Durmuşda hemme zat hasaply, ölçegli. Daýhan ýere haçan, näme ekjekdigini, näçeräk tohum sepjekdigini, näçeräk hasyl aljakdygyny hasaplaýar. Türgen her günde näçeräk maşk etmelidigini, näçe metr ylgamalydygyny hasaplaýar. Sürüji ulagynyň näçe litr ýangyç bilen näçe ýol geçip biljekdigini bilmeli. Bazara baryp erik aljak bolanyňyzda, satyja näçeräk gerekdigini aýtmaly. Eşik aljak bolanyňyzda onuň hem ölçegi bar. Uludan kiçä ähli zat hasaplanýar. Ölçeg, hasap bolmazdan eden işiňden netije almak kyn. Şol sebäpli meýdan, göwrüm, wagt, agram hasaplanýar. Eýsem, sesiň hem ölçeginiň bardygyny eşidipmidiňiz?!
Sesiň badynyň hem ölçegi bar. Ol desibel (dB) bilen ölçenýär. Adamyň gulagynyň eşidip biljek iň pes sesi “0” dB hasaplanýar. Sesiň ölçeg birligi beýleki zatlaryňkydan tapawutlyrak. Mysal üçin, agram ölçenende, 20 kg 10 kg-yň iki essesi hasaplanýar. Emma sesde 20 dB 10 dB-den 10 esse güýçli. 30 dB bolsa, 10 dB-den 100 esse güýçli diýlip kabul edilýär. Pyşyrdap gepleşilende 30 dB ses çykýar. Tikin maşynyň hem-de özara gepleşilendäki sesiň güýji ortaça 60 dB bolýar. Uly ýük maşynlarynyň geçýän ýolunda çykýan sesiň güýji 90 dB-e barabar bolýar. Elektrik energiýasy bilen işleýän byçgy, beton deşiji enjam 100 dB ses çykarýar. Kosmosa iberilýän raketa hem güýçli ses çykarýar. Islendik zadyň sesiniň güýji ondan uzaklaşdygyňça peselýär.
Aşa galmagalyň täsiri
Bilermenler 85 dB-den ýokary sesiň bar ýerinde günde 8 sagatdan köp gezmegiň eşidiş ukybyny peseldip biljekdigini belleýär. Şol sebäpli galmagally ýerlerden gaça durmak maslahat berilýär. Gulaklyk bilen uzak wagtlap aýdym-saz diňlemek hem zyýanly hasap edilýär. Köçede ýa-da islendik galmagally ýerlerde gulaklyk bilen aýdym diňlemek has zyýanly. Sebäbi, şeýle ýerlerde daşardan gelýän sesi basmagy üçin öz diňleýän aýdymyňyzy has gaty sesde goýmaly bolýar.
Çeşme: Zamanturkmenistan.com.tm
Sizem töweregiňizdäki gurşawyň sesiniň ölçegini bilesiňiz gelse Google Play-a girýäňiz, "шумомер" diýip ýazýaňyz, degişli programmany tapýaňyz we enjamyňyza gurnaýaňyz we girip görýäňiz ))
Gowja programma eken, özüm ulanyp görüp size-de maslahat bermek isledim :)
Surat hem şol programmadan skrinşot :)
Ýeri näme, saglykda ulanyň ))