tmyigit76
10.02.2024 22:01

ANBAR YSLY ATYRLAR




Nämüçindir, parfýum diýlende, köpler Fransiýany göz öňüne getiýärler.
Emma parfýumyň taryhyny yzarlasaň, ol Fransiýada döremändir. Parfýum latyn sözünden gelip çykyp, «per» hem «fuma», ýagny «tüsse» diýen manyny berýär. Sebäbi ilkinji parfýumy ýakyp, tüsse etmegiň üsti bilen döredipdirler.
Antiki döwürde onuň ilki dörän ýeri Müsür hasaplanylýar.

Parfýumlar barada gyzykly maglumatlar

 Şol döwürde parfýumler bedeniňi yslandyrmak, nerwleriňi rahatlandyrmak, şeýle-de ýaşaýyş otaglaryna gowy ys bermek üçin ulanylypdyr. Kleopatra noşboý ysly ýaglary göze ilmeýän, emma özüne maýyl ediji gural hökmünde ulanypdyr. Antik döwründe parfýum, başga-da arap we Gündogar ýurtlarynda, Gresiýada, Italiýada hem ulanylypdyr.

* * *

Fransiýa parfýum biraz soňrak aralaşypdyr. Orta asyrlarda, Renessans döwründe parfýum taýýarlamak işi güläp ösüpdir.Şol wagtlar Fransiýada deriden geýim tikilýär eken. Şol deriniň ysyny aýyrmak üçin hem parfýum ulanylypdyr. Soňlugy bilen deri modadan galýar, mata geýimler moda girýär we tikinçiler hem parfýum satmak bilen meşgullanyp başlaýarlar. Şeýdip, parfýum ulanmak aristokratlaryň arasynda moda bolup, ony taýýarlamak işi aýratyn hünäre öwrülýär. Fransiýanyň Grasse şäheri parfýumyň paýtagty hökmünde beli bolýar.

* * *

Gadymy grek gyzlary özlerinden hemişe ýakymly ysyň gelmegini gazanmak üçin timarlananlarynda saçlaryna jasmin ekstraktly we geçi ýagly kiçijik haltajyklary dakypdyrlar. Ol yssy howada eräp, ýüzlerine, bokurdagyna we eginlerine syrylyp düşüp. jasminiň ysyny beripdir.

* * *

Dünýäde atyrlary öndürýän ilkinji parfýum fabrigi 1608-nji ýylda Florensiýada Santa Mariýa Nowella ybadathanasynda döredilipdir. Ol özüniň meşhurlygyny köp gersogdyr knýazlaryň, hatda Rim Papasynyň howandarlyk etmegi bilen gazanypdyr.

* * *

Atyrlaryň dünýäde ilkinji goraghanasy 1990-njy ýylda döredilip, ol Osmoteka diýlip atlandyrylýar. Ony Žan Kerleon, ýagny «JeanPatou», meşhur parýum öndüriji kärhananyň esasy parfýumçysy esaslandyrýar. Bu günki gün bu goraghananyň kolleksiýasynda atyrlaryň 2 müňden gowrak nusgasy saklanýar.

* * *

«Kpacнaя Mocквa» parfýum fabrigi köplere tanyş hem bolsa, onuň düýbüni tutujynyň Fransiýanyň ýaşaýjysy Genrih Brokardygyny bilmeýänlerimiz hem bardyr.


* * *

«Clive Christian's Imperial Majesty» atyry
dünýäde iň gymmatbahaly atyry diýlip hasaplanylýar. Onuň 500 ml möçberli çüýşe gaby hrustaldan bolup, 18 karatly gyzyl bilen çaýylan hem-de 5 karatly göwher bilen atyryň bahasy 215 müň amerikan dollaryna barabar. Bu ýakymly ysly atyr Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.. (Bellik: käbir çeşmelerde iň gymmat atyr: DKNY Golden Delicious Million Dollar Fragrance Bottle atly bahasy million dollarlyk parfýum hasaplanýar)



* * *

Garwardly biolog Şeref Mansi bilen awstraliýay parfýumçy lýusi Makreý bilelikde hoşboý ysly kapsulany döredipdirler. Bu kapsulany iýen adamyň bedeni ýakymly ys çykarýar. Dogrusy, bu «iýip bolýan atyrlar entek satuwa çykarylanok», ol heniz diňe kliniki testleşdirme tapgyryny geçýär.

* * *

Häzirki atyrlaryň düzümini, asasan, parfýum spirti bilen hoşboý ysly ýaglar düzýär. Atyryň ýakymly ysy hem-de onuň bahasy düzümindäki komponentleriň möçberine we sazlaşykly utgaşmasyna bagly bolýar. Meselem: Chanel n-5 belgili atyryň düzümi 80 dürli ysly komponentlerden ybarat. Bu parfýum ölçegi boýunça - örän kän.

* * *

Bu günki gün Chanel no-5 atyry dünýäde iň köp satylýan atyrlaryň birliginde galýar. Atyryň muşdaklary diýseň kän hem-de soňky döwürde ol zenanlaryň iň höwesli atyrlarynyň hataryna girdi.



* * *

«Mis Dior» atly atyry belli fransuz parfýum- çysy Žan Karldyr.




Metbugat maglumatlary esasynda taýýarlandy





Siz haýsy parfýum halaýaňyz? (ulanýaňyz?)

49
478
kralinkizi
13 Fewral 2024
Good girl blush
Akram_Beshimov
11 Fewral 2024
Fransuzlarda hammam bolmandyr şoñ üçin ysyny bildirtmezlik üçin Parfums ulanypdyrlar
gokgi
11 Fewral 2024
👍🏼j'adore
yusubowa
11 Fewral 2024
👍
clara_💎
11 Fewral 2024
👍👍👍👍👍👍
kiraz
11 Fewral 2024
👍👍👍
tttttgxsjvxshxshcs
11 Fewral 2024
212
annabibi
11 Fewral 2024
Красная Москва 👍
ena1002
11 Fewral 2024
Eyfel
myrataly_
10 Fewral 2024
Esasy Tom Ford tobaco vanilla,Creed aventus,sonra bolsa Black Afgano shular
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.