Ikinji bölüm.
Kiçi çille. Ol 17-nji ýanwardan 7-nji fewrala çenli dowam edýär. Bu döwürde hem aýazly we garly günler bolýar. Mal bakmak üçin amatsyz howa şertleri ýygy-ýygydan gaýtalanýar we ony çarwa adamlar halamaýarlar. Muňa degişli halk arasynda “Kiçi çillede bal hem bolsaň damma, uly çillede gan hem bolsaň dynma” diýilýän sözler bar.
8-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli döwür ýene-de Garagyş diýilip atlandyrylýar. Türkmenlerde şeýle hem Çeltek we arpa gyş hasaby bar. Onda gyş möwsümi 22-nji fewraldan has ir tamamlanýar.
Indi bolsa Çeltek hasaby barada durup geçeliň. Ýokardaky hasap boýunça 20-nji fewralda togsan dolýar. Emma Çeltek hasaby boýunça togsan bu möhletinden 10 gün öň dolýar. Halk arasyndaky gürrüňe görä, Çeltek hasabyny ýöredýän adama Gögüş diýerler eken. 10-njy fewralda Gögüş: «Adamlar, Çeltek hasaby boýunça şu gün 90 dolýar, şu gijeden soň gyş gutarýar” diýenmiş. Ol gije bolsa galyň gar düşüpdir. Gögüşiň aýaly ertesi irden daş çyksa, arkasyna çuwal ýazylan arryk düýeleri garyň aşagynda görünmeýän eken. Ol öýe kürsäp girip: “Segseniň-de gursun, togsanyň-da. Gögüşeý, düýämize näme bolaýypdyr! Ol janawar garyň aşagynda galypdyr” diýenmiş. Onda Gögüş: “Bä, ýalňyşaýdykmykak, hany saryýagly golça eliňi sokup gör, ýag doňmy ýa-da erginmi?” diýip sorapdyr. Onda aýaly ýagy barlap, “Ergin” diýip jogap beripdir. Onda “Hop ýagşy, ýalňyşmandyrys. Bu gar günorta çenli erär” diýip, Gögüş aýdanmyş. Aýdyşy ýaly hem gar çalt eräpdir.
Çarwa nowruzy. Türkmenlerde 22-nji fewralda gyş gutarýar we ýaz pasly başlanýar. Muny “Ilkagşam Ülkerim depämde bolsa, ýazym üstümde bolar” diýen halk nakyly tassyklaýar. Bu döwür 21-nji marta çenli dowam edýär. Häzirki ylmy maglumatlara görä, gyş pasly Ýerbentde 27-nji fewralda, Türkmenabatda 22-nji fewralda, Aşgabatda we Tagtabazarda 18-nji fewralda gutarýar.
Şeýlelikde, Ýyldyz senenamasy oba hojalyk bilen baglanyşykly işleriň esasy bolup hyzmat edipdir. Ýöne şu ýerde türkmenlerde şemsi, kamary, oba hojalyk we durmuş senenamalarynyň hem bardygyny bellemek gerek.
Taýýarlan Meretgeldi ATABAÝEW. Murgap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Soňy.