tmyigit76
14.02.2024 14:17



Bäsleşigiň jemleri


Ilki bilen bäsleşige gatnaşan ähli agzalara sag bolsun aýdýarys. Biraz kemçilikler hem boldy. Onuň üçin ötünç soraýarys. Hemme kişä jogap berip ýetişmedim. Soňa baka programma doňup, daşyna zyňyp başlady.

Bäsleşigiň jemleri boýunça ýeňijilerimizi gutlaýas. Baýraklaryňyzy almak üçin du posta belgiňizi ýazypda pozaýyň



Soragy bilen agzalarymyzyň sanawy:

1.
@mgm

2. Munda ýalňyşlyk gitdi. Şonuň üçin @flowers_ we @smiling _agzalaryň ikisiniň hem jogabyny kabul etdik.

3. @_Orhideya

4@garajaoglan

5@geldiyewna

6. Deňiz ýyldyzyňyň diňe deňizde ýaşa- ýandygyny diňe @bitter agza bilýän eken.

7@teacher

8@kizz

9@beghanym

Pişikleriň dogry sanyny ilkinji bolup bilen Beghanym agzamyzyň baýragy hökmünde, beghanym gelejemiziň "ýaşlyk ýyllaryny ýatlar" diýen umyt bilen Nury Meredowyň «Klasdaş» atly aýdymyny eşitdirýäs.



Diňläň, ezýet alyň



Wii bagyşlaň. "Lezzet alyň" diýjekdim 😁


Dogry jogaplar aşakda görşümiz ýaly



1) Dogry jogap aýnekli adamyň aýneginde. Aýnegiň ramkajygy biriniňki 4 burç, beýlekisi aýlanma şekilde





2)Bu suratdaky dogry jogap: oglanyň çaýly bokaly pyçak bilen garmagy.





3) Bu suratda 3 sany ýalňyşlyk bar:1)portretdäki hanymyň aýakgaby ýok.
2) sagat 12 bolup barýanam bolsa gün batanok.
3) Gitarany ters eli bilen tutup dur






4) Bu suratdaky ýalňyşlyk, suratda görşümiz ýaly şkafyň tutawajy ýok.






5) Dogry jogap: suratda görşümiz ýaly, ýaşyl kurtkaly gyzyň garda deňiz äýnegini dakynmagy?






6) Dogry jogap deňiz ýyldyzynyň bolmagy. Ol süýji suwlarda ýaşanok.






7) Dogry jogap. Köprüniň aňyrsynda kölüň yzy dowam edenok.






8) Dogry jogap: Akwarýumda totyguşyň bolmagy.



9) Suratda 31 sany pişik bar.




© 𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼
37
488
tmyigit76
13.02.2024 22:07

Bäsleşik



Bäsleşik



Hemmäjäňize Daşoguzyň şu günler maýlan howasy bilen gyzgyn salamyny ýollaýas. Iller etýämiş diýse, öýkünmek gylygym halys goýmansoň, (degişýän;))menem kiçeňräk bäsleşik gurnamak kararyna geldim.



Şertler we düzgünler


Bäsleşik esasan suratlardaky logiki ýalňyşlygy tapmak görnüşde bolar. Dogry jogaby tapmak üçin gözüňi giň açyp, surata ünsli seretmeli.


Her bir dogry jogaba 5 TMT pul baýrak bar. (Iň soňkydan galany)

Bellik: Bir jogaby bilen agza beýleki suratlara jogap berip bilmez, ýagny her kimde bir mümkinçilik bar.



Onda näme ähliňize üstünlik



1)Aşakdaky suratda naharlanmaga taýýarlanýan maşgalany görýäňiž. Bu suratdaky logiki ýalňyşlyk nirede?






2)Aşakdaky suratda hem naharlanyp oturan maşgala. Bu suratdaky logiki ýalňyşlygy tapyp bilersiňizmi?






3)Suratda otagda güýmenýän üç sany oglany görmek bolýar. Bu suratda iki sany logiki ýalňyşlyk bar. Ol nirede?






Ýogsada naharlandyňyzmy? Öwrenmeli bilen garynam ýatdan çykdymy ýa? 😊


4)Suratda ýene naharlanmaga häzirlenýan gyzlar we ejesi. Bu ýerdeki logiki ýalňyşlyk niredekä?





5) Suratda garda lyžaly typýan işsizleri görýäňiz? Bu suratdaky logiki ýalňyşlyk nirede?






6)Suratda balyk tutup oturan adamy görýäňiz. Bu suratdaky logiki ýalňyşlyk nirede?





7)Suratda köprüden geçip barýan adam şekillendirilýär. Bu ýerde logiki ýalňyşlyk nirede?






8) Otagynyň tertipsizligi sebäpli (men ýaly):) gep eşidip duran oglanjygyň suratyndaky logiki ýalňyşlyk nirede?






Pişijekleri menden başgada halaýan barmy?


9) Aşakdaky suratdaky pişikleri sanamaly. Dogry sany kim ilki bilerkä?


Bu soragyň jogabyny bilen agzamyza türkmen aýdymlaryndan birini programmada eşitdirýäs.





Jogaplara garaşýas. Howlugyň!!!

41
1 140
tmyigit76
12.02.2024 20:35

Dolandyryşdan çykan hemra Ýere tarap ýakynlaşyp gelýär.


09.02.2024





Ýewropa kosmos gullugy (ESA), 10 ýyl ozal ulanyşdan çykan we soňky ýangyç


ätiýaçlyklaryny hem sarp eden ERS-2 atly hemra birnäçe hepdeden Ýeriň atmosferasyna girip gözegçiliksiz düşjekdigini mälim etdi.






1995-nji ýylda uçurylan Ýewropa kosmos gullugynyň (ESA) ERS-2 hemrasy 10 ýyl ozal ulanylyşdan çykdy.



Emeli hemranyň agramy 11 tonna bolup, Ýeriň atmosferasyna gözegçiliksiz girip biljekdigi bellendi.




ERS-2 hemrasy näme, nähili işleri ýerine ýetirýär.



ERS-2 Ýere syn etmek üçin ulanylýan hemrady. Sputnik atmosfera, ummanlar we gury ýer massalary barada maglumatlary ýygnady.



ERS-2 tarapyndan toplanan maglumatlar howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň hapalanmagy ýaly meseleler boýunça gözlegçilere kömek etdi.




Nirä düşer?



Häzirki wagtda ESA-nyň äpet hemrasynyň nirä gelip düşjekdigini aýtmak mümkin däl.



ESA: "Sputnik ýygy-ýygydan gözegçilik astynda saklanýar we orbital beýikliginiň peselmegi bilen oňa yzarlaýarys. Şeýle-de bolsa, Ýere gaýtadan girmegi tebigy ýagdaýda bolansoň, emeli hemranyň haçan we nirä düşjekdigini takyk çaklamak mümkin däl\" -diýdi.



Hünärmenler, emeli hemranyň atmosfera girip, ýere degmezden ýanmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.



Şeýle-de bolsa, ownuk bölekleriň ýere gaçmagy we adamlara zyýan ýetirmegi ähtimal.




Kosmasdaky zibiller meselesi.



Planetamyzyň orbitasy eýýäm kosmos galyndylaryndan doly we has köp raketa uçurylmagy we emeli hemralar ulanylmaga berilmegi bilen ýagdaý hasam erbetleşer.






Ýadro füzýon lazer bilen kosmos zibilleri arassalanyp biler.



Ýaponiýa geçen aý ýadro birleşme güýjüni herekete getirýän lazerler arkaly kosmos galyndylaryny arassalamagy maksat edinýändigini mälim etdi.






Häzirki wagtda planetanyň töwereginde 100 trillion töweregi emeli hemra bölekleriniň bardygy çak edilse-de, toplanan kosmos galyndylarynyň işjeň hemralara zeper ýetirip biljekdigi bellendi.




çeşme: www.odatv.com





Biziň ähli postlarymyzy okamak üçin şu ýere basyň

50
629
tmyigit76
10.02.2024 22:01

ANBAR YSLY ATYRLAR




Nämüçindir, parfýum diýlende, köpler Fransiýany göz öňüne getiýärler.
Emma parfýumyň taryhyny yzarlasaň, ol Fransiýada döremändir. Parfýum latyn sözünden gelip çykyp, «per» hem «fuma», ýagny «tüsse» diýen manyny berýär. Sebäbi ilkinji parfýumy ýakyp, tüsse etmegiň üsti bilen döredipdirler.
Antiki döwürde onuň ilki dörän ýeri Müsür hasaplanylýar.

Parfýumlar barada gyzykly maglumatlar

 Şol döwürde parfýumler bedeniňi yslandyrmak, nerwleriňi rahatlandyrmak, şeýle-de ýaşaýyş otaglaryna gowy ys bermek üçin ulanylypdyr. Kleopatra noşboý ysly ýaglary göze ilmeýän, emma özüne maýyl ediji gural hökmünde ulanypdyr. Antik döwründe parfýum, başga-da arap we Gündogar ýurtlarynda, Gresiýada, Italiýada hem ulanylypdyr.

* * *

Fransiýa parfýum biraz soňrak aralaşypdyr. Orta asyrlarda, Renessans döwründe parfýum taýýarlamak işi güläp ösüpdir.Şol wagtlar Fransiýada deriden geýim tikilýär eken. Şol deriniň ysyny aýyrmak üçin hem parfýum ulanylypdyr. Soňlugy bilen deri modadan galýar, mata geýimler moda girýär we tikinçiler hem parfýum satmak bilen meşgullanyp başlaýarlar. Şeýdip, parfýum ulanmak aristokratlaryň arasynda moda bolup, ony taýýarlamak işi aýratyn hünäre öwrülýär. Fransiýanyň Grasse şäheri parfýumyň paýtagty hökmünde beli bolýar.

* * *

Gadymy grek gyzlary özlerinden hemişe ýakymly ysyň gelmegini gazanmak üçin timarlananlarynda saçlaryna jasmin ekstraktly we geçi ýagly kiçijik haltajyklary dakypdyrlar. Ol yssy howada eräp, ýüzlerine, bokurdagyna we eginlerine syrylyp düşüp. jasminiň ysyny beripdir.

* * *

Dünýäde atyrlary öndürýän ilkinji parfýum fabrigi 1608-nji ýylda Florensiýada Santa Mariýa Nowella ybadathanasynda döredilipdir. Ol özüniň meşhurlygyny köp gersogdyr knýazlaryň, hatda Rim Papasynyň howandarlyk etmegi bilen gazanypdyr.

* * *

Atyrlaryň dünýäde ilkinji goraghanasy 1990-njy ýylda döredilip, ol Osmoteka diýlip atlandyrylýar. Ony Žan Kerleon, ýagny «JeanPatou», meşhur parýum öndüriji kärhananyň esasy parfýumçysy esaslandyrýar. Bu günki gün bu goraghananyň kolleksiýasynda atyrlaryň 2 müňden gowrak nusgasy saklanýar.

* * *

«Kpacнaя Mocквa» parfýum fabrigi köplere tanyş hem bolsa, onuň düýbüni tutujynyň Fransiýanyň ýaşaýjysy Genrih Brokardygyny bilmeýänlerimiz hem bardyr.


* * *

«Clive Christian's Imperial Majesty» atyry
dünýäde iň gymmatbahaly atyry diýlip hasaplanylýar. Onuň 500 ml möçberli çüýşe gaby hrustaldan bolup, 18 karatly gyzyl bilen çaýylan hem-de 5 karatly göwher bilen atyryň bahasy 215 müň amerikan dollaryna barabar. Bu ýakymly ysly atyr Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.. (Bellik: käbir çeşmelerde iň gymmat atyr: DKNY Golden Delicious Million Dollar Fragrance Bottle atly bahasy million dollarlyk parfýum hasaplanýar)



* * *

Garwardly biolog Şeref Mansi bilen awstraliýay parfýumçy lýusi Makreý bilelikde hoşboý ysly kapsulany döredipdirler. Bu kapsulany iýen adamyň bedeni ýakymly ys çykarýar. Dogrusy, bu «iýip bolýan atyrlar entek satuwa çykarylanok», ol heniz diňe kliniki testleşdirme tapgyryny geçýär.

* * *

Häzirki atyrlaryň düzümini, asasan, parfýum spirti bilen hoşboý ysly ýaglar düzýär. Atyryň ýakymly ysy hem-de onuň bahasy düzümindäki komponentleriň möçberine we sazlaşykly utgaşmasyna bagly bolýar. Meselem: Chanel n-5 belgili atyryň düzümi 80 dürli ysly komponentlerden ybarat. Bu parfýum ölçegi boýunça - örän kän.

* * *

Bu günki gün Chanel no-5 atyry dünýäde iň köp satylýan atyrlaryň birliginde galýar. Atyryň muşdaklary diýseň kän hem-de soňky döwürde ol zenanlaryň iň höwesli atyrlarynyň hataryna girdi.



* * *

«Mis Dior» atly atyry belli fransuz parfýum- çysy Žan Karldyr.




Metbugat maglumatlary esasynda taýýarlandy





Siz haýsy parfýum halaýaňyz? (ulanýaňyz?)

49
478
tmyigit76
08.02.2024 19:10


Albert Eýnşteýniň aýalyna gol çekdiren nika şertnamasy


_______

Fizika dünýäsinde tanalýan şahsyýetiň biri bolan Albert Eýnşteýniň aýalyna gol çekdiren nika şertnamasynyň bardygyny bilýärmidiňiz.

Bu postda biz olary size ýetirýäris.


______



Taryhyň iň möhüm fiziklerinden biri Albert Eýnşteýniň dünýä ylmyna goşan goşantlary sansyz. Nasist Germaniýasynda ýewreý bolup ýaşamaga synanyşanda 1933-nji ýylda ABŞ-a göçüp geldi.

Eýnşteýniň professional durmuşy barada köp zat öwrenmek mümkin. Emma Eýnş- teýn hakda iň täsir galdyryjy maglumatlar, megerem şahsy durmuşy hakdamyka diýip pikir edýäs. Ony anyklamak kyn bolansoň, adamlar şeýle alymyň gündelik durmuşyny nähili geçirendigini öwrenmek bilen gyzyklanýar.


Eýnşteýniň geň galdyryjy nika şertnamasy


1903-nji ýylda Albert Eýnşteýn Awstro-Wengriýa imperiýasynyň raýaty we baý serb maşgalasynyň gyzy Milewa Mariç bilen durmuş gurdy. (Olaryň tanyşlygy barada öňki postumyzda aýdyp geçipdik) Bu nikadan Hans Albert we Eduard atly 2 ogly 1 gyzy (gyzy Leýser hakda doly maglumat ýok) bolýar.


Albert Eýnşteýn we Meliwa Meriç (1905ý)



Laurent Seksik atly ýazyjy tarapyndan ýazylan we Eduard Eýnşteýniň agzyndan çykan şeýleräk sözleri bize mälim :"Kakam hakda gürlänimde dilim näme üçin beýle zäher ýaýradýar? Bilmeýärsiňizmi? Hemmeler bilýär öýdýärdim. Kakam bizi, ejemi, doganymy we meni 1914-nji ýylyň awgust aýynda Berlindäki platformada terk etdi. Şol günden şoňra bolsa söweş yglan edildi."



Eýnşteýn we aýaly Milewa 1914-nji ýylda gatnaşyklaryny soňlanmak derejesine çeni gelýär. Kollejde başlan söýgi gatnaşygy, gutarmagyň bäri ýanynda durdy. Albert aýaly Milewa bu gatnaşyklaryny çagala- rynyň hatyrasyna dowam etdirip biljekdigini, ýöne isleýän şertnamasyna gol çekme- lidigini aýtdy.


Eýnşteýniň aýalyna gol çekdiren nika şertnamasynyň şertleri



A. Siz jogapkärçilik çekersiňiz:

1. Egin-eşiklerim we kirlerimiň tertipli bolmagyna;

2. Otagymda yzygiderli üç naharyň taýýar bolmagyna ;

3. Ýatylýan otagymyň we iş otagymyň tertipli saklanýandygyna, esasanam iş stolumy menden başga hiç kimiň ulanmazlygyna;



B. Sosial sebäpler hökmany suratda talap edilmese, meniň bilen şahsy gatnaşyk- laryňyzy bes edersiňiz. Hususan-da, aşakdakylary haýyş etmersiňiz:

1. Öýde seniň bilen ýanyňda oturmagymy;

2. Meniň bilen daşary çykmagy ýa-da syýahat etmegi



C. Meniň bilen gatnaşygyňyzda aşakdakylary gözöňünde tutarsyňyz:

1. Menden fiziki ýakynlyga garaşmarsyňyz, meni hiç hili kemsitmersiňiz;

2. Islän wagtym meniň bilen gürleşmegi bes edersiňiz;

3. Siz ýatylýan otagymdan ýa-da iş otagymdan islän wagtym, arz etmän çykarsyňyz ;



D. Çagalarymyzyň öňünde sözleriňiz ýa-da hereketleriňiz bilen meni kemsitmersiňiz (peseltmersiňiz)

Milewa Mariç Eýnşteýniň bu şertlerini kabul etdi. Emma gatnaşyklary indi şertnama bilen halas edip bolmaýandygy sebäpli, birnäçe aýdan çagalaryny alyp, adamsy Alberti Berlinde galdyryp gitdi. Çagalary bilen Sýurihde ýaşaýan Milewa 5 ýyl adamsyndan aýry ýaşady we 1919-njy ýylda aýrylyşdy.

Albert Eýnşteýn 1919-njy ýylda ikinji doganoglany Elsa Eýnşteýn bilen durmuş gurýar. Är-aýal, nasist Germaniýasynda ýewreýleriň işläp biljek ýerleriniň çäklen- dirilmegi sebäpli 1933-nji ýylda ABŞ-da mesgen tutdy.



Elsa we Albert Eýnşteýnler


Çeşme: www.habertürk.com
suratlar: www.bbc.com.tr
48
702
tmyigit76
03.02.2024 19:37

IMDb-e habaryna görä Kristofer Nolanyň iň gowy 10 filmi




Kristofer Nolan soňky ýyllaryň iň üstünlikli režissýorlaryndan biri hasaplanýar. Soňky ýyllarda “Batman” seriýasyna goşmaça “The Prestige”, “Inception” we “Tenet” ýaly filmler bilen uly meşhurlyg gazandy. Nolan geçen ýyl prokata çykan we Akademiýa baýraklarynda 13 ugur boýunça iň gowy filmi bolan “Oppenheimer” bilen ýene-de ünsi çekdi. Bu film altyn globus baýragyny hem eýeledi. Bu postda IMDb ballaryna görä Nolanyň iň gowy 10 filmini size ýetirýäris.auto>








“DARK KNIGHT”



“Gara ritsar” Kristofer Nolanyň režissýorlyk eden super gahryman filmidir. DC Comics-iň fantastiki gahrymany Batman esasynda 2005-nji ýylda döredilen “Batman Begins” filminiň dowamy. “The Dark Knight” filminiň ssenarisini Kristofer we dogany Jonatan Nolan ýazdy. Deýwid S.Goýer hekaýany döretdi.







INCEPTION



Döreýiş


Dörediş Kristofer Nolan tarapyndan ýazylýar we režissýorlyk edýär hem-de aýaly Emma


Tomas bilen bilelikde surata düşürýar. 2010-njy ýylda düşürilen ylmy fantastiki film. Filmde Leonardo Di Kaprio nyşanalarynyň aň-düşünjesine aralaşyp maglumat ogurlaýan professional ogry roluny ýerine ýetirýär.






“INTERStellar”



Ýyldyzlarara” 2014-nji ýylda Kristofer Nolanyň režissýorlyk eden Amerikan epiki ylmy fantastiki filmidir. Baş rollarda: Matthew McConaughey, Anne Hathaway, Jessica Chastain, Bill Irwin, Ellen Burstyn, Matt Damon ve Michael Caine dagylar ýer aldy.






OPPENHEIMER



Oppenheimer


Kristofer Nolanyň ýazan we režissýorlyk eden 2023-nji ýyldaky epiki biografiki triller filmidir. 2005-nji ýylda Kai Bird we Martin J. Şerwin tarapyndan döredilen Amerikan Prometheus \\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\\"kitabyndan alyndy. Manhattan taslamasynda ilkinji ýadro ýaragynyň döredilmeginde işler alyp baran teoretiki fizik J. Robert Oppenheimeriň durmuşy barada.



Filmde baş rolda Silian Merfi ýer alsa Emili Blunt, Oppenheimeriň aýaly Katrin Oppenheimer, Matt Damon Oppenheimeriň harby işgäri Lesli Groves roluny ýerine ýetirýär. we Robert Downi Jr. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň atom energiýasy Komissiýanyň uly agzasy lewis Strausyň rolunda






PRESTIGE



Prestige Kristofer Nolanyň režissýorlyk eden 2006-njy ýylda ABŞ-Angliýa bilelikde döreden filmidir. Ýazyjy Kristofer \\\\\\\\Prestiň şol bir atly romanyny filme uýgunlaşdyrdy. Ssenarini ýazmak üçin Nolan 2000-nji ýylda döredilen “Mind Notebook” atly fiminde bile işlän dogany Jonatan Nolan bilen bilelikde işledi.






“DARK KNIGHT RISES”



“Dark Knight Rises” 2012-nji ýylda Kristofer Nolanyň režissýorlyk eden super gahryman filmidir. Filmiň ssenarisini dogany Jonatan Nolan we Deýwid S.Goýer ýazdy.









Memento



Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýesi we Abel baýragynyň eýesi Amerikaly matematik Jon Neşiň durmuşyna esaslanan 2001-nji ýylda döredilen Amerikan terjimehal filmidir. Film Akiva Goldsman tarapyndan ýazylan we režissýor Ron Howard tarapyndan düşürildi.






Batman begins.



gahrymany Betman çeper romanlara esaslanýar. K. Nolanyň režissýorlygynda Kristian Beýliň Betmany janlandyran we mundan başga-da Liam Neeson, Michael Caine, Cillian Murphy, Katie Holmes, Tom Wilkinson, Ken Watanabe, Rutger Hauer ve Morgan Freeman ýaly meşhurlaryň orun alan 2005-nji ýylyň Super gahryman filmi.






DUNKIRK



Kristofer Nolanyň ýazan we režissýorlyk eden 2017-nji ýyldaky söweş filmidir. Film Kristofer Nolan we aýaly Emma Tomas tarapyndan düşürildi






Following



Pursuit, Kristofer Nolanyň ýazan we režissýorlyk eden 1998-nji ýyldaky Iňlis neo-noir jenaýat drama filmidir.



Filmde Londonyň köçelerinde nätanyş adamlary yzarlaýan we başa barman, uzaklygy saklamak üçin jenaýat dünýäsine yza çekilen bir ýigidiň wakasy gürrüň berilýär.







Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy





Siz Nolanyň haýsy filmini gördüňiz?

28
172
tmyigit76
02.02.2024 09:24


Artyk ýyl: Näme üçin fewral her 4 ýylda 29 gün bolýar?




Senenamalarymyzda fewral aýynda her dört ýyldan bir gün uzyn gelýär. 2024-nji ýyl bolsa şol ýyllaryň biridir. Bu ýyl 29-njy fewralda doglanlar doglan gününi dört ýylda ilkinji gezek takyk güni belläp bilerler.


Şonuň üçin bu ýyl 365 däl-de, 366 gün bolar.





Artyk ýyl haýsy zerurlyklara görä ýüze çykdy?



Ýeriň Günüň daşyndan aýlanmagy üçin takmynan 365.2422 gün gerek.




XVI asyrda başlanan Günbatar senenamasynda bir ýyl 365 gün hökmünde kesgitlenýär. Olaryň galan 0.2422 bölegi - bäş sagat 48 minut 46 sekunt - her dört ýylda bir goşmaça güni emele getirýär.

Bu düzedişiň netijesinde sagatlarymyz ýeriň aýlanyşyna we pasyllaryna laýyk gelýär.

Fewral üç ýylda 28 bolsa, senenama ýazgylarynda her dört ýylda 29 görkezýär.



Onda näme üçin fewral we başga aý däl?



Munuň jogaby miladydan öňki birinji asyra degişlidir.


Rim lideri Ýuliý Sezar astronomlara täze Rim senenamasyny işläp düzmegi tabşyrypdyr. Köne Rim senenamasy 355 günden ybarat bolup, her iki ýylda 22 gün goşmaça aý bolýardy.

Senenamanyň pasyllar bilen sazlaşygy düýbünden bozulypdy.



Sezaryň buýrugy bilen taýýarlanan senenamada bir ýyl 365 gün hökmünde kesgitlenildi; Birnäçe sagatlyk artykmaçlyk hem dört ýylda bir gün hökmünde goşulyp başlandy.

Şeýlelikde, “artyk ýyl” emele geldi. Şeýle-de bolsa, şol döwürde fewral adatça adaty ýyllarda 29 gün we artyk ýylda bolsa 30 gün bolýardy.

Awgustda bolsa 30 gün bardy.

Taryhçylaryň pikiriçe, täze Rim imperiýasynyň baştutanyny bolan we Ýuliý Sezar ýaly meşhur bolmak isleýän Awgust, uzak aýyň dowamynda adynyň tutulmagyny isledi.


Sebäbi Ýuliý Sezaryň adyny göterýän iýulda 31 gün bardy.

Şondan soň fewral bir gün gysgaldyldy we awgusta ýene bir gün goşuldy.



Artyk ýyly bolmadyk bolsa näme bolardy?



Senenamalarda bu düzediş girizilmedik bolsa, pasyllar bulaşyp başlardy.

700 ýyllyk aýlawda Demirgazyk ýarym şarda tomus iýun ýerine dekabr aýynda başlardy.




Erbetlikmi ýa-da şowlulyk alamaty?



Käbir medeniýetlerde artyk güni şowsuzlyk bilen baglanyşdyrýarlar.

Gresiýada adatça artyk ýylynda durmuşa çykmak, öýlenmek maslahat berilmeýär. Esasanam 29-njy fewral artyk güni. Käbir adamlar artyk ýylynda gurlan nikalaryň aýrylyşmak bilen gutarjakdygyna ynanýarlar.

Şotlandiýada jadygöýleriň artyk güni ýamanlyk etmek üçin birleşýändik- lerine-de ynanýarlar. Käbir şotlandlar 29-njy fewralda çaga dogurmagyň betbagtlyk getirýändigine ynanýarlar.

Käbir beýleki medeniýetlerde, şol gün dogulmak, tersine, şowlulyk bilen baglanyşyklydyr. Käbir astronomlar, doglan günüňiz artyk güne düşse, aýratyn zehiniňiz bolar diýip hasaplaýarlar.

Statistikalara görä, bir çaganyň 29-njy fewralda dogulmak ähtimallygy 1461-ýylda 1-dir.

Dünýäde 29-njy fewralda doglan takmynan 4,1 million adam bar.



Aýlykly işleýänler üçin 29-njy fewral näme aňladýar?



Eger aýlyk hak alýan bolsaňyz, artyk ýyllary siziň üçin amatly däl.

Tehniki taýdan, şol gün hakyňyzy alman işleýärsiňiz, sebäbi aýlygyňyz 366 günlük ýylda-da şol bir möçberde.

ABŞ-ly orta mekdebiň mugallymy muňa göz ýetirip, 2008-nji ýylda "Artyk ýyl senenamada mesaýy ýok" herekete başlady. Şeýle-de bolsa, bu “ynkylap başlangyjy” durmuşa geçirilmedi.

Ykdysady zyýany ýylda bir goşmaça gün üçin ýok etmek pikiri 1000 ýyl töweregi wagt bäri dowam edip gelýär.

Artyk ýyldaky artykmaç bir gün üçin ykdysady bulaşyklygy aradan aýyrmak pikiri eýýam 1000 ýyldyr aýdylyp gelinýär.




Kim fewral aýynda doguldy?





Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy


Ýatlatma: Şu 2024-nji ýyl fewral aýy
4-duşenbe
4-sişenbe
4-çarsenbe
4-anna
4-şenbe
4-ýekşenbe
we 5 penşenbeden ybarat
32
566
tmyigit76
01.02.2024 14:56


Albert Eýnşteýnden galan ylmy ýadygärlikler




AIbert Eýnşteýn 1879-njy ýylyň 14-nji martynda Germaniýanyň Ulma şäherinde, uly bolmadyk täjir maşgalasynda dogulýar. 1896-njy ýylda Aarau (Sweýsariýa) şäherindäki orta mekdebi gutarýar hem-de şol ýerdäki fizika we matematika mugallymlaryny taýýarlaýan Sýurih ýokary politehniki mekdebine giriş synagsyz kabul edilýär. Okan döwründe wagtynyň köp bölegini fizika barlaghanasynda teoriýa bilen tejribäniň arabaglanyşygyny gözlemäge, galan wagtyny bolsa görnükli alymlaryň – Kirhgofyň (1824-1887), Gelmgolsyň (1821-1894), Gersiň (1857-1894), Makswelliň (1831-1879), Bolsmanyň
(1844-1906), Lorensiň (1853-1928) işlerini öwrenmeklige sarp edýär.

1900-nji ýylda Sýurih politehnikumyny gutarandan soňra, Albert üçin kynçylyk döwri başlanýar. Öz ugrundan iş tapylmaýar. Italiýada ýaşaýan onçakly gurply bolmadyk maşgalasy oňa serişde goýberip bilmeýär. Üstesine-de, kakasy German Eýnşteýn aradan çykýar. Ol gazanç barada pikirlenmäge mejbur bolýar. 1901-nji ýylyň birnäçe aýynda Wintertura şäherindäki tehnikumda sapak berýär. Okuwcylary ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna taýýarlaýar.Şol ýylda-da «Amaly fizika» žurnalynda onuň «Kapilýar hadysalarynyň netijeleri» atly ilkinji ylmy işi çap edilýär.

1905-1908-nji ýyllar aralygy Eýnşteýn üçin diýseň öndürijilikli döwür bolýar. 1905-nji ýylda diňe inersial sistemasy üçin ýörite otnositellik teoriýasyny-giňişlik we wagt baradaky täze taglymaty döredýär. Öňki düşünjelere görä, hereket wagtyň geçmegine hiç hili täsir etmeýär, islendik jisimiň çyzykly ölçegleri onuň dynçlykdadygyna ýa-da hereketdedigine bagly däldir. Nýutonyň ikinji kanunyna esaslansaň, hemişelik güýç jisime köp wagtlap täsir edip, oňa islendik uly tizligi berip biler. Emma Eýnşteýniň ikinji prinsipine görä, ýagtylygyň wakuumdaky (howasyz giňişlikdäki) tizligi (sekuntda 300.000 kilometr) aňryçäk tizlikdir, jisim hiç bir ýagdaýlarda-da ondan uly tizlik bilen hereket edip bilmez.

Nýutonyň döwründen başlap, iki ýarym asyryň dowamynda üýtgemeýär diýip gelnen jisimiň massasy tizlige görä üýtgeýär. Himiki reaksiýalarda ýa-da adaty şertlerde jisimler gyzdyrylanda, energiýanyň örän az üýtgeýändigi sebäpli, massanyň üýtgemelerini tejribede ýüze çykarmak başartmaýar. Diňe atom ýadrosynyň we elementar bölejikleriň özgertmelerinde (ýadro reaksiýalarynda) energiýa güýçli üýtgeýär, olar bilen baglanyşykly bolan massa hem duýarlyk derejede üýtgeýär. Mysal için, 1 gram uranyň ýadrosy doly darganynda bölünip çykýan energiýa 2,3104 (23 müň) kilowat sagada deňdir. Bu bolsa 3 tonna kömür ýa-da 2,5 tonna nebit ýananda alynýan energiýa barabardyr.

Häzirki zaman elektronlaryň kuwwatly tizlendirijileriniň ol bölejikleri tizliklerini ýagtylygyň tizligine bary-ýogy sekuntda
35-40 metr ýetmeýän tizlige çenli ýetirmäge ukyplydyrlar. Şonda elektronyň massasy, takmynan, 2 müň esse artýar. Şeýle böle- jikleriň traýektoriýalaryny hasaplamak üçin Nýutonyň mehanikasyndan peýdalanmak mümkin däldir. Şular ýaly otnositellik teoriýasynyň esasynda alnan täze düşünjeler köne nusgawy düşünjelere gös-göni garşy çykýar. Olary aýtmak we subut etmek üçin gaýduwsyz tutanýerliligiň, ägirt uly ylmy batyrgaýlygyň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir.

Albert Eýnşteýn 1905-nji ýylda ýagtylygyň kwant teoriýasyny döredýär we onuň esasynda fotoeffekt hadysasyny düşündirýär. lIkinji bolup ýagtylygyň bölejigi-foton düşünjesini ulanýar hem-de onuň hakykatdan-da bardygyny öňünden aýdýar (fotony tejribe arkaly 1922-nji ýylda amerikan alymy A. Kompton (1822-1962) açýar). 1921-nji ýylda Eýnşteýne wajyp ähmiýetli fiziki-matematiki barlaglaryny, aýratyn-da fotoelektrik effektiň kanunlaryny açandygy üçin Nobel baýragy berilýär. Onuň broun hereketiniň teoriýasyny döretmegi jisimleriň gurluşynyň molekulýar-kinetik teoriýasynyň doly ýeňmegine getirýär.

1907-nji ýylda ýagtylyk bilen gönüden-göni bagly bolmadyk fiziki proseslerde kwant teoriýasynyň ideýalaryny ulanyp, tempe- raturanyň peselmegi bilen gaty jisimlerde ýylylyk sygymynyň azalmagyny düşündirýär hem-de gaty jisimleriň ýylylyk sygymynyň ilkinji kwant teoriýasyny döredýär. 1912-nji ýylda fotohimiýanyň esasy kanunyny-her bir ýuwudylan (siňdirilen) fotonyň bir sany ýönekeý (elementar) fotoreaksiýany döredýändigini (Eýnşteýniň kanuny) açýar

1915-nji ýylda jisimler magnitlenende, olaryň mehaniki momentiniň üýtgeýändigini öňünden aýdýar we ony niderland fizigi B.Gaaz (1878 -1960) bilen bilelikde teiribe arkaly subut edýär.

1916-njy ýylda grawitasiýa tolkunlaryny postulirleýär (hakykat hökmünde kabul edilýän we subut etmekligi talap etmeýän kada), 1918-nji ýylda bu şöhlelenmeleriň kuwwatyny seljermäge mümkinçilik berýän formulany teklip edýär. Şol ýyl hem A. Eýnşteýniň döredijilik dartgynlylygy bilen üstünde 10 ýyllap işlän umumy otnositellik teoriýasy çap edilýär.

Umumy otnositellik teoriýasy diňe bir XX asyryň fizikasynda öwrülişik döretmän, kosmologiýada hem (älemiň gurluşy hakynda taglymat ) öwrülişik döwrüni döretdi. Onuň esasynda älemiň dürli nusgalary döredildi.

Otnositellik teoriýasy bilen dürli hünärli adamlar: filosoflar, lukmanlar, ruhanylar, mugallymlar, yazyjylar gyzyklanyp
başladylar. «Hiç haçan ylmy teoriýa şeýle giň gerimde, her taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmandy» diýip, 1920-nji
ýylda Berlin Ylymlar akademiýasynyň agzasy, professor A.J.Zommerfeld (1868-1951) ýazýar. Otnositellik teoriýasynyň töwereginde ýiti filosofiki çekişmeler ýaýbaňlandyrylýar, onuň ylmy we ylmy-populýar taýdan düşündirilişi baradaköp sanly kitaplar döredilýä.

1933-nji ýylyň oktýabrynda Eýnşteýni Amerika geçirýärler. Şeýdip, ol ömrüniň ahyryna çenli Prinstondaky ABŞ-nyň ýokary barlag institutynda işleýär. 1955-nji ýylda ýörite otnositellik teoriýasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanyp, Bernde we Berlinde ýubileý dabarasy geçirilýär. Eýnşteýn ýarawsyzlygy sebäpli, dabara gatnaşyp bilmeyär.

Beýik alym ähli ömrüni fizikany öwrenmeklige, döretmeklige bagyşlaýar. Umumy otnositellik teoriýasyny açanyndan soňra, ömrüniň ahyryna çenli bitewi meýdan teoriýasyny döretmekligiň üstünde işleýär. Biziň döwrümiziň köp sanly görnükli alymlarynyň bu teoriýanyň üstünde işleýändiklerine garamazdan, häzire çenli bitewi meydan teoriýasy döredilenok.

Ýekelik köp garrylara mahsus zat. Eýnşteýn diňe bir şahsy durmuşynda däl-de, ylymda-da özüni ýeke duýýar. «Meniň fizikanyň esasy meselelerine garaýşym ähli döwürdeşlerimiň garaýyşlaryndan ep-esli tapawutlanýar»
diýip, alym ýazýar. Emma adamlar oňa uly hormat goýup, ony ýeke galdyrmaýarlar. Alym işleýär, wagtyň ýetmezçiligini duýýar. Oýlanýar. Oýlanara mesele bolsa diýseň köp.

1939-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Germaniýada uranyň bölünýändigi we şol prosesde ägirt uly energiýanyň bölünip çykýandygy tejribe arkaly subut edilýär. Şol ýylyň 26-njy ýanwarynda bolsa ABŞ-nyň fizikler jemgyýetiniň
ýygnanyşygynda daniýaly görnükli fizik Nils Bor (1885-1962) Ýewropanyň alymlarynyň bu meselede uly ýeňiş gazanandyklaryny aýdýar. Alymlaryň köpüsi eşidenlerini barlap görmek üçin öz barlaghanalaryna howlugýarlar.
Şol ýylyň baharynda Eýnşteýniň ýanyna iki sany amerikan alymy atomçylar Ssilor Leo (1898-1964) we Wigner Pol(1902-1964) gelip, uranyň zynjyr reaksiýasy hem-de ony peýdalanmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň berýärler.
1942-nji ýylyň dekabrynda Çikagoda italýan fizigi Enriko Ferminiň (1901-1954) ýolbaş- çylygynda dünýäde ilkinji zynjyr reaksiýasyny amala aşyrýan atom reaktory işläp başlaýar.

Eýnşteýn 1955-nji ýylyň 11-nji aprelinde görnükli alymlar tarapyndan goldanylan, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, SSSR-iň, Fransiýanyň, Kanadanyň, Hytaýyň hökümet ýolbaşçylarynyň adyna ýazylan Ýüzlenmä gol çekyär. Bu Ýüzlenme adamzady öz-özüni gyrmaklyga getirýän ýadro ýaragyny ulanmak howpundan berk gorap geldi. Şondan bary-ýogy bir hepde soň, ýagny 18-nji aprelde
36
220
tmyigit76
29.01.2024 13:37


Hemmäňize salam



Ýaňy-ýakynda emeli aň 2053-nji ýyllardaky Türkiýäni suratlandyrdy. Olarda robatlaryň jemgyýetçilik durmuşyna giň ornaşandygy görkezilýär.

Biz olary "öwrenmeliniň" agzalaryna
ýetirmegi makul bildik.






Bazardaky robatlar











Ýyllar geçip barýar...











Garbanyşhanalar nähili bolardy?











Robotlaryň naharlary süýjümikä?











Robotlaryň doňdurmasy nähilikä?











Ulaglary robotlar dolandyrsa...








Çörek satýan robotlar











Aşpez robotlar nahar bişirýär











Olardan ussa çykmaz diýme...











Hatda hammamlarda hem...








Ulaglary robatlar ýuwsa...















Çeşme: www.onedio.com
Taýýarlan: 𝚝𝚖_𝚢𝚒𝚐𝚒𝚝𝟽𝟼
35
336
tmyigit76
26.01.2024 13:41



12 ýaşly okuwçy 162 İQ baly bilen Albert Eýnşteýni we Stiwen Hawkini yzda galdyryp we täze basgançaga çykdy.


23.01.2024




Angliýada ýaşaýan Rory Bidwell atly 12 ýaşly okuwçy, “Cattel III B” atly IQ synagynda ýaş toparynyň arasynda iň ýokary bal aldy.




IQ synagyndan 162 bal alan Bidwell, Eýnşteýn we Hawking tarapyndan gazanylan 160 baldan ýokary bolup, ýokary derejäniň täze eýesi boldy.




Bu bal bilen Bidwell dünýäniň iň uly we iň gadymy IQ jemgyýeti bolan Mensa çagyryldy.


Rory Bidwelliň ejesi ogly hakda: "Ol meseleleri aňsatlyk bilen çözüp bilýän we maglumatlary ýatda saklap bilýän ajaýyp beýnisi bardy" -diýdi we oglunyň iki ýaşyndaka 100 bölekli tapmaçany çözüp bilendigini we algebra ugrunda ikinji synpda okaýarka 7-nji synp synpyň meselelerini özleşdirendigini aýdýar.











Çeşme: www.onedio.com.
80
877