Obanyň ilersindäki täze jaýlaryň ortasyndan geçýän uly ýol bilen barýan Abadan ene ýoluň gyrasyndaky kaşaň ak tama sowuldy. Ol açyk duran gapa baryp seslendi:
- Aýjemal gelin, öýdemisiň?! – Jogap bolmandan soň, içerik seretdi. Giň jaýyň töründe sallançagyň bagyny tutup, perişan halda oturan gelne gözi düşdi. Bir gapdala çekildi-de:
- Aýjemal gelin, barmysyň?! – diýip, öňküden birneme batlyrak seslendi.
- Hawa, geliberiň – diýen gyryljak sesiň yzy bilen, işigiň agzynda görmegeý, ýaş gelin peýda boldy.
Garaşmadyk myhmanyha gözi düşen Aýjemal, aljyraňly seslendi:
- Abadan eje!... Bu asyl sizmi?! Geliň–geçiň!
Abadan eje, gelinde dörän oňaýsyzlygy aňsa-da, onuň özüni görüp begenendigini duýdy.
- Saglykmy gelin! Sag-aman oturanmysyňyz? Çagalar sagmy? Hemme uly–kiçi gurgunçylykmy? Bäbejigem ýaşy uzyn bolsun!
- Taňryýalkasyn! Şükür oturandyrys. Özüňizem gurgunmysyňyz? Öý–içerler saglykmy? Bize geläýdiňizmi, bir oňat!
- Ýaňy, ötüp barýardym–da, daş işikde serlen akja arlyklary görüp, “bäbejige ýaşyuzyn bolsun diýeýin” –diýip, sowulaýdym. Oglanjykmy, gyzjagaz?
- Oglanjyk.
- Hany, goç ogly ýüzümize bir sylaly... Tüweleme. Bular taýlyja ýaly–la – diýip, sallançakda hersiniň kellesini bir gapdala goýup ýatyrlan gyzjagaz bilen bäbegi gören Abadan ene, eglip gyzjagazyň gulpajygyny sypady.
- Akja balalar, ömrüňiz uzak bolsun! Il–günüňiz aman, ýurduňyz abat bolsun! Ata–eneňiz, dogan–garyndaşyňyz bilen “berdim” diýip, bereninden bolsun. Rysgyňyzy, abraýňyzy eçilsin – diýip, bäbegi üç gezek ýüzüne syldy. Soňra, hoşallyk bilen ýylgyryp oturan gelne ýüzlendi:
- Bujagazlaryň atlary näme?
- Gunça bilen Guwanç.
- Allanäme... Atlaryna eýe bolsunlar! Özleri ýaly atlaram eýjejik ekeni. Tüweleme, tüweleme...
Abadan ene hezzet–hormat edilip, öňüne goýlan nygmatlardan datdy. Düýe ýüňünden dokalan saçagy usulluk bilen dolady. “Toýluk bolsun” etdi. Öňündäki humçäýnekden käsesine çaý guýundy. Ol Aýjemalyň solgun ýüzüne, ýellenip duran gabaklaryna,teýi gussaly owadan gözlerine içgin seredip, mylaýymlyk bilen habar sorady.
Abadan enäniň tarypyny eşdip ýören, onuň iliň ýagşysyna ýaraýandygyndan habarly, birnäçe gowy işlere sebäpkär bolandygyny bilýän Aýjemal, ondan syr gizlemedi. Içini dökdi. Sylag–sarpaly eneden agzybir, sylanşykly ýaşamagyň syryny sorady. Gelni ünsli diňlän ene, Aýjemalyň çagalykdan diýenine “däl” diýilmän ösen gyz bolup, düşen öýünde–de özüniňkini gögertjek bolýan ekenligini aňlady. Gelnine gep düşündirip bilmeýän ýigidiň käte gyzmalyk edýändigine düşündi. Ýyllar geçdigi saýy, bu ýagdaýyň ýatyşman, barha ýaramazlaşýandygyny bildi. Hatda ýaşlaryň hossarlaryndan aýratyn, özbaşdak öýe çykanlaryndan soňam, goh-galmagalyň peselmändigine göz ýetirdi. Sesini çykarman gelni diňländen soňra, şeýle diýdi;
- Maşgalalarda döreýän agzalalyklaryň dürli sebäpleri bolup biler. Şonuň ýaly-da, olaryň çözgütleri hem dürlidir. Ýöne, seniň öýüňdäki ýagdaýy düzetmek üçin, men saňa bir zat bereýin. Bir salym garaş – diýdi-de, öz öýüne gidip geldi. Ol öz ýany bilen getiren içi “derman suwly” gaby Aýjemalyň eline berdi.
- Ynha, şu gapdaky agzybirlik üçin derman. Her gezek öz gaharyň gelende ýa-da ýanýoldaşyň gaharlanyp başlasa, sesiňi çykarman, ogrynça şundan owurtla. Ýöne, ýuwutman agzyňda sakla. Öz ýanyňdanam san sana. Üç ýüz, bäş ýüz sanaber. Haçan gaharyňyz ýatyşyp asudalyk aralaşandan soň, hiç kime görkezmän agzyňdakyny dök. Soňra “hudaýa şükür” diý-de ýanýoldaşyň, çagalaryň atlarynyň yzyna “jan” goşup içiňden gaýtala – diýdi.
...Bu wakadan soň aý aýlandy. Bir gün Abadan ejäniň öýüne, bäbegni göterip, gyzjagaznyň elinden tutup Aýjemal geldi. Ol Abadan eje bilen, onuň gelinleridir, agtyklary bilen gadyrly salamlaşdy. Onuň ýagtylan ýüzüne, mähirden doly gözlerine gözi düşen ene, mylaýym ýylgyryp, mylakatly söz gatdy:
- Tüweleme. Geliň balalar! Özüňiz geläýdiňizmi? Geleniňiz oňat boldy. Özüm size baraýyn diýip otyrdym. Guwanç jana niýetlän sallançak bagymy örüp gutaryp oturşym. Gunça gyzyma-da alajabag örüp goýdum.
Abadan eje owadan elbukjasyna elini ýetirdi. Onuň içinden sallançak bagydyr, alajany alyp Aýjemala uzatdy.
- Ynha, balalar. Nesip etsin!
Myhman geline hödür–kerem edilip, bir salym oturanlaryndan soňra, Abadan eje onuň ýagdaýlaryny sorady. Aýjemal öýünde asudalyk aralaşandygyny, soňky wagtlar özüniňem, ýanýoldaşynyňam gaharjaňlyklarynyň galandygyny aýtdy. Has dogrusy, adamsynyň mylakatly bolup, özüniňem oňa bolan mähriniň artandygyny gürrüň berdi. Minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem dermanlyk suwynyň gutarandygyny aýdyp, ýene-de şondan bermekligini sorady. Bu sözleri diňläp, baş atyp, ýylgyryp oturan ene, oňa şeýle diýdi;
- Aýjemaljan! Ol dermanyň size nepiniň ýeteni örän oňat bolupdyr. Ýöne, sen menden aýyplaşmawer gelnim! Onuň taýýarlanyşy barada aýtsam. Seniň owurdyňda saklan suwyňy, ynha şu öz öýümdäki ýönekeý suwdan eltipdim. Ol biziň öz içip ýören suwymyzdan bolmaly. Onda hiç hili syram ýok, jadyly güýjem. Onsoňam bu iş, bu synanşyk, edil meniň öz tapan zadymam däldir. Has irräk, könelermiziň synagyndan geçen işdir bu. Indi sen agzyň suwsuzam, suwly ýaly özüňi saklamagy başarsaň agzybirligiňiz, öýüň asudalygy ýene-de dowam eder. Eger saklanyp bilmejek bolsaň, öz öýüňdäki suwdan agzyňa alsaňam bolar. Erkek adamlar tiz bolagandyr. Olar mamla bolmadyk mahalynda hem zenan sabyrly bolsa, soň köşeşer gider olar. Sen bu iş üçin menden nägile bolup, göwün etmäweri keýgim!...
Abadan ejäni ünsli diňläp oturan gelin, onuň suw barada aýdanlaryna, bir bada äm–säm boldy. Üýşerilip onuň ýüzüne seretdi. Ýuwaş–ýuwaşdan meňzi gyzaryp aşak bakdy. Ol ähli ýagdaýlary serinde aýlap, seljerenden soň, uýaljyrap ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Soňra Abadan eje bilen hoşlaşdy. Akja bäbegini bagryna basyp, gyzjagazynyň golundan tutup, öz öýüne dolandy