Iň uly we iň kiçi ölçegleri aňlatmak üçin täze metrik goşulmalar tassyklandy – ronna, “quetta” (kwetta), ronto we “quecto” (kwekto).
Häzirki wagtda maglumatlar we ölçegler yzygiderli üýtgeýär we olary aňlatmak üçin täze sözlere zerurlyk duýulýar. Käbir ölçegleri ozalky birlikler bilen aňlatmakda kynçylyk döreýär. Mälim bolşy ýaly metrik ölçeg birlikleri soňky bir ýarym asyrdan bäri dünýädäki Pariždäki Halkara agramlar we ölçegler býurosy (BIPM) tarapyndan kesgitlenýär. Bu edara wagt, uzynlyk, massa, elektrik akymy, temperatura, ýagtylygyň dykyzlygy we maddanyň mukdary ýaly jemi ýedi esasy ölçeg birligini ülňüleşdirýär. Bu birlikler tehnologiýa we söwda üçin hökmany hasaplanýar. Alymlar hem öz ylmy işlerinde hemişe şol birliklerden peýdalanýarlar. Metrik ulgam üçin ylalaşylan global ülňi bolan Halkara Birlikler Ulgamyna (SI) soňky otuz ýyldan bäri täze goşulmalar girizildi. Sözüň öňünden goşulýan bu goşulmalar (prefiks) has uly sanlar üçin ronna we kwetta hem-de has kiçi sanlar üçin ronto we kwekto goşulmalary ulanylar. Şeýlelikde “kilo” we “milli” ýaly ozaldan mälim bolan goşulmalaryň sany artar.
Täze üýtgeşme Halkara Birlikler Ulgamyny dolandyrýan 27-nji Agramlar we ölçegler Baş Maslahatyna gatnaşan dünýäniň dürli ýerlerinden gatnaşan alymlar we hökümet wekilleri tarapyndan kabul edildi. Şeýle ýygnak adatça dört ýyldan bir gezek Parižiň günbataryndaky Wersal köşgünde geçirilýär. Täze öň goşulmalar örän kiçi käbir jisimleri aňlatmagy aňsatlaşdyrar. Birleşen Patyşalygyň Milli Fizika Laboratoriýasynyň ylmy işgäri Riçard Broun uzaklyk däl-de massa bilen düşündirmeli bolan bolanda Ýer planetasynyň agramynyň 6 ronnagramadygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä bu söz 6 belgisinden soňra 27 nol (6.000.000.000.000.000.000.000.000.000) diýmegi aňladýar. Ýupiteriň agramy bolsa, 2 kwettagram töwerigi.
Täze prefiksleriň ölçeg ulgamynyň geljege taýýarlanmagy we planetanyň azyndan geljek 20-25 ýyllap has uly sanlary aňlatmagy üçin ýeterlik boljakdygy bellenilýär.
Ýeri gelende bellesek, Pariždäki Halkara agramlar we ölçegler býurosy tarapyndan 2018-nji ýylda massa ölçeg birligi bolan kilogram, elektrik akymy bolan amper, ýylylyk birligi bolan kelwin we madda mukdary bolan moluň kesgitlemesi üýtgedilipdi. Häzirki wagtda moldan başga ähli ölçeg birlikleri ýeke-täk ölçege, ýagny wagta görä sazlanan. Mysal üçin, metriň kesgitlemesi şöhläniň sekundyň 299 million 792 müň 458-den bir bölegi ýaly wagtda geçen ýoly diýlip hasaplanýar. Kilogram hem biraz çylşyrymly usul arkaly sekunda görä sazlanýar.
Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.
Hormat bilen, @Vekil_City.