stella_🖤
20.05.2024 00:18
Kim istemez mutlu olmayı, ama mutsuzluğa da var mısın?

❤️❤️❤️

Ben sadece sevmeyi biliyorum, unutmayı öğrenemedim.

❤️❤️❤️

Diğer yarım filan yok benim can, sen benim tamamımsın.

❤️❤️❤️

Sevdim. Çünkü bir tek ona sarılınca yuva gibi kokuyordu içim.

❤️❤️❤️

Gönül sevgiliyi bulmuşsa, kuru dal bile çiçek açar. Mevlana

❤️❤️❤️

Gözlerime bakarken gözlerinin içi gülüyordu, nasıl sevmezdim?

❤️❤️❤️

Yüreğini yasla bana sevgili, bir ömür birbirimize yük olalım.

❤️❤️❤️

Başka havalar getir bana içinde biraz bahar olsun biraz sen.

❤️❤️❤️

Aşk tüm dünya insanları içinde sana tanıdığım ayrıcalıktır.

❤️❤️❤️

Şakağıma bir silah dayasan, ellerinin güzelliğine ağlarım.

❤️❤️❤️

Kim istemez mutlu olmayı, ama mutsuzluğa da var mısın?

❤️❤️❤️

Ben sadece sevmeyi biliyorum, unutmayı öğrenemedim.

❤️❤️❤️

Diğer yarım filan yok benim can, sen benim tamamımsın.

❤️❤️❤️
29
61
stella_🖤
19.05.2024 21:22
Dünyäde gerekli hasaplanylýan 10 hünär.

Ladders-iň gözleginiň netijeleri CNBS tarapyndan çap edildi. Sanawynyň awtorlarynyň bellemegine görä, ýokary aýlyk almak üçin üç ýyldan köp tejribäň ýa-da alymlyk derejäň bolmagy hökman däl. "Häzirki wagtda kompýuter ylymlary fakultetiniň uçurymlary karýerasynyň başynda 100 müň dollardan geçirip aýlyk alýarlar."-diýip Ladders-iň esaslandyryjysy we karýera boýunça bilermen Mark senedella mälim etdi. Ladders 2023-nji ýylda iň köp boş iş orunly we aýlygy 100 müň dollardan ýokary 10 hünäri kesgitledi.

📍Programma üpjünliginiň inženeri (software engineer)
📍Uly inžener-programmist (Senior software engineer)
📍Project-menejer
📍Klinigi psiholog
📍Klinigi sosial işgär (Lincensed clinical social worker)
📍Diş lukmany
📍Programma üpjünliginiñ menejeri
📍Ilkinji lukmqnçylyk-sanitar kömek lukmany (Primary care physician)
📍Psihiatr.

şeýle-de bolsa 100 müň dollar aýlygy bu hünärleriň hemmesi kepillendirilmeýär. Mysal üçin häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen ştatlarynda jemgyýetçilik işgäri ortaça 61 776 dollar aýlyk alýar diýip, Indeed habar berýär. Muňa garamazda, Ladders-iň gözleginde laýyklykda, sanawda görkezilen hünärleriň köpüsiniň Başlangyç aýlygy 100müň dollardan başlanýar. Munuň özi köp sanly kompaniýalara hünärmenleriň ýetmeýändiginden, şol sebäpli olaryň hünärli işgärleri işe çekmek maksady bilen olaryň aýlyk haky galdyrylýandygyndan habar berýär.
29
61
stella_🖤
17.05.2024 21:00
Ine biziň klasymyz🤦🏻‍♀️

Begmyrat-Söýgüden ýanan❤️‍🔥
Enejan-inçe kesel🤧
Emir-sygyr🐄
Çynar-kiçi pil🐘
Muhammet-Ýöreýän holodinlik😋
Gülsebir-Özbek
Rahat-sünýän gurçuk🪱
Nurgözek-gara tomazak🕷
Guwançaly-sary pişik🐱
Guwanç-palçyk🕳
Sülgün-karateyskiy gyz🦹🏻‍♀️
Begenç-gara✔️
Resul-köp bilmiş🤓
Atajan-uzyn aýak🦵🏼
Alym-mal🦧🐑
Aýşat-kilçikgözel💃
Nazar-nazo😄
Serdar-mikmik🤪
Gaýgysyz-gakgak🐦‍⬛
Aýgül-Ç🤫🤭
38
539
stella_🖤
17.05.2024 18:14
Asla ruhdan düşmezler

Zehinsizlikden gorkmak, maksadyňdan dänmegiňe getirip biler. Şeýle günlerde biz täze zatlary ýerine ýetirmekde uçran şowsuzlygymyz zerarly maksadymyzdan dänýäris. Bir zady başaryp bilmesek, näme üçin çalt ruhdan düşýäris? Wagty yzyna gaýtaryp, entek çagajykkak ýöremegi öwrenen pursadymyzy hakydamyzda janlandyralyň! Bu kämilleşnegiň dowamynda näçe gezek ýykylyp sürüşdik?! Takmynan ýüzlerçe gezek. Eger şol wagt hem, maksadymyzdan dönen bolsak näme bolardy? Öwrenmek köp wagty talap edýär, zehinli adamlar maksadyna ýetmek üçin ýüze çykan päsgelçiliklere köp üns bermeýärler. Olar maksadynyň hasyl boljagyna ynanyp, soňuna jenli dowam edýärler.

Akylly adamlar bilen söhbetdeş bolarlar

Olar wagtlaryny zerur jedellere we zehinli adamlar bilen söhbetdeş bolmaga harçlaýarlar. Olaryň başarnyklarynyň özeninde söhbet gurap bilmek ukuplary ýatyr. Siziň pikriňizçe, has gowy gürleşip bilýän, sagdyn we berk gatnaşyklary döretmäge weriş bolan, söhbetdeşligiň esasynda gazanan kyn pursatlaryny peýdalanyp bilýän adam başarnyksyz we bagtsyz adam bolup bilermi? Dünýäniň özü uly aragatnaşyk tory we şol torda bize ylhamlandyryjy, peýdaly, manyly sowallary berýän adamlar gerek. Töweregimizde mugallymymyz, akylly dostumyz bolan wagty öwrenip bilijilik ukybymyz beýleki wagtdakylara seredende has beýikdir.

Täze pikirlere teşnedirler

Has gowy öwrenip bilmek üçin beýnimiziň diňlemäge we okamaga ätiýajy bardyr. Kiçijik çagajygyň dünýäni nähili açyşyna syn ediň. Her bir zada gyzyklanma bilen sereder, ähli bölekleri bir ýere getirmegi çalşar we ondan lezzet alar. Akylly adamlar bilesigeliji häsiýete eýe bolup, islendik wagt özüni kämilleşdirmäge itergi berjek täsin pikirleri öwrenmäge taýýarlydyrlar.
20
21
stella_🖤
16.05.2024 21:08
Ähli ynsanlar dünýä inende özlerine mahsus zehin-aýratynlyklary bilen dogulýar. Zehinlerini ýüze çykaryp bilenler beýlekilerden tapawutlanyp başlaýarlar. Akylly adamlar ýüze çykan ähli meselelere, kynçylyklara aňsatlyk bilen çözgüt tapýan adamlardyr. Olar çuňňur düşünjeleri we ýiti zehinleri bilen tanalýarlar. Olaryň tapawutly aýratynlyklary näme? Biz olardan näme öwrenip bileris?

Öwrenmäge hemişe taýýarladyrlar

Akylly adamlar döredijikleri bilen has köp tanalýar. Bilesigeliji bolandyklary üçin gürrüňe has içgin aralaşýarlar. Her bir işe çuň düşümäne çalyşyp, ondan bir many almak isleýärler. Olaryň beýleki adamlara garanyňda artykmaç taraplary özleriniň kemçilikleri köp diýip hasaplaýanlygydyr. Olarda enjamlaryň nähili işleýändigi, tapawutly medeniýetler azyk önümelriň düzümi, taryh hakyndaky we töweregindäki adamlar baradaky täze zatlary öwrenmek üçin her pursady peýdalanmak, hemişe gözlegde bolmak häsiýeti bar. Şeýle-de olar 24 sagadynyň 7 sagadyny täze maglumatlara eýe bolmak we başarnyklaryny ösdürmek üçin harçlaýarlar.

Gowy synçydyrlar

Olaryň garaýyşlary we düşünjeleri diýseň anykdyr. Akylly adamlaryň hemmesi birzada seredip nämäni göresi gelýän bolsa anyk görüp bilýärler. Şol ýerdäki ähli aýratynlyklary we ýetmezçiligi tiz duýýaralar. Düşünmek endiginiň ösendigini üçin bir-birine meňzeýän iki obýektdäki tapawutly taraplary-da çalt tapyp bilýärler. Eger ünsüni başga zatlara gönükdirmek bolsalar, bu adamlara, hiç bir zat babatda düşünmezlige duçar bolmazlar. Olarda netije çykarmak we çak etmek häsiýetleri ösen. Köp gürlemeginiň deregine olar öwrenmek üçin sowal bermäne meýillidirler.

Şowsuzlykdan gorkmazlar

Bir zady içgin öwrenmegiň ýoly ýöne synap görmek we göregçilik bilen aýdynlaşýar. Tomus Edison elektrik lampasyny ýakmak üçin 2000-e ýakyn dürli maddalarda tejribe geçirip görüpdir. Emma ol netije bermändir. Onuň şägirtleriniň biri 700 synanşygyň hem şowsuz geçendigini aýdanda Edison oňa " Ýok, bu başaryp bilmezlik däl! Biz gerek bolmadyk 700 zady öwrendik!" diýip jogap berýär. Diýmek ýalňyşlar adamlara güýç berýär.
34
101
stella_🖤
15.05.2024 22:16
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Bu gün ýürek yssy mähriňi küýsäp,
Mundan geçip oňa barasym gelýär.
Her gije aglamak bolup maňa däp,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Meni ýaradanlar üç sany welin,
Ikisini görmeklik mümkindir elin.
Mümkünlerem ýitdi çagakam heniz,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

\"Eý kaýda, mähir, muhabbet kaýda. Nirede ýumşak eller, hem nurly dide?\"
Ýadadym bulery özüme aýda.
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Jaý dikeltsem guran jaýym enesiz,
Gazanjymdan goýjak paýym enesiz,
Gelin alsam olam gaýyn enesiz,
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Asmanda guş görsem ejemdir öýtdüp,
Ylgap baryp ony kakama aýtdym.
Gaýtmasyz dünýeden gaty ir gaýtdyň.
Käbäm seni juda göresim gelýär.

Awtory: Kerim Hallyýew
24
107
stella_🖤
15.05.2024 18:11
Dälihanada iki sany däli gezip ýörkä, ýerden bir bölek ýüz görülýän aýna tapýalar.
Biri ony galdyrýar we geň galyp, aýna seredýär:
-Bäh özä tanyş ýüz.
Beýleki däli elinden aýnany alýar:
-Hany menem göreýin.....haý samsyk diýse bu menä how...
37
390
stella_🖤
14.05.2024 15:56
11 ýaşyndaky gyz profilinde " Söýgüden ýandym🥀" diýip ýazypdyr. Men 11 ýaşymdakam holodinligyň nädip sveti öçýäkä diýip kellämi sokjak bolýadym🤦‍♀️
34
344
stella_🖤
12.05.2024 16:23
Azatlyk heýkeli- Dünýäniň iň meşhur heýkellerinden biri bolan AZATLYK HEÝKELI birbada amerikalylaryň söýgüsini gazanyo bilmedi. Ol amerikanyň esasy nyşany. Garaşsyzlyk güniniň 100 ýyllygy mynasybetli Fransiýadan sowgat hökmüde getirildi.

Heýkel esasan haýyr-sahawat serişdeleriň hasabyna dikilipdir. Iki ýurduň hökümetleriň arasynda baglyşylan şertnama laýyklykda amerikalyrylar postamentiň gurluşygyny, fransuzlar bolsa heýkeli öndürmek, eltip bermek we oturtmak işlerini öz üstüne alypdyrlar. Haýyr-sahawat serişdelerini ýygnamak örän haýal bolupdyr. Fransuzlara heýkel üçin 40000 dollar, amerikalylalara 250000 dollar gerek bolupdyr.

Heýkeliň gurulmagyna esasy garşy çykanlaryň biri hem " Nýu-ýork taýms" gazeti bolupdyr. Ol bu taslamany tankytlaýan makalalary yzygiderli çap edýär. Olaryň birinde gazet hatda heýkeli " Bürünç aýal" diýip atlandyryp hiç bir hakyky watançynyň beýle gurluşa pul harçlamak islemejekdigini barada ýazypdyrlar.

Bu tankytlara garamazdan, 1885-nji ýylda 350 bölege bölünen heýkel "Izere" fregaty tarapyndan ABŞ-A gowşurulypdyr. Heýkeli ýygnamak üçin işler dört aý dowam edipdir we ahyrsoňy 1886-nji ýylyň 28-nji oktýabrda açylypdyr
32
49
stella_🖤
11.05.2024 23:30
DNK-nyň syrlary


1.Ýer ýüzündäki hemme adamlaryň DNK-sy 99% deň gelýär. Gözüň reňkinden başlap endiklere çenli adamzadyň ähli özboluşlyköpdürlüligi genetiki koduň diňe 1%-i bilen kesgitlenilýär.

2. Çaganyň we ene -atanyň DNK-sy deň gelýär.

3. Bu näderejede geň galdyrýan bolsa, hakykat. Adamlar bilen kelemiň DNK-sy 50% bananyňky 60% meňzeş hasaplanylýar.

4. Bedenimiz baradaky ähli maglumatlar öz içine alýan DNK diňe 4 "kerpiçden"- nukleotidlerden: adenin guan timin we sitosinden ybaratdyr. Ýönekeýlikden dörän täsin çylşyrymly gurluş!

5 DNK Fiziolog Frdirih Mişer tarapyndan 1896-nji ýylda açyldy. Şeýle-de bolsa bu molekulanyň syryny açmak we nesil yzarlaýyş hakda maglumatlaryň bardygyna düşünmek üçin takmyman 100 ýyl gerek boldy
29
224