vekil_city
13.11.2023 07:19

Ýyldyzlary synlap, olaryň hereket edýän ugry, dogýan we ýaşýan wagtlary hem-de ýyldyz atlarynyň gelip çykyşlary bilen gyzyklanmaýan adam az bolsa gerek.


Irki döwürde Türkmenistanyň çäginde çarwalar we daýhanlar, alymlar we bu ugurdan höwesekler Günüň hem-de Aýyň hereketinden başga, planetalara we has ýagty ýyldyzlara gözegçilik edipdirler. Olaryň ýyl içinde dogýan we ýaşýan wagty oba hojalyk işleri bilen sazlaşdyrylypdyr. Ol “Ýyldyz senenamasy” diýlip atlandyrylyp, türkmenlerde ýörgünli hasaplaryň biri bolupdyr.


Häzirki wagtda halk arasynda ünsden düşürilen, ýatdan çykarylan, ýöne ylmy we amaly ähmiýetli ýyldyz senenamasyna seredip göreliň. Bu senenama hem beýleki senelerde bolşy ýaly, 12 döwürden ybarat, ýöne olarda günleriň sany birmeňzeş däldir.


Now­ruz­ (21-nji­mart).­Ýagny, gije bilen gündiziň ýazky deňleşik wagty. Gün şol wagtda Balyklar ýyldyz toparynyň arasyndan dogýar we günbatarda ýaşýar. Eýranda we Owganystanda Täze ýyl baýramy. Pars dilinde “Now” — Täze, “ruz” — gün diýmekdir. Bu döwürde orta hasap bilen Türkmenistanyň günorta böleginde giçki aýazlar sowulýar, howanyň ortaça gyzgynlygy 10 gradusdan ýokary galýar we ýagýan ygalyň mukdary çürtkesik artýar. Nowruz — munuň özi ýaz-meýdan işleriniň başlanýan wagtydyr. Bu döwürde owlak-guzy almak işi alnyp barylýar. “Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli”, “Nowruzda hiç bolmanda, geçiň şahyny ezse-de hasyla garaşyber” diýmek bilen, daýhanlar ekişe girişipdirler.


Ül­ker. Bu döwür apreliň başlarynda günbatar gözýetimde Öküzçe (Teles) ýyldyzlar toparyna degişli Ülker (Pleýady) ýyldyz toplumynyň batmagy bilen başlanýar. Ülker 8-9 sany körek ýyldyzlardan ybarat. Muňa halk arasynda Sekiz topbak hem diýilýär. Ülker, takmynan, 12-nji aprelde batýar, ýagny, Günüň şöhlelerinde gark bolýar. Ülker batanda senenama hasaby (1-nji ýanwar 12-nji aprel) laýyk 100 güne deň bolýar we Ülker döwri 22 nji iýula çenli dowam edýär. Ol hem 100 gün bolýar. Ülker döwri (12-nji aprel 22-nji iýul) soňra gitdigiçe azalýar we bu ýagdaý bilen daýhanlar hojalyk işlerini baglanyşdyrypdyrlar.


Meselem, Ülker batandan soň 20 gün geçende (2-nji maý) jöwen we künji, 40 gün geçende (22-nji maý) şaly ekilýär we güýzlük dänelik ekinler ýygnalýar, 60 70 gün geçende (2-nji 10-njy iýun) bolsa nohut, dary ýaly oba hojalyk ekinleri ekilip gutarylýar. Daýhanlaryň Ülker hasabynyň häzirki ylmy esasda alnyp barylýan ekiş wagtlaryna dogry gelýändigini bellemek gerek.


Ülker wagtyna degişli halk arasynda “Ülker ýaşdy gyş, (25-nji noýabr), Ülker dogdy tomus” (12-nji maý) ýa-da “Ülker desse astynda ýatmaz” diýilýär. Bu nakyllar Ülkeriň ýazyň ahyrynda dogýandygyny we gyşyň başynda ýaşýandygyny delillendirýär.


Käbir ýyllarda (20-nji aprel 10-njy maý aralygynda) ygal örän köp ýagýar. Bu ýagdaýda türkmenler “Ülker suwa batdy” diýýärler.


Ara­lyk. Aralyk ýyldyz ady bolup, Kiçi köpek ýyldyzlar toparynyň ýagşysydyr (Prosion). Aralyk 22-nji iýunda dogýar we munda iň uzyn gündiz, iň gysga gije bolýar. Şeýle hem bu döwür gije-gündiziň ýazky we güýzki deňleşik wagtynyň aralygydyr. Aralyk daýhan üçin tomusda gyzgalaňly iş döwrüdir. Aralyk döwri 22-nji iýula çenli dowam edýär. Bu döwür yssy bolýar.


Üç­ ýyl­dyz. Bu döwür gündogar gözýetimde Orion ýyldyz guşaklygyna degişli. Üçýyldyzyň görünmegi bilen başlanýar. Üçýyldyz döwri 22-nji iýuldan 12-nji awgusta çenli dowam edip, oňa tomsuň “Kiçi çillesi” hem diýilýär. Türkmenler bu döwre “Saryja tomus” hem diýýärler. Ylmy maglumatlardan belli bolşy ýaly, bu döwürde Türkmenistanyň çäginde, Özbegistan we Täjigistan döwletlerinde, Eýranda hem-de Owganystanda howanyň ýagdaýyny aňladyjy sinoptiki görkezijide köplenç açyk we gurak howalar bolup, gündizine howanyň derejesi 40-46 gradusa çenli ýokary galýar. Gijesine bolsa bulutsyz howada ýer üstüniň intensiw sowamagy netijesinde, gyzgynlyk peselýär, hatda çägeleriň üstünde çyg hem emele gelýär. Şu ýerden hem türkmenleriň “Üçýyldyzda tün sowar, ýaldyrakda — Gün” diýip, ýerliksiz aýtmandyklary görünýär. “Tün” türki dil toparynda “gije” manysyny berýär.


Bu döwürde ekiş geçirilmän, ýetişdirilen hasyl ýygnalýar, mallar üçin ot iým taýýarlanylýar. Daýhanlar arasynda muňa degişli “Eset-bes et” diýen nakyl bar. Bu nakyl Eset aýynda (şemsi aý hasaby boýunça iýul-awgust) ekin ekmegi bes etmelidigini görkezýär. Esetde we ondan soňky aýlarda ekilen ekinleriň hasyly bişip ýetişmeýär (ak ekinler).


Ýal­dy­rak. ­Bu döwür gündogar gözýetimde ertirine irden Uly köpek ýyldyzlar toparyna degişli iň ýagty ýyldyz bolan Ýaldyragyň (Siriusyň) dogmagy bilen hasaba girýär. Ol 12-nji awgustdan 23-nji sentýabra çenli dowam edip, ol döwre tomsuň “Uly çillesi” hem diýilýär. Bu döwürde hem Türkmenistanyň çäginde açyk we ygalsyz howa bolup, onuň ortaça aýlyk gyzgynlygy 28-31 derejä, absolýut maksimum bolsa 48 derejä çenli ýokary galýar. Muňa degişli halk arasynda “Ýaldyragyň ýangyny, Üçýyldyzyň galgyny” diýlip aýdýarlar. Beýle diýildigi Ýaldyragyň doglany entek görünmänkä, Üçýyldyz ep-esli ýokary galýar diýildigidir.


Ýaldyrak dogandan soň howa az-kem çigreýär, otlaryň üstüne çyg hem düşýär.


Ýaldyrak dogandan soň bakja ekinleri ýetişýär, tebigy ösümliklerden hyşa gulpaklap başlaýar. Ahal, Mary we Lebap welaýatlarynda pagta ýygymyna girişilýär. Maldarçylykda bolsa güýz gyrkym işleri başlanýar.


Mi­zan Gündiziň we gijäniň güýzki deňleşik wagty — 23-nji sentýabr. Ol 23-nji sentýabrdan 22-nji oktýabra çenli dowam edýär. Asman gümmezinde Mizan ýyldyzlar topary, Üçýyldyza meňzeş bolýar. Olar biri-birinden dogýan we ýaşýan wagtlary boýunça tapawutlydyrlar. Halk arasynda bu hakynda şeýle aýdylýar: “Üçýyldyzdan bolmaz Mizan terez». “Mizan” arap dilinde “Terezi” diýmek. Bu wagt Gün Gyz (Dewa) ýyldyzlar toparynda bolýar we gös-göni günbatarda ýaşýar. Munda hemme oba hojalyk ekinleri bişip ýetişýär we ýygnalýar. Käbir ýyllarda, arktiki howa akymlarynyň aralaşmagy netijesinde irki aýazlar bolup geçýär. Onuň wagty Darganatada 20-nji sentýabrda, Ýolötende, Repetekde, Daşoguzda 21-26-njy sentýabrda we Baýramalyda 30-njy sentýabrda bolup geçýär. Mizan döwründe güýzlük arpa we bugdaý ekilýär.


Ak­rap. Bu döwür 23-nji oktýabrdan 22-nji noýabra çenli dowam edýär. Akrap arapça “Içýan” diýen sözi aňladýar. Gün bu wagt Içýan ýyldyzlar toparynyň arasy bilen dogýar. Daşoguz, Mary we Lebap welaýatlarynda oba hojalyk ekinlerini sowuk urýar. Muňa degişli halkymyz bir näçe nakyllary döredipdir. Meselem: “Mizanda urmasam, hazanda uraryn, hazanda urmasam, akrapda, akrapda urmasam, ahyretde hem urmaryn” ýada “Mizan çalyp, hazan uran” diýýärler. Bu ýerde hazan ýyldyz manysynda gelmän, ol güýzüň ortasynda öwüsýän sowuk şemal, ýagny, irki aýazlar görnüşinde gelýär. “Hazan” pars sözi bolup, “Güýz” diýmekligi aňladýar.


Gyş. Türkmenlerde gyş döwri 23-nji noýabrdan tä 23-nji fewrala çenli dowam edýär. Käbir ýyllarda 22-nji noýabrda gar hem ýagýar. Maldarçylykda jogapkärli döwür başlanýar.


Ga­ra­gyş. Ol 22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Türkmenistanyň hemme ýerinde howanyň we topragyň temperaturasy nol derejeden pese düşýär. Ýer üstüniň gar bilen örtülýän wagtlary bolýar. Çarwalaryň Garagyş hasaby meteorologiki maglumatlara dogry gelýär, ýagny, bu döwürde howanyň gije-gündizlik temperaturasy 5 derejeden aşak düşüp, gyş pasly başlanýar. Gyş pasly Ýerbentde 24-nji noýabrdan, Türkmenabatda 26-njy noýabrdan, Aşgabatda we Tagtabazarda 6-njy dekabrdan başlanýar. Uly­ çil­le. Ol 7-nji dekabrdan 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. “Çil” parsça “Kyrk” diýmekdir.


Uly çille gyşyň örküji hasaplanýar we uzak dowam edýär. Muňa degişli halk arasynda “Gara goýunda guýruk goýman, saknyk aýalda — hamyrmaýa” diýen sözler bar. Bu döwürde aýazly we ygally howalar köp gaýtalanýar. Ygalyň köp düşmegi topragy yzgarlandyrýar we onuň hasyllylygyny artdyrýar. Muňa degişli “Gyşy gyşsyramadygyň ýazy ýazsyramaz” ýa-da “Çillede suw içen üzüm hiç haçan suwsamaz” diýen nakyllar döräpdir.


Dowamy bar.

17
24
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.