Albert Eýnşteýnden galan ylmy ýadygärliklerAIbert Eýnşteýn 1879-njy ýylyň 14-nji martynda Germaniýanyň Ulma şäherinde, uly bolmadyk täjir maşgalasynda dogulýar. 1896-njy ýylda Aarau (Sweýsariýa) şäherindäki orta mekdebi gutarýar hem-de şol ýerdäki fizika we matematika mugallymlaryny taýýarlaýan Sýurih ýokary politehniki mekdebine giriş synagsyz kabul edilýär. Okan döwründe wagtynyň köp bölegini fizika barlaghanasynda teoriýa bilen tejribäniň arabaglanyşygyny gözlemäge, galan wagtyny bolsa görnükli alymlaryň – Kirhgofyň (1824-1887), Gelmgolsyň (1821-1894), Gersiň (1857-1894), Makswelliň (1831-1879), Bolsmanyň
(1844-1906), Lorensiň (1853-1928) işlerini öwrenmeklige sarp edýär.
1900-nji ýylda Sýurih politehnikumyny gutarandan soňra, Albert üçin kynçylyk döwri başlanýar. Öz ugrundan iş tapylmaýar. Italiýada ýaşaýan onçakly gurply bolmadyk maşgalasy oňa serişde goýberip bilmeýär. Üstesine-de, kakasy German Eýnşteýn aradan çykýar. Ol gazanç barada pikirlenmäge mejbur bolýar. 1901-nji ýylyň birnäçe aýynda Wintertura şäherindäki tehnikumda sapak berýär. Okuwcylary ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna taýýarlaýar.Şol ýylda-da «Amaly fizika» žurnalynda onuň «Kapilýar hadysalarynyň netijeleri» atly ilkinji ylmy işi çap edilýär.
1905-1908-nji ýyllar aralygy Eýnşteýn üçin diýseň öndürijilikli döwür bolýar. 1905-nji ýylda diňe inersial sistemasy üçin ýörite otnositellik teoriýasyny-giňişlik we wagt baradaky täze taglymaty döredýär. Öňki düşünjelere görä, hereket wagtyň geçmegine hiç hili täsir etmeýär, islendik jisimiň çyzykly ölçegleri onuň dynçlykdadygyna ýa-da hereketdedigine bagly däldir. Nýutonyň ikinji kanunyna esaslansaň, hemişelik güýç jisime köp wagtlap täsir edip, oňa islendik uly tizligi berip biler. Emma Eýnşteýniň ikinji prinsipine görä, ýagtylygyň wakuumdaky (howasyz giňişlikdäki) tizligi (sekuntda 300.000 kilometr) aňryçäk tizlikdir, jisim hiç bir ýagdaýlarda-da ondan uly tizlik bilen hereket edip bilmez.
Nýutonyň döwründen başlap, iki ýarym asyryň dowamynda üýtgemeýär diýip gelnen jisimiň massasy tizlige görä üýtgeýär. Himiki reaksiýalarda ýa-da adaty şertlerde jisimler gyzdyrylanda, energiýanyň örän az üýtgeýändigi sebäpli, massanyň üýtgemelerini tejribede ýüze çykarmak başartmaýar. Diňe atom ýadrosynyň we elementar bölejikleriň özgertmelerinde (ýadro reaksiýalarynda) energiýa güýçli üýtgeýär, olar bilen baglanyşykly bolan massa hem duýarlyk derejede üýtgeýär. Mysal için, 1 gram uranyň ýadrosy doly darganynda bölünip çykýan energiýa 2,3104 (23 müň) kilowat sagada deňdir. Bu bolsa 3 tonna kömür ýa-da 2,5 tonna nebit ýananda alynýan energiýa barabardyr.
Häzirki zaman elektronlaryň kuwwatly tizlendirijileriniň ol bölejikleri tizliklerini ýagtylygyň tizligine bary-ýogy sekuntda
35-40 metr ýetmeýän tizlige çenli ýetirmäge ukyplydyrlar. Şonda elektronyň massasy, takmynan, 2 müň esse artýar. Şeýle böle- jikleriň traýektoriýalaryny hasaplamak üçin Nýutonyň mehanikasyndan peýdalanmak mümkin däldir. Şular ýaly otnositellik teoriýasynyň esasynda alnan täze düşünjeler köne nusgawy düşünjelere gös-göni garşy çykýar. Olary aýtmak we subut etmek üçin gaýduwsyz tutanýerliligiň, ägirt uly ylmy batyrgaýlygyň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir.
Albert Eýnşteýn 1905-nji ýylda ýagtylygyň kwant teoriýasyny döredýär we onuň esasynda fotoeffekt hadysasyny düşündirýär. lIkinji bolup ýagtylygyň bölejigi-foton düşünjesini ulanýar hem-de onuň hakykatdan-da bardygyny öňünden aýdýar (fotony tejribe arkaly 1922-nji ýylda amerikan alymy A. Kompton (1822-1962) açýar). 1921-nji ýylda Eýnşteýne wajyp ähmiýetli fiziki-matematiki barlaglaryny, aýratyn-da fotoelektrik effektiň kanunlaryny açandygy üçin Nobel baýragy berilýär. Onuň broun hereketiniň teoriýasyny döretmegi jisimleriň gurluşynyň molekulýar-kinetik teoriýasynyň doly ýeňmegine getirýär.
1907-nji ýylda ýagtylyk bilen gönüden-göni bagly bolmadyk fiziki proseslerde kwant teoriýasynyň ideýalaryny ulanyp, tempe- raturanyň peselmegi bilen gaty jisimlerde ýylylyk sygymynyň azalmagyny düşündirýär hem-de gaty jisimleriň ýylylyk sygymynyň ilkinji kwant teoriýasyny döredýär. 1912-nji ýylda fotohimiýanyň esasy kanunyny-her bir ýuwudylan (siňdirilen) fotonyň bir sany ýönekeý (elementar) fotoreaksiýany döredýändigini (Eýnşteýniň kanuny) açýar
1915-nji ýylda jisimler magnitlenende, olaryň mehaniki momentiniň üýtgeýändigini öňünden aýdýar we ony niderland fizigi B.Gaaz (1878 -1960) bilen bilelikde teiribe arkaly subut edýär.
1916-njy ýylda grawitasiýa tolkunlaryny postulirleýär (hakykat hökmünde kabul edilýän we subut etmekligi talap etmeýän kada), 1918-nji ýylda bu şöhlelenmeleriň kuwwatyny seljermäge mümkinçilik berýän formulany teklip edýär. Şol ýyl hem A. Eýnşteýniň döredijilik dartgynlylygy bilen üstünde 10 ýyllap işlän umumy otnositellik teoriýasy çap edilýär.
Umumy otnositellik teoriýasy diňe bir XX asyryň fizikasynda öwrülişik döretmän, kosmologiýada hem (älemiň gurluşy hakynda taglymat ) öwrülişik döwrüni döretdi. Onuň esasynda älemiň dürli nusgalary döredildi.
Otnositellik teoriýasy bilen dürli hünärli adamlar: filosoflar, lukmanlar, ruhanylar, mugallymlar, yazyjylar gyzyklanyp
başladylar. «Hiç haçan ylmy teoriýa şeýle giň gerimde, her taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşylmandy» diýip, 1920-nji
ýylda Berlin Ylymlar akademiýasynyň agzasy, professor A.J.Zommerfeld (1868-1951) ýazýar. Otnositellik teoriýasynyň töwereginde ýiti filosofiki çekişmeler ýaýbaňlandyrylýar, onuň ylmy we ylmy-populýar taýdan düşündirilişi baradaköp sanly kitaplar döredilýä.
1933-nji ýylyň oktýabrynda Eýnşteýni Amerika geçirýärler. Şeýdip, ol ömrüniň ahyryna çenli Prinstondaky ABŞ-nyň ýokary barlag institutynda işleýär. 1955-nji ýylda ýörite otnositellik teoriýasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanyp, Bernde we Berlinde ýubileý dabarasy geçirilýär. Eýnşteýn ýarawsyzlygy sebäpli, dabara gatnaşyp bilmeyär.
Beýik alym ähli ömrüni fizikany öwrenmeklige, döretmeklige bagyşlaýar. Umumy otnositellik teoriýasyny açanyndan soňra, ömrüniň ahyryna çenli bitewi meýdan teoriýasyny döretmekligiň üstünde işleýär. Biziň döwrümiziň köp sanly görnükli alymlarynyň bu teoriýanyň üstünde işleýändiklerine garamazdan, häzire çenli bitewi meydan teoriýasy döredilenok.
Ýekelik köp garrylara mahsus zat. Eýnşteýn diňe bir şahsy durmuşynda däl-de, ylymda-da özüni ýeke duýýar. «Meniň fizikanyň esasy meselelerine garaýşym ähli döwürdeşlerimiň garaýyşlaryndan ep-esli tapawutlanýar»
diýip, alym ýazýar. Emma adamlar oňa uly hormat goýup, ony ýeke galdyrmaýarlar. Alym işleýär, wagtyň ýetmezçiligini duýýar. Oýlanýar. Oýlanara mesele bolsa diýseň köp.
1939-njy ýylyň 6-njy ýanwarynda Germaniýada uranyň bölünýändigi we şol prosesde ägirt uly energiýanyň bölünip çykýandygy tejribe arkaly subut edilýär. Şol ýylyň 26-njy ýanwarynda bolsa ABŞ-nyň fizikler jemgyýetiniň
ýygnanyşygynda daniýaly görnükli fizik Nils Bor (1885-1962) Ýewropanyň alymlarynyň bu meselede uly ýeňiş gazanandyklaryny aýdýar. Alymlaryň köpüsi eşidenlerini barlap görmek üçin öz barlaghanalaryna howlugýarlar.
Şol ýylyň baharynda Eýnşteýniň ýanyna iki sany amerikan alymy atomçylar Ssilor Leo (1898-1964) we Wigner Pol(1902-1964) gelip, uranyň zynjyr reaksiýasy hem-de ony peýdalanmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň berýärler.
1942-nji ýylyň dekabrynda Çikagoda italýan fizigi Enriko Ferminiň (1901-1954) ýolbaş- çylygynda dünýäde ilkinji zynjyr reaksiýasyny amala aşyrýan atom reaktory işläp başlaýar.
Eýnşteýn 1955-nji ýylyň 11-nji aprelinde görnükli alymlar tarapyndan goldanylan, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, SSSR-iň, Fransiýanyň, Kanadanyň, Hytaýyň hökümet ýolbaşçylarynyň adyna ýazylan Ýüzlenmä gol çekyär. Bu Ýüzlenme adamzady öz-özüni gyrmaklyga getirýän ýadro ýaragyny ulanmak howpundan berk gorap geldi. Şondan bary-ýogy bir hepde soň, ýagny 18-nji aprelde