çan, nä­me ek­jek­di­gi­ni, nä­çe­räk to­hum sep­jek­di­gi­ni, nä­çe­räk ha­syl al­jak­dy­gy­ny ha­sap­la­ýar. Tür­gen her gün­de nä­çe­räk maşk et­me­li­di­gi­ni, nä­çe metr yl­ga­ma­ly­dy­gy­ny ha­sap­la­ýar. Sü­rü­ji ula­gy­nyň nä­çe litr ýan­gyç bi­len nä­çe ýol ge­çip bil­jek­di­gi­ni bil­me­li. Ba­za­ra ba­ryp erik al­jak bo­la­ny­ňyz­da, sa­ty­ja nä­çe­räk ge­rek­di­gi­ni aýt­ma­ly. Eşik al­jak bo­la­ny­ňyz­da onuň hem öl­çe­gi bar. Ulu­dan ki­çä äh­li zat ha­sap­lan­ýar. Öl­çeg, ha­sap bol­maz­dan eden işiň­den ne­ti­je al­mak kyn. Şol se­bäp­li meý­dan, göw­rüm, wagt, ag­ram ha­sap­lan­ýar. Eý­sem, se­siň hem öl­çe­gi­niň bar­dy­gy­ny eşi­dip­mi­di­ňiz?!

Se­siň ba­dy­nyň hem öl­çe­gi bar. Ol de­si­bel (dB) bi­len öl­çen­ýär. Ada­myň gu­la­gy­nyň eşi­dip bil­jek iň pes se­si “0” dB ha­sap­lan­ýar. Se­siň öl­çeg bir­li­gi beý­le­ki zat­la­ryň­ky­dan ta­pa­wut­ly­rak. My­sal üçin, ag­ram öl­çe­nen­de, 20 kg 10 kg-yň iki es­se­si ha­sap­lan­ýar. Em­ma ses­de 20 dB 10 dB-den 10 es­se güýç­li. 30 dB bol­sa, 10 dB-den 100 es­se güýç­li diý­lip ka­bul edil­ýär. Py­şyr­dap gep­le­şi­len­de 30 dB ses çyk­ýar. Ti­kin ma­şy­nyň hem-de öza­ra gep­le­şi­len­dä­ki se­siň güý­ji or­ta­ça 60 dB bol­ýar. Uly ýük ma­şyn­la­ry­nyň geç­ýän ýo­lun­da çyk­ýan se­siň güý­ji 90 dB-e ba­ra­bar bol­ýar. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän byç­gy, be­ton de­şi­ji en­jam 100 dB ses çy­kar­ýar. Kos­mo­sa ibe­ril­ýän ra­ke­ta hem güýç­li ses çy­kar­ýar. Is­len­dik za­dyň se­si­niň güý­ji on­dan uzak­laş­dy­gyň­ça pe­sel­ýär.


Aşa gal­ma­galyň täsiri

Bi­ler­men­ler 85 dB-den ýo­ka­ry se­siň bar ýe­rin­de gün­de 8 sa­gat­dan köp gez­me­giň eşi­diş uky­by­ny pe­sel­dip bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. Şol se­bäp­li gal­ma­gal­ly ýer­ler­den ga­ça dur­mak mas­la­hat be­ril­ýär. Gu­lak­lyk bi­len uzak wagt­lap aý­dym-saz diň­le­mek hem zy­ýan­ly ha­sap edil­ýär. Kö­çe­de ýa-da is­len­dik gal­ma­gal­ly ýer­ler­de gu­lak­lyk bi­len aý­dym diň­le­mek has zy­ýan­ly. Se­bä­bi, şeý­le ýer­ler­de da­şar­dan gel­ýän se­si bas­ma­gy üçin öz diň­le­ýän aý­dy­my­ňy­zy has ga­ty ses­de goý­ma­ly bol­ýar.


Çeşme: Zamanturkmenistan.com.tm


Sizem töweregiňizdäki gurşawyň sesiniň ölçegini bilesiňiz gelse Google Play-a girýäňiz, "шумомер" diýip ýazýaňyz, degişli programmany tapýaňyz we enjamyňyza gurnaýaňyz we girip görýäňiz ))

Gowja programma eken, özüm ulanyp görüp size-de maslahat bermek isledim :)

Surat hem şol programmadan skrinşot :)

Ýeri näme, saglykda ulanyň ))


@Vekil_City

14
29
vekil_city
14.11.2023 08:06

Ikinji bölüm.


Ki­çi­ çil­le. Ol 17-nji ýanwardan 7-nji fewrala çenli dowam edýär. Bu döwürde hem aýazly we garly günler bolýar. Mal bakmak üçin amatsyz howa şertleri ýygy-ýygydan gaýtalanýar we ony çarwa adamlar halamaýarlar. Muňa degişli halk arasynda “Kiçi çillede bal hem bolsaň damma, uly çillede gan hem bolsaň dynma” diýilýän sözler bar.


8-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli döwür ýene-de Garagyş diýilip atlandyrylýar. Türkmenlerde şeýle hem Çeltek we arpa gyş hasaby bar. Onda gyş möwsümi 22-nji fewraldan has ir tamamlanýar.


Indi bolsa Çeltek hasaby barada durup geçeliň. Ýokardaky hasap boýunça 20-nji fewralda togsan dolýar. Emma Çeltek hasaby boýunça togsan bu möhletinden 10 gün öň dolýar. Halk arasyndaky gürrüňe görä, Çeltek hasabyny ýöredýän adama Gögüş diýerler eken. 10-njy fewralda Gögüş: «Adamlar, Çeltek hasaby boýunça şu gün 90 dolýar, şu gijeden soň gyş gutarýar” diýenmiş. Ol gije bolsa galyň gar düşüpdir. Gögüşiň aýaly ertesi irden daş çyksa, arkasyna çuwal ýazylan arryk düýeleri garyň aşagynda görünmeýän eken. Ol öýe kürsäp girip: “Segseniň-de gursun, togsanyň-da. Gögüşeý, düýämize näme bolaýypdyr! Ol janawar garyň aşagynda galypdyr” diýenmiş. Onda Gögüş: “Bä, ýalňyşaýdykmykak, hany saryýagly golça eliňi sokup gör, ýag doňmy ýa-da erginmi?” diýip sorapdyr. Onda aýaly ýagy barlap, “Ergin” diýip jogap beripdir. Onda “Hop ýagşy, ýalňyşmandyrys. Bu gar günorta çenli erär” diýip, Gögüş aýdanmyş. Aýdyşy ýaly hem gar çalt eräpdir.


Çarwa­ now­ru­zy. Türkmenlerde 22-nji fewralda gyş gutarýar we ýaz pasly başlanýar. Muny “Ilkagşam Ülkerim depämde bolsa, ýazym üstümde bolar” diýen halk nakyly tassyklaýar. Bu döwür 21-nji marta çenli dowam edýär. Häzirki ylmy maglumatlara görä, gyş pasly Ýerbentde 27-nji fewralda, Türkmenabatda 22-nji fewralda, Aşgabatda we Tagtabazarda 18-nji fewralda gutarýar.


Şeýlelikde, Ýyldyz senenamasy oba hojalyk bilen baglanyşykly işleriň esasy bolup hyzmat edipdir. Ýöne şu ýerde türkmenlerde şemsi, kamary, oba hojalyk we durmuş senenamalarynyň hem bardygyny bellemek gerek.


 


Taýýarlan Meretgeldi ATABAÝEW. Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.


Soňy.

@Vekil_City

12
8
vekil_city
13.11.2023 07:19

Ýyldyzlary synlap, olaryň hereket edýän ugry, dogýan we ýaşýan wagtlary hem-de ýyldyz atlarynyň gelip çykyşlary bilen gyzyklanmaýan adam az bolsa gerek.


Irki döwürde Türkmenistanyň çäginde çarwalar we daýhanlar, alymlar we bu ugurdan höwesekler Günüň hem-de Aýyň hereketinden başga, planetalara we has ýagty ýyldyzlara gözegçilik edipdirler. Olaryň ýyl içinde dogýan we ýaşýan wagty oba hojalyk işleri bilen sazlaşdyrylypdyr. Ol “Ýyldyz senenamasy” diýlip atlandyrylyp, türkmenlerde ýörgünli hasaplaryň biri bolupdyr.


Häzirki wagtda halk arasynda ünsden düşürilen, ýatdan çykarylan, ýöne ylmy we amaly ähmiýetli ýyldyz senenamasyna seredip göreliň. Bu senenama hem beýleki senelerde bolşy ýaly, 12 döwürden ybarat, ýöne olarda günleriň sany birmeňzeş däldir.


Now­ruz­ (21-nji­mart).­Ýagny, gije bilen gündiziň ýazky deňleşik wagty. Gün şol wagtda Balyklar ýyldyz toparynyň arasyndan dogýar we günbatarda ýaşýar. Eýranda we Owganystanda Täze ýyl baýramy. Pars dilinde “Now” — Täze, “ruz” — gün diýmekdir. Bu döwürde orta hasap bilen Türkmenistanyň günorta böleginde giçki aýazlar sowulýar, howanyň ortaça gyzgynlygy 10 gradusdan ýokary galýar we ýagýan ygalyň mukdary çürtkesik artýar. Nowruz — munuň özi ýaz-meýdan işleriniň başlanýan wagtydyr. Bu döwürde owlak-guzy almak işi alnyp barylýar. “Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli”, “Nowruzda hiç bolmanda, geçiň şahyny ezse-de hasyla garaşyber” diýmek bilen, daýhanlar ekişe girişipdirler.


Ül­ker. Bu döwür apreliň başlarynda günbatar gözýetimde Öküzçe (Teles) ýyldyzlar toparyna degişli Ülker (Pleýady) ýyldyz toplumynyň batmagy bilen başlanýar. Ülker 8-9 sany körek ýyldyzlardan ybarat. Muňa halk arasynda Sekiz topbak hem diýilýär. Ülker, takmynan, 12-nji aprelde batýar, ýagny, Günüň şöhlelerinde gark bolýar. Ülker batanda senenama hasaby (1-nji ýanwar 12-nji aprel) laýyk 100 güne deň bolýar we Ülker döwri 22 nji iýula çenli dowam edýär. Ol hem 100 gün bolýar. Ülker döwri (12-nji aprel 22-nji iýul) soňra gitdigiçe azalýar we bu ýagdaý bilen daýhanlar hojalyk işlerini baglanyşdyrypdyrlar.


Meselem, Ülker batandan soň 20 gün geçende (2-nji maý) jöwen we künji, 40 gün geçende (22-nji maý) şaly ekilýär we güýzlük dänelik ekinler ýygnalýar, 60 70 gün geçende (2-nji 10-njy iýun) bolsa nohut, dary ýaly oba hojalyk ekinleri ekilip gutarylýar. Daýhanlaryň Ülker hasabynyň häzirki ylmy esasda alnyp barylýan ekiş wagtlaryna dogry gelýändigini bellemek gerek.


Ülker wagtyna degişli halk arasynda “Ülker ýaşdy gyş, (25-nji noýabr), Ülker dogdy tomus” (12-nji maý) ýa-da “Ülker desse astynda ýatmaz” diýilýär. Bu nakyllar Ülkeriň ýazyň ahyrynda dogýandygyny we gyşyň başynda ýaşýandygyny delillendirýär.


Käbir ýyllarda (20-nji aprel 10-njy maý aralygynda) ygal örän köp ýagýar. Bu ýagdaýda türkmenler “Ülker suwa batdy” diýýärler.


Ara­lyk. Aralyk ýyldyz ady bolup, Kiçi köpek ýyldyzlar toparynyň ýagşysydyr (Prosion). Aralyk 22-nji iýunda dogýar we munda iň uzyn gündiz, iň gysga gije bolýar. Şeýle hem bu döwür gije-gündiziň ýazky we güýzki deňleşik wagtynyň aralygydyr. Aralyk daýhan üçin tomusda gyzgalaňly iş döwrüdir. Aralyk döwri 22-nji iýula çenli dowam edýär. Bu döwür yssy bolýar.


Üç­ ýyl­dyz. Bu döwür gündogar gözýetimde Orion ýyldyz guşaklygyna degişli. Üçýyldyzyň görünmegi bilen başlanýar. Üçýyldyz döwri 22-nji iýuldan 12-nji awgusta çenli dowam edip, oňa tomsuň “Kiçi çillesi” hem diýilýär. Türkmenler bu döwre “Saryja tomus” hem diýýärler. Ylmy maglumatlardan belli bolşy ýaly, bu döwürde Türkmenistanyň çäginde, Özbegistan we Täjigistan döwletlerinde, Eýranda hem-de Owganystanda howanyň ýagdaýyny aňladyjy sinoptiki görkezijide köplenç açyk we gurak howalar bolup, gündizine howanyň derejesi 40-46 gradusa çenli ýokary galýar. Gijesine bolsa bulutsyz howada ýer üstüniň intensiw sowamagy netijesinde, gyzgynlyk peselýär, hatda çägeleriň üstünde çyg hem emele gelýär. Şu ýerden hem türkmenleriň “Üçýyldyzda tün sowar, ýaldyrakda — Gün” diýip, ýerliksiz aýtmandyklary görünýär. “Tün” türki dil toparynda “gije” manysyny berýär.


Bu döwürde ekiş geçirilmän, ýetişdirilen hasyl ýygnalýar, mallar üçin ot iým taýýarlanylýar. Daýhanlar arasynda muňa degişli “Eset-bes et” diýen nakyl bar. Bu nakyl Eset aýynda (şemsi aý hasaby boýunça iýul-awgust) ekin ekmegi bes etmelidigini görkezýär. Esetde we ondan soňky aýlarda ekilen ekinleriň hasyly bişip ýetişmeýär (ak ekinler).


Ýal­dy­rak. ­Bu döwür gündogar gözýetimde ertirine irden Uly köpek ýyldyzlar toparyna degişli iň ýagty ýyldyz bolan Ýaldyragyň (Siriusyň) dogmagy bilen hasaba girýär. Ol 12-nji awgustdan 23-nji sentýabra çenli dowam edip, ol döwre tomsuň “Uly çillesi” hem diýilýär. Bu döwürde hem Türkmenistanyň çäginde açyk we ygalsyz howa bolup, onuň ortaça aýlyk gyzgynlygy 28-31 derejä, absolýut maksimum bolsa 48 derejä çenli ýokary galýar. Muňa degişli halk arasynda “Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny” diýlip aýdýarlar. Beýle diýildigi Ýaldyragyň doglany entek görünmänkä, Üçýyldyz ep-esli ýokary galýar diýildigidir.


Ýaldyrak dogandan soň howa az-kem çigreýär, otlaryň üstüne çyg hem düşýär.


Ýaldyrak dogandan soň bakja ekinleri ýetişýär, tebigy ösümliklerden hyşa gulpaklap başlaýar. Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda pagta ýygymyna girişilýär. Maldarçylykda bolsa güýz gyrkym işleri başlanýar.


Mi­zan Gündiziň we gijäniň güýzki deňleşik wagty — 23-nji sentýabr. Ol 23-nji sentýabrdan 22-nji oktýabra çenli dowam edýär. Asman gümmezinde Mizan ýyldyzlar topary, Üçýyldyza meňzeş bolýar. Olar biri-birinden dogýan we ýaşýan wagtlary boýunça tapawutlydyrlar. Halk arasynda bu hakynda şeýle aýdylýar: “Üçýyldyzdan bolmaz Mizan terez». “Mizan” arap dilinde “Terezi” diýmek. Bu wagt Gün Gyz (Dewa) ýyldyzlar toparynda bolýar we gös-göni günbatarda ýaşýar. Munda hemme oba hojalyk ekinleri bişip ýetişýär we ýygnalýar. Käbir ýyllarda, arktiki howa akymlarynyň aralaşmagy netijesinde irki aýazlar bolup geçýär. Onuň wagty Darganatada 20-nji sentýabrda, Ýolötende, Repetekde, Daşoguzda 21-26-njy sentýabrda we Baýramalyda 30-njy sentýabrda bolup geçýär. Mizan döwründe güýzlük arpa we bugdaý ekilýär.


Ak­rap. Bu döwür 23-nji oktýabrdan 22-nji noýabra çenli dowam edýär. Akrap arapça “Içýan” diýen sözi aňladýar. Gün bu wagt Içýan ýyldyzlar toparynyň arasy bilen dogýar. Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda oba hojalyk ekinlerini sowuk urýar. Muňa degişli halkymyz bir näçe nakyllary döredipdir. Meselem: “Mizanda urmasam, hazanda uraryn, hazanda urmasam, akrapda, akrapda urmasam, ahyretde hem urmaryn” ýada “Mizan çalyp, hazan uran” diýýärler. Bu ýerde hazan ýyldyz manysynda gelmän, ol güýzüň ortasynda öwüsýän sowuk şemal, ýagny, irki aýazlar görnüşinde gelýär. “Hazan” pars sözi bolup, “Güýz” diýmekligi aňladýar.


Gyş. Türkmenlerde gyş döwri 23-nji noýabrdan tä 23-nji fewrala çenli dowam edýär. Käbir ýyllarda 22-nji noýabrda gar hem ýagýar. Maldarçylykda jogapkärli döwür başlanýar.


Ga­ra­gyş. Ol 22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Türkmenistanyň hemme ýerinde howanyň we topragyň temperaturasy nol derejeden pese düşýär. Ýer üstüniň gar bilen örtülýän wagtlary bolýar. Çarwalaryň Garagyş hasaby meteorologiki maglumatlara dogry gelýär, ýagny, bu döwürde howanyň gije-gündizlik temperaturasy 5 derejeden aşak düşüp, gyş pasly başlanýar. Gyş pasly Ýerbentde 24-nji noýabrdan, Türkmenabatda 26-njy noýabrdan, Aşgabatda we Tagtabazarda 6-njy dekabrdan başlanýar. Uly­ çil­le. Ol 7-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. “Çil” parsça “Kyrk” diýmekdir.


Uly çille gyşyň örküji hasaplanýar we uzak dowam edýär. Muňa degişli halk arasynda “Gara goýunda guýruk goýman, saknyk aýalda — hamyrmaýa” diýen sözler bar. Bu döwürde aýazly we ygally howalar köp gaýtalanýar. Ygalyň köp düşmegi topragy yzgarlandyrýar we onuň hasyllylygyny artdyrýar. Muňa degişli “Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýazsyramaz” ýa-da “Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz” diýen nakyllar döräpdir.


Dowamy bar.

17
24
vekil_city
13.11.2023 07:18

Obanyň ilersindäki täze jaýlaryň ortasyndan geçýän uly ýol bilen barýan Abadan ene ýoluň gyrasyndaky kaşaň ak tama sowuldy. Ol açyk duran gapa baryp seslendi:

- Aýjemal gelin, öýdemisiň?! – Jogap bolmandan soň, içerik seretdi. Giň jaýyň töründe sallançagyň bagyny tutup, perişan halda oturan gelne gözi düşdi. Bir gapdala çekildi-de:

- Aýjemal gelin, barmysyň?! – diýip, öňküden birneme batlyrak seslendi.

- Hawa, geliberiň – diýen gyryljak sesiň yzy bilen, işigiň agzynda görmegeý, ýaş gelin peýda boldy.

Garaşmadyk myhmanyha gözi düşen Aýjemal, aljyraňly seslendi:

- Abadan eje!... Bu asyl sizmi?! Geliň–geçiň!

Abadan eje, gelinde dörän oňaýsyzlygy aňsa-da, onuň özüni görüp begenendigini duýdy.

- Saglykmy gelin! Sag-aman oturanmysyňyz? Çagalar sagmy? Hemme uly–kiçi gurgunçylykmy? Bäbejigem ýaşy uzyn bolsun!

- Taňryýalkasyn! Şükür oturandyrys. Özüňizem gurgunmysyňyz? Öý–içerler saglykmy? Bize geläýdiňizmi, bir oňat!

- Ýaňy, ötüp barýardym–da, daş işikde serlen akja arlyklary görüp, “bäbejige ýaşyuzyn bolsun diýeýin” –diýip, sowulaýdym. Oglanjykmy, gyzjagaz?

- Oglanjyk.

- Hany, goç ogly ýüzümize bir sylaly... Tüweleme. Bular taýlyja ýaly–la – diýip, sallançakda hersiniň kellesini bir gapdala goýup ýatyrlan gyzjagaz bilen bäbegi gören Abadan ene, eglip gyzjagazyň gulpajygyny sypady.

- Akja balalar, ömrüňiz uzak bolsun! Il–günüňiz aman, ýurduňyz abat bolsun! Ata–eneňiz, dogan–garyndaşyňyz bilen “berdim” diýip, bereninden bolsun. Rysgyňyzy, abraýňyzy eçilsin – diýip, bäbegi üç gezek ýüzüne syldy. Soňra, hoşallyk bilen ýylgyryp oturan gelne ýüzlendi:

- Bujagazlaryň atlary näme?

- Gunça bilen Guwanç.

- Allanäme... Atlaryna eýe bolsunlar! Özleri ýaly atlaram eýjejik ekeni. Tüweleme, tüweleme...


Abadan ene hezzet–hormat edilip, öňüne goýlan nygmatlardan datdy. Düýe ýüňünden dokalan saçagy usulluk bilen dolady. “Toýluk bolsun” etdi. Öňündäki humçäýnekden käsesine çaý guýundy. Ol Aýjemalyň solgun ýüzüne, ýellenip duran gabaklaryna,teýi gussaly owadan gözlerine içgin seredip, mylaýymlyk bilen habar sorady.


Abadan enäniň tarypyny eşdip ýören, onuň iliň ýagşysyna ýaraýandygyndan habarly, birnäçe gowy işlere sebäpkär bolandygyny bilýän Aýjemal, ondan syr gizlemedi. Içini dökdi. Sylag–sarpaly eneden agzybir, sylanşykly ýaşamagyň syryny sorady. Gelni ünsli diňlän ene, Aýjemalyň çagalykdan diýenine “däl” diýilmän ösen gyz bolup, düşen öýünde–de özüniňkini gögertjek bolýan ekenligini aňlady. Gelnine gep düşündirip bilmeýän ýigidiň käte gyzmalyk edýändigine düşündi. Ýyllar geçdigi saýy, bu ýagdaýyň ýatyşman, barha ýaramazlaşýandygyny bildi. Hatda ýaşlaryň hossarlaryndan aýratyn, özbaşdak öýe çykanlaryndan soňam, goh-galmagalyň peselmändigine göz ýetirdi. Sesini çykarman gelni diňländen soňra, şeýle diýdi;

- Maşgalalarda döreýän agzalalyklaryň dürli sebäpleri bolup biler. Şonuň ýaly-da, olaryň çözgütleri hem dürlidir. Ýöne, seniň öýüňdäki ýagdaýy düzetmek üçin, men saňa bir zat bereýin. Bir salym garaş – diýdi-de, öz öýüne gidip geldi. Ol öz ýany bilen getiren içi “derman suwly” gaby Aýjemalyň eline berdi.

- Ynha, şu gapdaky agzybirlik üçin derman. Her gezek öz gaharyň gelende ýa-da ýanýoldaşyň gaharlanyp başlasa, sesiňi çykarman, ogrynça şundan owurtla. Ýöne, ýuwutman agzyňda sakla. Öz ýanyňdanam san sana. Üç ýüz, bäş ýüz sanaber. Haçan gaharyňyz ýatyşyp asudalyk aralaşandan soň, hiç kime görkezmän agzyňdakyny dök. Soňra “hudaýa şükür” diý-de ýanýoldaşyň, çagalaryň atlarynyň yzyna “jan” goşup içiňden gaýtala – diýdi.


...Bu wakadan soň aý aýlandy. Bir gün Abadan ejäniň öýüne, bäbegni göterip, gyzjagaznyň elinden tutup Aýjemal geldi. Ol Abadan eje bilen, onuň gelinleridir, agtyklary bilen gadyrly salamlaşdy. Onuň ýagtylan ýüzüne, mähirden doly gözlerine gözi düşen ene, mylaýym ýylgyryp, mylakatly söz gatdy:

- Tüweleme. Geliň balalar! Özüňiz geläýdiňizmi? Geleniňiz oňat boldy. Özüm size baraýyn diýip otyrdym. Guwanç jana niýetlän sallançak bagymy örüp gutaryp oturşym. Gunça gyzyma-da alajabag örüp goýdum.

Abadan eje owadan elbukjasyna elini ýetirdi. Onuň içinden sallançak bagydyr, alajany alyp Aýjemala uzatdy.

- Ynha, balalar. Nesip etsin!


Myhman geline hödür–kerem edilip, bir salym oturanlaryndan soňra, Abadan eje onuň ýagdaýlaryny sorady. Aýjemal öýünde asudalyk aralaşandygyny, soňky wagtlar özüniňem, ýanýoldaşynyňam gaharjaňlyklarynyň galandygyny aýtdy. Has dogrusy, adamsynyň mylakatly bolup, özüniňem oňa bolan mähriniň artandygyny gürrüň berdi. Minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem dermanlyk suwynyň gutarandygyny aýdyp, ýene-de şondan bermekligini sorady. Bu sözleri diňläp, baş atyp, ýylgyryp oturan ene, oňa şeýle diýdi;

- Aýjemaljan! Ol dermanyň size nepiniň ýeteni örän oňat bolupdyr. Ýöne, sen menden aýyplaşmawer gelnim! Onuň taýýarlanyşy barada aýtsam. Seniň owurdyňda saklan suwyňy, ynha şu öz öýümdäki ýönekeý suwdan eltipdim. Ol biziň öz içip ýören suwymyzdan bolmaly. Onda hiç hili syram ýok, jadyly güýjem. Onsoňam bu iş, bu synanşyk, edil meniň öz tapan zadymam däldir. Has irräk, könelermiziň synagyndan geçen işdir bu. Indi sen agzyň suwsuzam, suwly ýaly özüňi saklamagy başarsaň agzybirligiňiz, öýüň asudalygy ýene-de dowam eder. Eger saklanyp bilmejek bolsaň, öz öýüňdäki suwdan agzyňa alsaňam bolar. Erkek adamlar tiz bolagandyr. Olar mamla bolmadyk mahalynda hem zenan sabyrly bolsa, soň köşeşer gider olar. Sen bu iş üçin menden nägile bolup, göwün etmäweri keýgim!...


Abadan ejäni ünsli diňläp oturan gelin, onuň suw barada aýdanlaryna, bir bada äm–säm boldy. Üýşerilip onuň ýüzüne seretdi. Ýuwaş–ýuwaşdan meňzi gyzaryp aşak bakdy. Ol ähli ýagdaýlary serinde aýlap, seljerenden soň, uýaljyrap ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Soňra Abadan eje bilen hoşlaşdy. Akja bäbegini bagryna basyp, gyzjagazynyň golundan tutup, öz öýüne dolandy

13
16