Ybraýym bin Edhem
Dünýä we köňüller soltany, Kap dagynyň symrug guşy, ýekelik äleminiň düri, döwlet syrlarynyň hazynasy, iň uly yklymyň patyşasy, Allahyň ýardamy we keremi bilen ýetişen, jahan şyhy Ybraýym Edhem (Allatagala oňa rehim etsin ) öz döwrüniň iň bir dindar we sytdyh kişisidi. Oňa kän-kän işleriň içinde bolmak, dürli-dürli halkykatlara şaýatlyk etmek nesip edipdir. Hemme kişi ony güler ýüz bilen garşylaýardy. Köpsanly şyhlary görüpdi. Ymam Agzam Abu Hanifäniň (Allatagala oňa rehim etsin!) söhbetlerini diňläpdi. Jüneýit: "Şu nesliň ylymlarynyň açarlary Ybraýym Edhemiň elindedir diýipdir.
* * *
Ybraýym Edhem şeýle diýipdir:
-Ýol üstünde ýatan bir daşy gördüm. Onuň yüzüne «Daşy beýlesine öwür we aşagyna ýazylany oka!» diylip ýazylypdyr. Daşy beýlesine öwremde, «Eger bilýän zadyňa görä hereket etmeýän bolsaň bilmeýän zadyňy biljek bolmagyň sebäbi näme?» diýen ýazga gözüm düşdi.
Bu ýolda meniň üçin hiç bir zat kitapdan aýrylmakdan agyr düşmändi. Çünki «Oka!» diýip emir edilipdi.
Bu gün saňa haýsy amal agyr düşýän bolsa, ertir terezide agramy käni şol bolar.
* * *
Bir sopynyň öňünde döwlet gapysynyň açylmagy üçin onuň kalbyndan üç perde syrylyp aýrylmalydyr. Birinjiden, ebedi yhsanyň öwezine iki älemiň mülküni berjek diýseler, muňa begenmeli däl. Eger ol muňa begenäýse, onuň ýaradylan bir zadyň bardygyna begenýän we heniz açgözlükden saplanmadyk bir adam boldugydyr.
Ikinjiden. iki jahanyň mülki oňa degişli bolsa we şol zatlary onuň elinden alsalar, bar zadyndan dynandygy üçin gynanmaly däl. Çünki şunuň ýaly ýagdaýa düşeňde gynanmak gaharjaňlygyň alamatydyr. Gaharjaň
bolsa azap içindedir. Üçünjiden, özüňe bolmalysyndan ýokary baha berip, aldanmaly däl. Çünki özüne bolmalysyndan uly baha berip, aldanan kişiniň yhlasy az bolýar. Yhlasy az bolan kişi bolsa, Hak bilen arasyna perde çekýär. Bu ýoklda yhlasyň gaty uly bolmalydyr.
Ýa, Biribar! Meni günä etmek pesliginden uzaklaşdyryp tagat etmek mertebesine gowuşdyr!
Ýa, Biribar! Seni tanadym diýýän kişi hem Seni tanamandyr.
Seni tanadym diýmäge ýüzi yok kişiniň haly neneň bolarka?
Ýa, Biribar! Saňa ne boldy-da, zady terk etdiň.
* * *
─ Imansyz yklymyň hiç hili gymmaty ýokdur - diýip, Ybraýym Edhem kän gaýtalar eken.
* * *
Bir adam Ybraýym hezretlerinden:
- Ömrüňde bagtly pursatlar bolupmydy?- diýip sorapdyr.
Ol şeýle jogap beripdir:
Derwüşlige ýüz uralym bäri iki gezek ýüzüm güldi. Bir gezek men gaýygyň içinde otyrdym. Saçym hüwjerip durdy, eşiklerim hem sal-saldy. Duýman durkam bir degişgen adam ýanyma gelip, ýöne bir garagolsyramagyň hatyrasyna meni ýumruklap, üstümden gülmäge başlady. Şol pursat men özümi örän bagtly duýdum, çünki ol meniň
nebsimi kemsidipdi. Başga bir gezek ýadawlykdan baňa metjidiň içinde
uklap galypdyryn. Bir topar adamyň bolup ýatyşyma gaharlary gelip aýaklarymdan tutagada, meni basgançakdan aşaklygyna oklap goýberdiler. Togalanyp gaýdyşyma basgançaklaryň birine kellämi deşdirdim. Aýaklarym hem döwüldi. Emma her gezek basgançaklara gütläp
düşemde, özümiň ruhy taýdan barha kämilleşýänimi duýýardym. Tekiz ýere baryp düşemde, basgançaklaryň sanynyň azdygyna gynandym,
çünki has baý ruhy tejribä eýe bolmak isleýärdim.
Bu maglumatlaryň ählisi 2015-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezi tarapyndan çap edilen "Weliler hakda rowaýatlar" atly kitabyndan alyndy.
Ýerleşýän ýeri:
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýerleşýär. Rowaýatlara görä Ybraýym Edhem hezretleriniň zyýarathanasy Bötendagyň üstünde ýerleşýär. Rowaýatlara görä Bötendag bir gijede göçen dag diýip aýdylýar.
Häzirki wagta Ybraýym bin Edhem Daşoguz welaýatynyň iň bir gelim-gidimli zyýarat edilýän ýeridir. Halk arasynda aýdylşyna görä bu ýere ýedi gezek zyýarat etseň bir gezek Haj Parzyny berjaý etmek bilen deňmiş. Ähli musulman doganlarymyza bu mübärek ýere gelip zyýarat etmek miýesser etsin