tmyigit76
24.05.2024 21:00


Kuranda matematika ýa-da täsin 19-lyk



Geliň, sözi däl, eýsem, her bir harplary bilen ynsanary haýrana goýan, gudrat çeşmesi gaýnaýan Keramatly «Kurandaky» 19-lyk san bilen baglanyşykly käbir täsinliklere seredeliň. Ýöne, "Kuran" giden bir deňiz bolsa, onda bu täsinlikler (gudratlar) şol deňiziň içindäki ýekeje damjajygydyr.

"KURANY KERIMDE" 114 sany süre bardyr we bu süreleriň sany 19-yň 6 essesidir. (19x6=114).

9-njy süreden başga beýleki ähli süreleriň başynda "Bismillahirrahmanirrahim" gelýändir. (113 sany). Mundan başga-da 27-nji süreniň 30-njy aýaty hem "Bismillahirrahmanirrahim" bilen başlanýar. Diýmek, "Kurany-Kerimde" "Bismillahirrahmanirrahim" jemi 114=19x6 gezek gaýtalanýar.

"Bismillahirrahmanirrahim" - emele getirýän "Kuran" harplarynyň sany-da 19-a deňdir.

"Bismillahirrahmanirrahim" - sözünden "Kuran" harplaryny we seslerini belli bir yzygiderlikde okamak bilen "Ism", "Allah", "Er Rahman", "Er Rahym"- ýaly mukaddes sözleri düzüp bolýar. Ýagny, "Bismillahirrahmanirrahim" - sözi öz içinde "Ism", "Allah", "Er Rahman", "Er Rahym" ýaly mukaddes sözleri özünde jemleýär. "Ism"- sözi "Kuranda" 19x1 gezek, "Allah" sözi "Kuranda" 2698=19x142 gezek, "Er Rahman" - sözi Kuranda 57=19x3 gezek, "Er-Rahym"- sözi "Kuranda" 114 gezek gaýtalanýar. Munda başga-da (19x1+19x142+19x3+19x6) : 19=1+142+3+6=19x8. Bu hasaplamalardan hem ýene-de 19-lyk sanyň ýönekeý san däldigini görünýär.

Başynda "Bismillahirrahmanirrahim" bolmadyk ýeke-täk süräniň 9-njy süredigini, ýagny "Tewbe" süresidigini başda aýdypdyk. Hut bu süräniň özüni-de degişli etmek bilen jemi 19 süräni aýratyn tertipde sanasak, onda27-nji sürä, ýagny "Neml" süresine geleris. Diýmek, "Bismillahirrahmanirrahim" (mundan beýläk gysgaldylan görnüşde :"Besmele") 27-nji süräniň 30-njy aýatynda gutarýar. Ýagny, bu ýerden hem 27+30=57=19x3 kanunalaýyklygy görýäris.

Bütin ugurlary bilen mugjyze bolan "Kuran" her asyrda edil täze dünýä inen ýaly, iman eýelerine ýol görkezmekligi dowam edýär. Hakykatdan-da "Zaman garradygyça "Kuran" ýaşarýar". Münlerçe mysallardan heniz 5-sini gördük. Megerem, bu 5 mysala tötänlik diýip aýtmak dogry däldir. Dowam edýäris.

Ilki dünýä inen "Alak" süresi ne seredeliň. Bu süre yzdan 19-njy süredir. 19 aýaty bardyr. Ilki wahyýde (Alladan gelen owaz) bu süräniň ilkinji 5 aýaty döräpdir. Bu aýatdaky sözleriň sany 19-dyr. Şeýle hem bu süräniň bu aýat- larynyň harplaryny sanasak 76=19x4 deňligini görýäris.

Şol bir süräniň, ýagny "Alak" süresiniň harp- laryny ýeke-ýeke sanaşdyrsak, 285-i alarys. Şeýlelikde, ýene bir 19-lyk täsinligi bilen ýüzbe-ýüzsiňiz. Bu hem 19-yň 15 essesidir.

"Kurany Kerimiň" ilkinji dörän gijesinden söz açýan we ol gijäniň adyny göterýän "Gadyr" süresine seredeliň. Ajaýyp gözellik we hikmete bezelen 19 mugjyzesine ýene-de bir şaýat bolýarys.

"Gadyr" süresindäki harplary sananymyzda göni 114-e dendiğini, ýagny 19-yň 6 essesi- digini (114=19x6) görýäris. Bu 114-sana nätanyş dälsiňiz. Başga-da "Besmele" mukaddes sozüň we "Kurandaky" süreleriň hem 114 bilen baglanyşygyny görüpdik.

Gudrat içinde gudrat görmek we iç-içine bolup duran sistema has gowy düşünemek isleseňiz, ýene-de şol süreniň aýatlaryndaky harplary ýeke-ýekeden sanap bilersiňiz. (Ýagny her harp näçe gezek gaýtalanýar, her bir jübüt harp näçe gezek gaýtalanýar...) Bu sanlaryň 19- merkezli bir arifmetiki oýny emele getirýändigini we dürli kombinasiýalary bilen 19-yň 114-e çenli bolan bitin esselerini orta çykarýandygyny haýran galyp görýärsiňiz.

Bu süräniň ilkinji 5 aýatynyň harplarynyň sany hem 36+18+19+20+21=19*6 deňdir.

Hawa, diňe ýokarda gören mugjyzelerimiz hem "Kuranyň" Alla kelamydygyny subut etmäge ýetýär. Şeýle hem "Kuran" süreleriniň beýle täsinlikleri sebäpli oňa öýkünikip ýazylmagy hiç hili mümkin däldir. Ynha bu hakykaty beýan edýän 17-nji süräniň 88-nji aýatynyň manysy şeýle diýýär:

«Eger bütin ynsanlar we jynlar bir ýere toplansalar, hatda ýardam edişip, goldaşyp bir-birlerine arka çyksalar hem "Kuranyň" ýekeje meňzeşini-de emele getirip bilmezler" (Isra. 88-nji aýat)



Maglumatlar çeşmesinden gysgaldylyp alynýar.

Dowamy bar...
29
251
Kenno_Tabi
25 May 2024
tmyigit76
25 May 2024
@Kenno_Tabi, dogry. Hemmesi dogry gelenok. Ýöne köpüsinde arifmetik baglanşyk bar
Kenno_Tabi
24 May 2024
@tmyigit76, 19 sany baradaky sistema Kuranda doly dogry geljek bolsa Toba süresiniň iki süresini çykarmaly bolýarlar. Ilkinaşda köp alymlar 19lyk sistemany kabul etsede soň özleri iňkär etdiler
tmyigit76
24 May 2024
@Kenno_Tabi, bu Aryf Arslanyň "Täze açyşlar we Kurany Kerim hakynda bilmeýänlerimiz" kitabyndan. Bu maglumatlarda beýle ideýa duşmadym.
Kenno_Tabi
24 May 2024
@tmyigit76, 19 lyk barada Reşid Halifa diýen bir bidgatçy çykardy. Özüni pygamber diýip yglan etdi. Soňra buwagt oň yzyny Edip Ýüksel diýeni ýöredýär. Pygamber sünnetini iňkär edýär. Diňe Kurana uýmaly diýýär. Toba süresiniň soňky iki aýatyny iňkär edýär
tmyigit76
24 May 2024
@Kenno_Tabi, näme üçin. Ýalňyşmy, ýa bidgatmy?
Kenno_Tabi
24 May 2024
19-çylar tarykatynyň zäherli pikirler 🗿
asking
24 May 2024
👌🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.