tmyigit76
08.02.2024 19:10


Albert Eýnşteýniň aýalyna gol çekdiren nika şertnamasy


_______

Fizika dünýäsinde tanalýan şahsyýetiň biri bolan Albert Eýnşteýniň aýalyna gol çekdiren nika şertnamasynyň bardygyny bilýärmidiňiz.

Bu postda biz olary size ýetirýäris.


______



Taryhyň iň möhüm fiziklerinden biri Albert Eýnşteýniň dünýä ylmyna goşan goşantlary sansyz. Nasist Germaniýasynda ýewreý bolup ýaşamaga synanyşanda 1933-nji ýylda ABŞ-a göçüp geldi.

Eýnşteýniň professional durmuşy barada köp zat öwrenmek mümkin. Emma Eýnş- teýn hakda iň täsir galdyryjy maglumatlar, megerem şahsy durmuşy hakdamyka diýip pikir edýäs. Ony anyklamak kyn bolansoň, adamlar şeýle alymyň gündelik durmuşyny nähili geçirendigini öwrenmek bilen gyzyklanýar.


Eýnşteýniň geň galdyryjy nika şertnamasy


1903-nji ýylda Albert Eýnşteýn Awstro-Wengriýa imperiýasynyň raýaty we baý serb maşgalasynyň gyzy Milewa Mariç bilen durmuş gurdy. (Olaryň tanyşlygy barada öňki postumyzda aýdyp geçipdik) Bu nikadan Hans Albert we Eduard atly 2 ogly 1 gyzy (gyzy Leýser hakda doly maglumat ýok) bolýar.


Albert Eýnşteýn we Meliwa Meriç (1905ý)



Laurent Seksik atly ýazyjy tarapyndan ýazylan we Eduard Eýnşteýniň agzyndan çykan şeýleräk sözleri bize mälim :"Kakam hakda gürlänimde dilim näme üçin beýle zäher ýaýradýar? Bilmeýärsiňizmi? Hemmeler bilýär öýdýärdim. Kakam bizi, ejemi, doganymy we meni 1914-nji ýylyň awgust aýynda Berlindäki platformada terk etdi. Şol günden şoňra bolsa söweş yglan edildi."



Eýnşteýn we aýaly Milewa 1914-nji ýylda gatnaşyklaryny soňlanmak derejesine çeni gelýär. Kollejde başlan söýgi gatnaşygy, gutarmagyň bäri ýanynda durdy. Albert aýaly Milewa bu gatnaşyklaryny çagala- rynyň hatyrasyna dowam etdirip biljekdigini, ýöne isleýän şertnamasyna gol çekme- lidigini aýtdy.


Eýnşteýniň aýalyna gol çekdiren nika şertnamasynyň şertleri



A. Siz jogapkärçilik çekersiňiz:

1. Egin-eşiklerim we kirlerimiň tertipli bolmagyna;

2. Otagymda yzygiderli üç naharyň taýýar bolmagyna ;

3. Ýatylýan otagymyň we iş otagymyň tertipli saklanýandygyna, esasanam iş stolumy menden başga hiç kimiň ulanmazlygyna;



B. Sosial sebäpler hökmany suratda talap edilmese, meniň bilen şahsy gatnaşyk- laryňyzy bes edersiňiz. Hususan-da, aşakdakylary haýyş etmersiňiz:

1. Öýde seniň bilen ýanyňda oturmagymy;

2. Meniň bilen daşary çykmagy ýa-da syýahat etmegi



C. Meniň bilen gatnaşygyňyzda aşakdakylary gözöňünde tutarsyňyz:

1. Menden fiziki ýakynlyga garaşmarsyňyz, meni hiç hili kemsitmersiňiz;

2. Islän wagtym meniň bilen gürleşmegi bes edersiňiz;

3. Siz ýatylýan otagymdan ýa-da iş otagymdan islän wagtym, arz etmän çykarsyňyz ;



D. Çagalarymyzyň öňünde sözleriňiz ýa-da hereketleriňiz bilen meni kemsitmersiňiz (peseltmersiňiz)

Milewa Mariç Eýnşteýniň bu şertlerini kabul etdi. Emma gatnaşyklary indi şertnama bilen halas edip bolmaýandygy sebäpli, birnäçe aýdan çagalaryny alyp, adamsy Alberti Berlinde galdyryp gitdi. Çagalary bilen Sýurihde ýaşaýan Milewa 5 ýyl adamsyndan aýry ýaşady we 1919-njy ýylda aýrylyşdy.

Albert Eýnşteýn 1919-njy ýylda ikinji doganoglany Elsa Eýnşteýn bilen durmuş gurýar. Är-aýal, nasist Germaniýasynda ýewreýleriň işläp biljek ýerleriniň çäklen- dirilmegi sebäpli 1933-nji ýylda ABŞ-da mesgen tutdy.



Elsa we Albert Eýnşteýnler


Çeşme: www.habertürk.com
suratlar: www.bbc.com.tr
48
702
tmyigit76
11 Fewral 2024
@awgust, salam. Hawa. Gelse hökman tassyklar
flowers_
9 Fewral 2024
@tmyigit76, hawa, meñ düşünşimä dogry siziñki)
tmyigit76
9 Fewral 2024
@flowers_, 👆🏻diýmek ýalňyşmandyryn-da
flowers_
9 Fewral 2024
"kuzen"- doganoglan, "ýeğen"-çykan*
flowers_
9 Fewral 2024
Durmuşy şertnama bilen dowam etdirip bolýan bolsa bolmajakmy😶
tmyigit76
9 Fewral 2024
@geldiyevna, familiýa meselesinde düzgünleri türkmenleriňki ýaly dälmikä diýýän
tmyigit76
9 Fewral 2024
@orhideya_, belki 🤔
tmyigit76
8 Fewral 2024
@smiling_, google perewot doganoglany dp çykarýa 🤦
tmyigit76
8 Fewral 2024
@Islam_Atayew, ýalňyşlyk. Çeşmede "kuzeni" diýýä. "Çykany" bolýa öýtýän.
nabat_
8 Fewral 2024
👍👍🌟🌟
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.