tmyigit76
26.06.2024 20:20
[i]Näme üçin adamyň bedeni nirede bolsada 37° gradusdyr?


Näme üçin diňe dört sany gan topary bardyr?


Näme üçin bir bäbegiň enesiniň göwresinde geçirýän wagty 9 aýdyr?


Näme üçin her gün Günüň doguşy we batyşy bir sekunt hem üýtgemezden amala aşýar?


Näme üçin ýeriň basyşy adamyň ýaşamagy üçin gaty amatlydyr?


Näme üçin göz bir ýag bölegi bolsada görüp bilýär?


Bu "näme üçinler" sanamak bilen, ýazmak bilen gutarmaýar. Emma olaryň ählisi bizi bir ýere yşarat edýär:


Eý, ynsan! Seni ol Keremli Perwerdigäriňe garşy aldan zat näme? Seni ýaradan, saňa dolulygyna şekil beren we saňa deňagramly bir ýaradylyş beren, seni Öz isleýşi ýaly ýaradan Ol dälmi eýsem?

Infitar 6-7-8
26
90
tmyigit76
21.06.2024 21:00


Taryhyň gatlarynda galan gyzykly taryhy suratlar


Ýadymyzda ýer etjek taryhy suratlar, düşürilen wagty bolan wakalar, wagtyň geçmegi bilen taryhyň tozanly sahypalaryna siňip gidýär. Taryhyň dürli döwürlerine ser salmak üçin, biz olardan käbirlerini öwrenmeliniň agzalary üçin topladyk. Göwnünize ýarar diýip umyt edýäris.




1. Los Anjelesdäki Kaliforniýa alligator fermasynda gezelenç edýän we bir işçiniň alligatorlardan birini iýmitlendirýänine tomaşa edýän syýahatçylar. (1920)



2. Howa menzilinde 18 ýyl ýaşamak bilen tanalýan Eýranly bosgun Mehran Karimi Naseriniň suraty. (2004)



3. Geljekdäki “Apollon 11”-iň kosmonawty Buzz Aldrin, Koreýa söweşinde duşman MiG-15 söweş uçaryny atyp düşüreninden soň düşürilen suratda. (1953)



4. Gämiler we gaýyklar topary ABŞ-nyň iki ýüz ýyllyk baýramçylygy üçin Nýu-Ýorka gidýär. (1976)



5. “Ford” -yň aýna üçekli ulagy. (1947)



6. Awstriýa-Wengriýaly şazada Franz Ferdinand we aýaly Sofiýa, serb milletçisi Gawrilo Prinsip tarapyndan öldürilmezinden ozal. Bu waka Birinji Jahan Urşuny başlanmagyna sebäp bolupdy (1914, Saraýewo)



7. Pariž azat edilende öz adamlaryna buýruk berýär general Leklers (1944)



8. Kosmonawt Deýl Gardner kosmos gämisi arkaly ýere göýberiljek iki sany sputnigiň(aşaky sagda bölekleýin görünýän) "satylýar" diýen ýazgy bilen mahabatlandyrýan pursady (1984-nji ýylyň 14-nji noýabry.)



9. Gyzyltenlileriň baştutany goşun ofiserleri bilen Garrison bendiniň gurluşygy barada gürleşýär. (Demirgazyk Dakota, 1946.)



10. Medeni ýadygärlik hasaplanmazdan ozal Giza Beýik Piramidasynyň ýanynda duran mumýalar (1865)



11. 1931-nji ýylda meşhur mafiýa lideri Al Kaponyň kazyýet işinde ýüzlerini gizleýän gangsterler.



12.Gizlin polisiýa işgäri Nýu-Ýorkuň metrosynda bir talaňçyny tutýarka. (1985. Brýus Deýwidson tarapyndan düşürilen surat.)



13. Immunitetini güýçlendirmek üçin daşarda uklamaga goýlan çagalar. (Moskwa, 1958)



14. Köne Sincinnati jemgyýetçilik kitaphanasy. Bina 1955-nji ýylda ýykyldy. Häzirki wagtda onuň ýerinde ofis binasy we awtoulag duralgasy bar.



15. Merkezi aňtaw gullugynyň wekili Feliks Rodriges (çepde) we Boliwiýanyň esgerleri jezalandyrylmazyndan birnäçe minut öň Ç. Guevara bilen surata düşdi. (Boliwiýa, 1967-nji ýylyň 9-njy oktýabry.)




onedio.com
Taýýarlan tmyigit76
28
260
tmyigit76
15.06.2024 20:04
Hiç kimiň Aýa gitmändigi baradaky täze bir pikir: "Eger çyndanam Aýa gidilen bolsa, ol Roweri nädip Aýa alyp gitdiler?"

Aýa gitmegiň ýolunyň ýokdugyny öňe sürýän- ler we Aý syýahatynyň studiýada döre- dilen şekillerdigine ynanýanlar, kosmo- nawtlar tarapyndan ulanylýan Rover ulagynyň Aý kapsulasyna laýyk gelmejekdigini öňe sürýärler. Bu bolup bilermi?



Aslynda Aýa çyndan hem gidildimi ýa-da Aý syýahaty kino illýuziýasy hökmünde toslanyp tapyldymy?

Esasanam ýeriň tekizdigine we asmanyň gümmez bilen ýapylandygyna ynanýanlar, bu sebäpler üçin Aýa gitmegiň mümkin däldigine ynanýarlar.

Beýleki bir topar, ABŞ-nyň Russiýa bilen kosmos ýaryşynda abraýyny ýitirmezlik we dünýä liderligini Russiýa berip goýmazlyk üçin kino studiýasynda meşhur kino režrissýory tarapyndan Aýa syýahaty gurnalyp düşürilen diýip aýdýarlar.

Hatda häzirki wagtda aýlanýan ISS-iň toslamadygyny we kosmonawtlaryň dürli simlere birikdirilip, gäminiň içinde uçýan ýaly görünýändigini we käwagt bu meselede gaty ynandyryjy suratlary hem aýratyn belläp köpçülige görkezýärler.


Aýa gitmegiň ýolunyň ýokdugyna ynanýanlar indi internetde täze sorag bilen üns çekýärler. "Aý roverini kiçijik kosmos kapsulasyna nädip ýerleşdirdiňiz?"

Hakykatdanam, şu nukdaýnazardan seredeniňde, kosmonawtlary Aýyň üstünde hereket etmegine ýardam edýän 4 tigirli elektrik awtoulagy, kosmonawtlary alyp barýan Aý modulyna sygmaz derejede gaty uly.


Şeýle-de bolsa, NASA-da muňa Aýda düşürilen animasiýa we suratlar bilen jogap bar.



Ýokardaky ýaýradylan suratlara görä, “Lunar rover” Aý modulynyň daşynda eplenen we oturdylan ulagdyr. Kosmonawtlar Aýyň üstüne gonanda, bu ulagy oturdylan ýerinden söküp açmak arkaly ulanýarlar.


Siz bu barada näme pikir edýärsiňiz? Bu aýyplamalar ertekimi ýa-da berlen jogaplar?




www.chip.com.tr
Taýýarlan tmyigit76
23
141
tmyigit76
12.06.2024 19:41


Ölsün Jummaýyň iti


Degişme goşgy


[i]Üýrüp öňüňden çykar,
Ölsün Jumaýyň iti.
Ýetip aýakdan tutar,
Ölsün Jumaýyň iti .

Jummaý durar çekilip,
Bas küş berer bukulup,
Heläk edýär topulyp,
Ölsün Jumaýyň iti.

Ýatýar köçäň çetinde,
Gözi iliň g**ünde,
Welosipedli ötemde,
Üýrer Jummaýyň iti.

Bizar boldy agalar,
Aglap gaçýa çagalar,
Haçan ölüp ýogalar,
Ölmez Jumaýyň iti .

Bizar boldum itinden,
Tas dişläpdi g**ümden,
Alyp galar etiňden,
Ölsün Jumaýyň iti.

Alkaş görse degmeýä
Ogrulara üýrmeýä,
Mollalary söýmeýä,
Ölsün Jumaýyň iti.

Üýrüp işimi görer,
Gije düýşüme girer,
Öldürüp göre salar,
Ölmez Jumaýyň iti.


Obamyzdaky Musa mollanyň dilinden ýazylyp alyndy.
29
188
tmyigit76
25.05.2024 21:28



Günäsiz birinji daşy atsyn





Injil kitaby Ýuhanna bölümi 8:1-11 bölüminde "Zyna eden aýal" atly bir rowaýat bar:


 [i]Isa Mesih Zeytun dagyna gidipdi. Ertesi gün ir bilen ýene-de ybadathana geldi. Adamlar Onuň ýanyna gelip başladylar we Isa oturyp olara öwüt-nesihatlar berip başlady. Şol wagt, din alymlary we fariseýler zyna eden bir aýaly Isanyň ýanyna getirdiler. Ony ortarada goýup Isa mesihe "Mugallym, bu aýal zyna edýärkä tutuldy. Musa kanunynda şeýle aýallaryň daşlanyp öldürilmegini buýurýandyr. Sen näme diýýärsiň?" diýip soradylar. Muny Isa mesihi synap görjek bolup aýdýardylar, Ony günäkärlemek üçin bir bahana gözleýardiler.

Isa bolsa egilip, barmagy bilen ýeri çyzyp başlady. Olar soraglaryny gatyrganyp dowam etdiler. Isa dikeldi we Araňyzda günäsiz kim bolsa, ilki daşy ol atsyn!" diýdi. Soňra ýene egilip, ýere çyzyp başlady. Muny eşidenlerinden soňra ol adamlar iň ýaşulylaryndan başlap ol ýerini terk etdiler. Aýal ortarada, ýeke galdy. Isa dikeldi we oňa: "Aýal, seni günäkärlänler nirede? Saňa hiç kim daş atmadymy?" diýip sorady. Aýal: "Ýok. Hiç kim maňa azar ýetirmedi efendim" diýdi. Isa: "Men hem seni ýazgaramok. Git we mundan beýläk günä iş etme!" diýdi.



Bu wakanyň Isa Mesih bilen hakykatda bolandygy ýa-da bolmandygy anyk belli däl. Emma bu çaklaňja rowaýatdan biz netije çykaryp bileris.


Geliň!
Öz kemçiligimizi görmezden iliň kemçiligi hakda agyz açmalyň!

28
231
tmyigit76
24.05.2024 21:00


Kuranda matematika ýa-da täsin 19-lyk



Geliň, sözi däl, eýsem, her bir harplary bilen ynsanary haýrana goýan, gudrat çeşmesi gaýnaýan Keramatly «Kurandaky» 19-lyk san bilen baglanyşykly käbir täsinliklere seredeliň. Ýöne, "Kuran" giden bir deňiz bolsa, onda bu täsinlikler (gudratlar) şol deňiziň içindäki ýekeje damjajygydyr.

"KURANY KERIMDE" 114 sany süre bardyr we bu süreleriň sany 19-yň 6 essesidir. (19x6=114).

9-njy süreden başga beýleki ähli süreleriň başynda "Bismillahirrahmanirrahim" gelýändir. (113 sany). Mundan başga-da 27-nji süreniň 30-njy aýaty hem "Bismillahirrahmanirrahim" bilen başlanýar. Diýmek, "Kurany-Kerimde" "Bismillahirrahmanirrahim" jemi 114=19x6 gezek gaýtalanýar.

"Bismillahirrahmanirrahim" - emele getirýän "Kuran" harplarynyň sany-da 19-a deňdir.

"Bismillahirrahmanirrahim" - sözünden "Kuran" harplaryny we seslerini belli bir yzygiderlikde okamak bilen "Ism", "Allah", "Er Rahman", "Er Rahym"- ýaly mukaddes sözleri düzüp bolýar. Ýagny, "Bismillahirrahmanirrahim" - sözi öz içinde "Ism", "Allah", "Er Rahman", "Er Rahym" ýaly mukaddes sözleri özünde jemleýär. "Ism"- sözi "Kuranda" 19x1 gezek, "Allah" sözi "Kuranda" 2698=19x142 gezek, "Er Rahman" - sözi Kuranda 57=19x3 gezek, "Er-Rahym"- sözi "Kuranda" 114 gezek gaýtalanýar. Munda başga-da (19x1+19x142+19x3+19x6) : 19=1+142+3+6=19x8. Bu hasaplamalardan hem ýene-de 19-lyk sanyň ýönekeý san däldigini görünýär.

Başynda "Bismillahirrahmanirrahim" bolmadyk ýeke-täk süräniň 9-njy süredigini, ýagny "Tewbe" süresidigini başda aýdypdyk. Hut bu süräniň özüni-de degişli etmek bilen jemi 19 süräni aýratyn tertipde sanasak, onda27-nji sürä, ýagny "Neml" süresine geleris. Diýmek, "Bismillahirrahmanirrahim" (mundan beýläk gysgaldylan görnüşde :"Besmele") 27-nji süräniň 30-njy aýatynda gutarýar. Ýagny, bu ýerden hem 27+30=57=19x3 kanunalaýyklygy görýäris.

Bütin ugurlary bilen mugjyze bolan "Kuran" her asyrda edil täze dünýä inen ýaly, iman eýelerine ýol görkezmekligi dowam edýär. Hakykatdan-da "Zaman garradygyça "Kuran" ýaşarýar". Münlerçe mysallardan heniz 5-sini gördük. Megerem, bu 5 mysala tötänlik diýip aýtmak dogry däldir. Dowam edýäris.

Ilki dünýä inen "Alak" süresi ne seredeliň. Bu süre yzdan 19-njy süredir. 19 aýaty bardyr. Ilki wahyýde (Alladan gelen owaz) bu süräniň ilkinji 5 aýaty döräpdir. Bu aýatdaky sözleriň sany 19-dyr. Şeýle hem bu süräniň bu aýat- larynyň harplaryny sanasak 76=19x4 deňligini görýäris.

Şol bir süräniň, ýagny "Alak" süresiniň harp- laryny ýeke-ýeke sanaşdyrsak, 285-i alarys. Şeýlelikde, ýene bir 19-lyk täsinligi bilen ýüzbe-ýüzsiňiz. Bu hem 19-yň 15 essesidir.

"Kurany Kerimiň" ilkinji dörän gijesinden söz açýan we ol gijäniň adyny göterýän "Gadyr" süresine seredeliň. Ajaýyp gözellik we hikmete bezelen 19 mugjyzesine ýene-de bir şaýat bolýarys.

"Gadyr" süresindäki harplary sananymyzda göni 114-e dendiğini, ýagny 19-yň 6 essesi- digini (114=19x6) görýäris. Bu 114-sana nätanyş dälsiňiz. Başga-da "Besmele" mukaddes sozüň we "Kurandaky" süreleriň hem 114 bilen baglanyşygyny görüpdik.

Gudrat içinde gudrat görmek we iç-içine bolup duran sistema has gowy düşünemek isleseňiz, ýene-de şol süreniň aýatlaryndaky harplary ýeke-ýekeden sanap bilersiňiz. (Ýagny her harp näçe gezek gaýtalanýar, her bir jübüt harp näçe gezek gaýtalanýar...) Bu sanlaryň 19- merkezli bir arifmetiki oýny emele getirýändigini we dürli kombinasiýalary bilen 19-yň 114-e çenli bolan bitin esselerini orta çykarýandygyny haýran galyp görýärsiňiz.

Bu süräniň ilkinji 5 aýatynyň harplarynyň sany hem 36+18+19+20+21=19*6 deňdir.

Hawa, diňe ýokarda gören mugjyzelerimiz hem "Kuranyň" Alla kelamydygyny subut etmäge ýetýär. Şeýle hem "Kuran" süreleriniň beýle täsinlikleri sebäpli oňa öýkünikip ýazylmagy hiç hili mümkin däldir. Ynha bu hakykaty beýan edýän 17-nji süräniň 88-nji aýatynyň manysy şeýle diýýär:

«Eger bütin ynsanlar we jynlar bir ýere toplansalar, hatda ýardam edişip, goldaşyp bir-birlerine arka çyksalar hem "Kuranyň" ýekeje meňzeşini-de emele getirip bilmezler" (Isra. 88-nji aýat)



Maglumatlar çeşmesinden gysgaldylyp alynýar.

Dowamy bar...
29
251
tmyigit76
12.05.2024 21:25

Hytaýda gysga wagtyň içinde 20 million adamyň ölmegine sebäp bolan oba hojalyk betbagtçylygy: Uly üstünlik



Geliň, Hytaýyň atasy Mao Szedunyň ägirt güýç bolmak üçin ýurdy herekete getirendigi we 20-nji asyryň iň uly betbagtçylyklaryndan birini döredendigi baradaky wakany gözden geçireliň.




“Uly böküş” 1958-nji we 1961-nji ýyllar aralygynda Mao tarapyndan kommunistik Hytaýda başlanan betbagtçylyklar zynjyrynyň adydyr. Mao Szedun Hytaýy ägirt güýç etmek isledi. Bu maksat bilen, uly öňe bökmek diýlip atlandyrylýan hereket meýilnamalarynyň birnäçesini başlatdy. Maksat oba hojalygynyň artykmaç önümlerinden gelýän pul bilen pudagy we goşuny maliýeleşdirmekdi. Mao ilki bilen oba hojalygynyň önümçiligini 2-den 3 esse köpeltmegi buýurdy. Ylmy taýdan mümkin bolmadyk bu arzuw, Pekinden welaýat häkimlerine çenli hemme ýerde aýdylýar. Güýç zäherlenmesiniň mysaly bolan şol döwrüň jemgyýetinde aşaky ýolbaşçylar ýolbaşçylarynyň göwnünden turmak üçin toslama hasabatlar taýýarlap başladylar. Ýükli eşegi titredýän sanlar bilen oba hojalygynyň önümçiliginiň ajaýyp ösendigini görkezýän galp resminamalar taýýarladylar.

Hytaýdaky beýik açlyk

Moa Szedun


Hasabatlara ynanyp, hökümet ýarag we tehnika çalyşmak üçin daşary ýurtlara tonnalarça tüwi satdy. Ahyrsoňy önümçilik iki esse artdy. Elinde henizem köp oba hojalygy ätiýajy bar diýip pikir edilýärdi. Emma ýagdaý düýbünden tersdi. Bu pursatda taryhdaky iň aýylganç açlyk betbagtçylyklarynyň biri boldy. Millionlarça hytaýly açlyk sebäpli öldi.

Uly böküşiň öňe sürülmegi Hytaýda Sowet senagatlaşma modeliniň şowsuz mysalydy. Oba hojalyk önümlerini satmakdan alnan maýanyň agyr senagat tehnikasyna öwrülmegine gönükdirilen Sowet modeli Hytaýda işläp bilmedi, sebäbi Sowet Soýuzyndan tapawutlylykda Hytaýyň ilaty gaty gür we oba hojalygynyň maýa toplamakda artykmaçlygy ýokdy.

Gije çyralaryň ýagtysyna işleýän daýhanlar


Uly üstünlikiň ady bilen döredilen kommunal ulgamynda oba hojalygy we syýasy kararlar merkezden daşlaşdyryldy we tejribe däl-de, ideologiki pikirler öňe sürüldi. Daýhanlar toparlara bölünip, rehimsiz işlemäge mejbur boldular. Durmuşa geçirmekdäki bu ýalňyş- lyklar birnäçe tebigy betbagtçylyklar we Sowet goldawynyň kesilmegi bilen hasam güýçlendi. Aragatnaşyklaryň netijesizligi, üç ýyl bäri Hytaýyň oba hojalygyny düýpli bozdy. betbagtçylyklar tiz wagtda milli betbagtçylyga öwrüldi. Umuman aýdylanda, 1959-1962-nji ýyllar aralygynda takmynan 20 million adam açlykdan öldi.

Netijede, adamzat diňe toslama habarlara, ýagny ýazuw arkaly döredilen gapma-garşylykly toslama aldaw bilen öz aýagyny özi çilipdi.


www.eksiseyler.com
taýýarlan tmyigit76


Ugurdaş maglumatlar üçin şu ýere basyň

55
498
tmyigit76
08.05.2024 23:02

Ybraýym bin Edhem 



Dünýä we köňüller soltany, Kap dagynyň symrug guşy, ýekelik äleminiň düri, döwlet syrlarynyň hazynasy, iň uly yklymyň patyşasy, Allahyň ýardamy we keremi bilen ýetişen, jahan şyhy Ybraýym Edhem (Allatagala oňa rehim etsin ) öz döwrüniň iň bir dindar we sytdyh kişisidi. Oňa kän-kän işleriň içinde bolmak, dürli-dürli halkykatlara şaýatlyk etmek nesip edipdir. Hemme kişi ony güler ýüz bilen garşylaýardy. Köpsanly şyhlary görüpdi. Ymam Agzam Abu Hanifäniň (Allatagala oňa rehim etsin!) söhbetlerini diňläpdi. Jüneýit: "Şu nesliň ylymlarynyň açarlary Ybraýym Edhemiň elindedir diýipdir.

* * *

Ybraýym Edhem şeýle diýipdir:
-Ýol üstünde ýatan bir daşy gördüm. Onuň yüzüne «Daşy beýlesine öwür we aşagyna ýazylany oka!» diylip ýazylypdyr. Daşy beýlesine öwremde, «Eger bilýän zadyňa görä hereket etmeýän bolsaň bilmeýän zadyňy biljek bolmagyň sebäbi näme?» diýen ýazga gözüm düşdi.

Bu ýolda meniň üçin hiç bir zat kitapdan aýrylmakdan agyr düşmändi. Çünki «Oka!» diýip emir edilipdi.

Bu gün saňa haýsy amal agyr düşýän bolsa, ertir terezide agramy käni şol bolar.

* * *

Bir sopynyň öňünde döwlet gapysynyň açylmagy üçin onuň kalbyndan üç perde syrylyp aýrylmalydyr. Birinjiden, ebedi yhsanyň öwezine iki älemiň mülküni berjek diýseler, muňa begenmeli däl. Eger ol muňa begenäýse, onuň ýaradylan bir zadyň bardygyna begenýän we heniz açgözlükden saplanmadyk bir adam boldugydyr.
Ikinjiden. iki jahanyň mülki oňa degişli bolsa we şol zatlary onuň elinden alsalar, bar zadyndan dynandygy üçin gynanmaly däl. Çünki şunuň ýaly ýagdaýa düşeňde gynanmak gaharjaňlygyň alamatydyr. Gaharjaň
bolsa azap içindedir. Üçünjiden, özüňe bolmalysyndan ýokary baha berip, aldanmaly däl. Çünki özüne bolmalysyndan uly baha berip, aldanan kişiniň yhlasy az bolýar. Yhlasy az bolan kişi bolsa, Hak bilen arasyna perde çekýär. Bu ýoklda yhlasyň gaty uly bolmalydyr.

Ýa, Biribar! Meni günä etmek pesliginden uzaklaşdyryp tagat etmek mertebesine gowuşdyr!
Ýa, Biribar! Seni tanadym diýýän kişi hem Seni tanamandyr.
Seni tanadym diýmäge ýüzi yok kişiniň haly neneň bolarka?
Ýa, Biribar! Saňa ne boldy-da, zady terk etdiň.

* * *

─ Imansyz yklymyň hiç hili gymmaty ýokdur - diýip, Ybraýym Edhem kän gaýtalar eken.

* * *
Bir adam Ybraýym hezretlerinden:
- Ömrüňde bagtly pursatlar bolupmydy?- diýip sorapdyr.
Ol şeýle jogap beripdir:
Derwüşlige ýüz uralym bäri iki gezek ýüzüm güldi. Bir gezek men gaýygyň içinde otyrdym. Saçym hüwjerip durdy, eşiklerim hem sal-saldy. Duýman durkam bir degişgen adam ýanyma gelip, ýöne bir garagolsyramagyň hatyrasyna meni ýumruklap, üstümden gülmäge başlady. Şol pursat men özümi örän bagtly duýdum, çünki ol meniň
nebsimi kemsidipdi. Başga bir gezek ýadawlykdan baňa metjidiň içinde
uklap galypdyryn. Bir topar adamyň bolup ýatyşyma gaharlary gelip aýaklarymdan tutagada, meni basgançakdan aşaklygyna oklap goýberdiler. Togalanyp gaýdyşyma basgançaklaryň birine kellämi deşdirdim. Aýaklarym hem döwüldi. Emma her gezek basgançaklara gütläp
düşemde, özümiň ruhy taýdan barha kämilleşýänimi duýýardym. Tekiz ýere baryp düşemde, basgançaklaryň sanynyň azdygyna gynandym,
çünki has baý ruhy tejribä eýe bolmak isleýärdim.


Bu maglumatlaryň ählisi 2015-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi tarapyndan çap edilen "Weliler hakda rowaýatlar" atly kitabyndan alyndy.

Ýerleşýän ýeri:
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýerleşýär. Rowaýatlara görä Ybraýym Edhem hezretleriniň zyýarathanasy Bötendagyň üstünde ýerleşýär. Rowaýatlara görä Bötendag bir gijede göçen dag diýip aýdylýar.

Häzirki wagta Ybraýym bin Edhem Daşoguz welaýatynyň iň bir gelim-gidimli zyýarat edilýän ýeridir. Halk arasynda aýdylşyna görä bu ýere ýedi gezek zyýarat etseň bir gezek Haj Parzyny berjaý etmek bilen deňmiş. Ähli musulman doganlarymyza bu mübärek ýere gelip zyýarat etmek miýesser etsin

50
527
tmyigit76
17.04.2024 23:00


Göwün




  Adamyň hemme zatdan doýmagy mümkin. Baýlykdan... Wezipeden... Şan-şöhratdan... Hudaýyň Özi bagyşlasyn, hatda... ömürden hem...
Garrap, sandan galanda: «Amanadyňy al, Ýaradan Eýäm» diýýänler çyn ýürekden aýdýarlar...

  Adamyň hemme zatdan doýmagy mümkin. Diňe bir zatdan — Mähirden doýma ýok. Bu meselede şahu-geda deň.

  Şeýle-de bolsa, dünýäde mundan arzan zat ýok. Bir agyz süýji Söz, bir çümmük Mähir kimi garyp goýupdyr!

Biz welin şuny hem biri-birimizden gysganýarys...





Çydam



  Taňry ynsana çydam beripdir. Çöregini alsalar, çydaýar. Malyny ogurlasalar, çydaýar. Ursalar, sökseler, çydaýar. Emma agy gara, garany ak diýseler, perişdäni «şeýtan», şeýtany «perişde» diýip «subut edip berseler», muňa çydamasy kyn...

  Munuň ýaly wagtda soňky tama — Alladan medet sorap, mynajat etmekdir. Taňrynyň terezisi hatasyz işleýär...


1987-nji ýyl, mart.



Adam atadan galan adat



  Söýgüsini beýan edýän erkek sakaw bolsada, bilbilgöýä öwrülip gider. Emma aýdanlaryny derrew unudar.

  Ýürek sözüni diňleýän zenan bilbilgöýä bolsa-da, sakawa öwrülip galar. Emma eşiden sözlerini hiç haçan unutmaz.



Ötgür Haşimow. «Depder sahypalarynyň gyrala- ryndaky ýazgylar» (Dostluk köprüsi)

Terjime eden Orazmyrat MYRADOW

27
187
tmyigit76
16.04.2024 22:43



Men­ta­li­tet




Günleriň birinde Amerikada çykýan iri gazetleriň biriniň ýolbaşçysy bilen söhbet etdik. Ol özbekleriň näme üçin mähelläni (il-gün, oba, obanyň, il-günüň kada-kanunlary) beýle hormatlaýanlygyny, näme sebäpden mähelle bilen bagly degişli Kanun kabul edilenligini sorady. Mähelle diýilýäniň nähili institutlygyny düşündirip bermegimi haýyş etdi.

— Men size mähelläni düşündirerden ejiz, jenap — diýdim gönimden gelip. — Bagyşlaň, siz oňa, barybir, düşünmersiňiz... Munuň üçin sizde-de, mende-de aýyp ýok. Ähli gep durmuş ýörel- geleriniň gurluşynda. Göz öňüne getiriň. Sizde perzent kämillik ýaşyna ýetse, kakasy ogluna niýetlenen paýy — süýşürip goýan maýasyny berýär. Şol günden başlap ýigdekçe özbaşdak durmuşa gadam goýýar we öz gününi özi görmeli. Ogul bir aýdan soň burnuny çekip gelse, kakasy ony kowup goýberer... Bizde bolsa ata-ene çagany kämillik ýaşyna ýetirer. Öýlen- direr. Öý-işik eder. Bu-da ýetmeýän ýaly, agtyklarynam hopba edip ýörendir. Garaz, bala-çagam diýip ömrüniň ötenini bilmänem galar.

Sizde on alty ýaşly çaga kakasy bilen elli dollaryň üstünde dawalaşyp, kazyýete ýüz tutsa, üstün çykybam, kakasyny müň dollar jerime tölemäge mejbur etse, bu — demokratiýanyň dabaralanmagy hasap- lanýar. Bizde şunuň ýaly hadysa ýüz berse, beýle çaga «pedernälet» diýilýär we ömürlik lagnatlanylýar.

Sizde Los-Anjelesde ýaşaýan bir kaka ýogalsa, Waşingtondaky ogly ministrlikdäki işleriniň köplügi üçin, depin etmäge baryp bilmese, muny hiç kim ýazgarmaz. Bizde Surhan- derýanyň uzak obasynda ýaşaýan kaka dünýäden ötse, Daşkentdäki ogly ministrlikde işleriniň agdyklygy sebäpli, kakasyny soňky ýoluna öz egninde göterip ugratmasa, beýle ministrden hemme kişi ýüz öwrer.

Sizde, meselem, bir gyz ýat erkek bilen... näme diýsemkäm... gelşiksizräk ýagdaýda duran bolsa, ony goňşusy görüp, gyzyň kakasyna habar etse, şol kaka ony kazyýete bermegi mümkin: gyzyň şahsy durmuşyna goşulanlygy üçin. Bizde, birdenkä, şunuň ýaly halat ýüz beräýse, ýaňky goňşynyň gyza gaty käýemegi, elinden tutup, südenekledip kakasynyň ýanyna alyp barmagy boljak zat. Gyzyň kakasy oňa minnetdarlyk bildirer: gyzynyň ar-namysyny goranlygy üçin.

Sizde bir goňşy ikinjisinden: «Agşam öýüňize nähili myhman geldi?» diýip sorasa, beýleki goňşynyň öýkelemegi mümkin. Biriniň öýüne gelen myhman bilen başga kişiniň näme işi bar? Bizde biriniňkä myhman gelse, duldegşir goňşusy, elbetde, habar alar. Ýagdaýy boldugyndan myhmany özüniňkä-de çagyrar, öňüne saçak ýazar.

Sizde, aýdaly, on ýyl bile ýaşaşan maşgalanyň bikesi günlerde bir gün ärine: «Ezizim, men başga birini söýdüm, gel, ikimiz aýrylyşaly, çagalary islän wagtyň görüp durarsyň ýa-da «çagalar öýüne» tabşyrsak hem bolar» diýse, äri gahardan ýaňa el galdyrjak bolsa, aýal şol pursadyň özünde aklawçysyny çagyryp, ärini kazyýete berer. Birdenkä, erkek kişiniň göwni maşgalasyndan sowan bolsa, ony hem aýaly bilen ýaşamaga mejbur etmek mümkin däl. Bu—ynsanyň erk-isleginiň goralmagy hasap- lanýar. Bizde aýal maşgala gylyk-häsiýeti ýaramaz ärinden bizar bolsa, aklawçy çagyranok, kazyýete baranok, mähellä—oba ýaşulularyna arzyny aýdýar. Mähelle agzalary zenan hukugyny kemsitmezler, ýöne «Tussag etdirip goýber onuň ýaly nekgen- däni» hem diýmezler. Aýala biraz sabyr etmegi, iki sany çaganyň gözýaşyny dökmezligi maslahat bererler. Erkek kişini çagyrarlar-da, ýene aýalyny ynjytsa, bigünä çagalaryny «diri ýetim» etse, obadan sürgün edilip çykarylyp goýbermäge çenli çäre görüljekligini düşündi- rerler. Sizde muňa adam hukuklarynyň depelenmegi, zenana «feodallarça çemeleşiş» diýlip baha berilmegi mümkin. Bizde bolsa bu maşgalany saklap galmak, neresse çagalaryň bähbidini goramak diýip atlandyrylýar (Her niçik-de bolsa, otuz ýaşly erkek kişiniň ýa-da aýal maşgalanyň hukugyny goranyňdan ýedi ýa bäş ýaşly çaganyň hukugyny goranyň haýyrlyrak hasaplanýar).

Bilmedim, belki, sizdäki adatlar ýagşyrakdyr. Belki-de, bizdäki göwnejaýdyr. Beýik özbek alymy Birunynyň mundan müň ýyl owal döreden «Hindistan» kitabynda:


«Haýsydyr bir halkyň däp-dessurlaryna baha berlende, «bu maňa ýaraýar, ol göwnüme ýaranok» diýmäge hiç kimiň haky ýok, çünki her bir halkyň urp-adatlary ýyllaryň dowamynda kemala gelen we şol halkyň durmuş ýörelgesine öwrülen» diýip ýazmagy biçeme däldir. Sizde indiwidualizm — şahs bähbidi güýçli. Bizde kollektiwizm — jemgyýetçilik, özgeleriň bähbidi üçin öz bähbidiňden geçmäge ýaýdanmazlyk adaty gadymdan bar...Bilip durun, jenap, mähelläniň nämeligini, barybir, düşündirmegi başarmadym. Emma bar aýtjagym şu...



Ötgür Haşimow. «Depder sahypalarynyň gyralaryndaky ýazgylar» (Dostluk köprüsi)


Terjime eden Orazmyrat MYRADOW

24
302