tmyigit76
12.02.2024 20:35

Dolandyryşdan çykan hemra Ýere tarap ýakynlaşyp gelýär.


09.02.2024





Ýewropa kosmos gullugy (ESA), 10 ýyl ozal ulanyşdan çykan we soňky ýangyç


ätiýaçlyklaryny hem sarp eden ERS-2 atly hemra birnäçe hepdeden Ýeriň atmosferasyna girip gözegçiliksiz düşjekdigini mälim etdi.






1995-nji ýylda uçurylan Ýewropa kosmos gullugynyň (ESA) ERS-2 hemrasy 10 ýyl ozal ulanylyşdan çykdy.



Emeli hemranyň agramy 11 tonna bolup, Ýeriň atmosferasyna gözegçiliksiz girip biljekdigi bellendi.




ERS-2 hemrasy näme, nähili işleri ýerine ýetirýär.



ERS-2 Ýere syn etmek üçin ulanylýan hemrady. Sputnik atmosfera, ummanlar we gury ýer massalary barada maglumatlary ýygnady.



ERS-2 tarapyndan toplanan maglumatlar howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň hapalanmagy ýaly meseleler boýunça gözlegçilere kömek etdi.




Nirä düşer?



Häzirki wagtda ESA-nyň äpet hemrasynyň nirä gelip düşjekdigini aýtmak mümkin däl.



ESA: "Sputnik ýygy-ýygydan gözegçilik astynda saklanýar we orbital beýikliginiň peselmegi bilen oňa yzarlaýarys. Şeýle-de bolsa, Ýere gaýtadan girmegi tebigy ýagdaýda bolansoň, emeli hemranyň haçan we nirä düşjekdigini takyk çaklamak mümkin däl\" -diýdi.



Hünärmenler, emeli hemranyň atmosfera girip, ýere degmezden ýanmagynyň ähtimaldygyny aýdýarlar.



Şeýle-de bolsa, ownuk bölekleriň ýere gaçmagy we adamlara zyýan ýetirmegi ähtimal.




Kosmasdaky zibiller meselesi.



Planetamyzyň orbitasy eýýäm kosmos galyndylaryndan doly we has köp raketa uçurylmagy we emeli hemralar ulanylmaga berilmegi bilen ýagdaý hasam erbetleşer.






Ýadro füzýon lazer bilen kosmos zibilleri arassalanyp biler.



Ýaponiýa geçen aý ýadro birleşme güýjüni herekete getirýän lazerler arkaly kosmos galyndylaryny arassalamagy maksat edinýändigini mälim etdi.






Häzirki wagtda planetanyň töwereginde 100 trillion töweregi emeli hemra bölekleriniň bardygy çak edilse-de, toplanan kosmos galyndylarynyň işjeň hemralara zeper ýetirip biljekdigi bellendi.




çeşme: www.odatv.com





Biziň ähli postlarymyzy okamak üçin şu ýere basyň

50
629
manolya
28 Fewral 2024
@flowers_, gitdi öýdýän soraglary gôrüp🤦
tmyigit76
28 Fewral 2024
@mawy, çada 🏃
manolya
28 Fewral 2024
@tmyigit76, näme ýaryş? nirde boldy ? ýer aldyňmy ? Alan bolsaň näçinji ýer ? Dz da boldumy ?
tmyigit76
28 Fewral 2024
@mawy, ha ýokla. Soraber.
tmyigit76
28 Fewral 2024
@flowers_, sag boluň.
flowers_
28 Fewral 2024
@tmyigit76, tüweleme, bolupdyr, üstünlik 👍
tmyigit76
28 Fewral 2024
Sag boluň. Gowy bolsaňyz bolýa
tmyigit76
28 Fewral 2024
@mawy, 👍🏻
manolya
28 Fewral 2024
@tmyigit76, aha, bolýala saglyk bolsa :))
tmyigit76
28 Fewral 2024
@mawy, Gowula. Işler bn biraz pawza boldy. Sag bol aladaňa :))
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.